«Garrylygyň dermany»: garramagyň sebäpleri we ony togtatmagyň usullary
Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň hiç birisi bedeniň garramagynyň öňüni alyp bilmez. Şol bir wagtyň özünde, adamlar elmydama uzak ýaşamak, aňyň durulygyny saklap, mümkin boldugyça uzak ýyllar hereketde gezmek, dowamly kesellerden ejir çekmezlik isleýärler. Alymlar garrylyk meselesini gadymy döwürlerden bäri öwrenip gelýärler, ýöne olar diňe XX asyrda garrylyga sebäp bolýan we oňa ýol açýan proseslere azda-kände düşünip başladylar.
Garrylyk — bu patologiki proses. Köp alymlar tebigy taýdan diri bolmak mehanizmleriniň 100-120 ýyl ömür üçin döredilendigini tassyklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu dowamlylyk düzgün däl-de, kadadan çykma bolup durýar. Garrylyk, takmynan 60 ýaşdan başlaýar we diňe müňlerçe adamdan diňe birisi 100 ýaşa çenli ýaşaýar. Şeýlelik bilen, netijede biz tebigy taýdan garramaly wagtymyzdan öň garraýarys.
Beýik rus fiziology Ilýa Meçnikow garramagyň bedeniň bakteriýa galyndylary bilen zäherlenmeginiň netijesidigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Çaklamalaryna esaslanyp, italýan alymy Klaudio Françesçi garramagyň «çişme teoriýasyny» öňe sürdi. Ol garrylygyň biologiki galyndylar (bakteriýa galyndylary, öýjükleriň ölmegi), stres, keseller we madda çalşygynyň bozulmagy sebäpli ýüze çykýandygyny tassyklaýar. Bularyň hemmesi jemleýji täsire eýe bolup, dowamly çişme prosesine we ýaş bilen baglanyşykly kesellere — ýürek-damar, süýji keseli, demensiýa, Parkinson keseli we ş.m getirýär.
Ýaşyň gitdigiçe öýjükleriň bölmek ukyby barha azalýar. Anatomiýa professory Leonard Haýflik adam öýjükleriniň, takmynan 50 gezek bölünip, soň bolsa bu ukybyny ýitirip bilýändigini mälim etdi. Öýjük bölünişiniň «Limidi» telomerler — hromosomlaryň uçlarynda ýerleşýän we beýleki hromosomlar bilen zeperlenmekden hem-de ýelmenmeden goraýan bölegi bilen kesgitlenýär. Ýuwaş-ýuwaşdan telomerler gysgalýar we belli bir mukdarda öýjük bölünişiginden soň bütinleý ýok bolýar, öýjük bolsa öz-özüni ýok etmek mehanizmini işe girizýär. Alymlar telomerleriň gysgalmagyna nämäniň sebäp bolýandygy barada entek belli bir pikire gelmeýärler, ýagny, munda faktorlaryň tutuş toplumy — stres, başdan geçirilen keseller, ekologiýa, agram bilen bagly problemalar bar.
Adam ömrüniň dowamlylygy ýokarlanýar, şonuň bilen birlikde hem adamzat garraýar. Soňky onýyllyklaryň dowamynda ösen we ösýän ýurtlarda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy görnetin ýokarlandy. Munuň sebäbi XX asyryň dowamynda lukmançylyk ylmynyň derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagy, iýmitlenişiň gowulaşmagy we lukmanlaryň öňüni alyş işleridir. Şol bir wagtyň özünde adam bedeniniň ýaşlyk döwri üýtgewsizliginde galýar. Şonuň üçin häzirki zaman lukmançylygynyň ähli üstünlikleri bilen ömri ep-esli uzaltmak mümkin däl-de, diňe öndürijilikli garrylygy uzaltmak mümkin boldy.
Ozallar ýaş bilen baglanyşykly hasaplanan köp sanly keseller örän «ýaşardy». Onkologiýa, ýürek agyry we insult, Parkinson keseli, Alsgeýmer keseli ýaşlarda has köp hasaba alnyp başlandy. Köpler muny gurşawyň ýaramazlaşmagyndan, iýmitlenmegiň ýokumsyzlygyndan we az hereket etmekden görýärler. Şeýle-de bolsa, käbir alymlar gadymy döwürlerde adamlaryň köpüsiniň garrylykda däl-de, has ir ýaşda ýüze çykan hem bolsa, bu patologiýalary ösdürip biljek ýyllaryna çenli ýaşamandyklary baradaky pikiri öňe sürýärler. Ýönekeý ýokanç kesellerden, hatda adaty appendisitden hem 100-200 ýyl mundan ozal aradan çykan adamlaryň san derejesi biziň döwrümizden has ýokary eken.
Garramagyň 25 göterimi genetik faktora baglydyr. Galany — durmuş ýörelgesi, öňüni alyş, fiziki işjeňlik, ýaramaz endikleriň ýoklugy, daşky gurşaw şertleri we lukmançylygyň derejesi bilen baglanyşykly. Hiç kim garrylykdan gaçyp gutulyp bilmez, emma welin ony uzaltmak we mümkin boldugyça öndürijilikli etmek bolsa adamyň başaryp biljek işi.
Ýaşarmaga täsir edýän önümler bar. Dogry, olar ertekilerdäki ýaşlygyňa dolaýan alma ýaly täsir edip bilmeýär, ýöne öňüni alyş çäresi hökmünde kömek edip biler. Bu önümlere gara şokolad, gök çaý, kofe, çernika, gara smorodina, alma, brokkoli, gyzyl we gara üzüm, pomidor, sogan, ysmanak we deňiz önümleri girýär.
Tebigy geroprotektorlar, ýagny garramagy haýalladýan maddalara terpenler degişli. Bu birleşmeleri ýaprakly agaçlar howa goýberýärler,şonuň üçin sosna ýa-da arça tokaýynda gezim etmek örän peýdalydyr.
Öz-özüňi ýaşartmak funksiýasy tebigata mahsusdyr. Onuň esasynda autofagiýa ýa-da beden öýjükleriniň dürli biologiki galyndylary — zeperlenen öýjükli bölejikleri, toksinleri we ş.m. «iýmek» ukyby ýatýar. Autofagiýa prosesi bedene ýokançlyklara, streslere garşy göreşmäge we ýaşarmaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, öýjükleriň özleri bu prosesi haçan açmalydygyny kesgitleýärler, ýöne käbir öýjüklerde bu ukyp ilki bilen ýapylýar, şonuň üçin hemme organlar öz-özüni ýaşartmaga ukyply däldir.
Ownuk pozitiw stresleriň kömegi bilen autofagiýa proseslerini höweslendirip bilersiňiz — orta fiziki işjeňlik, azajyk kaloriýa ýetmezçiligi (berk berhiz we agyz beklemek).
Işjeň akyl işi diňe bir Alsgeýmer keseliniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek etmän, işjeň garramaga hem täsir edýär. Eger garrylykda täze bir zat öwrenmek, bir zady özleşdirmek üçin mümkinçiligiň ýa-da islegiň bar bolsa, bu başarnyklaryňa biparh çemeleşmeli däldir. Beýni näçe işjeň bolsa, şonça-da öýjüklere az derejede zeper ýetýär.
Garrylygyň we oňa garşy göreşmegiň usullary barada köp mifler we ýalňyş pikirler hem bar. Gerontolog-alymlar bedeniň tiz garramagyna getirýän köp sanly sebäpleri tapdylar, ýöne olaryň pikiriçe, barybir «garrylygyň dermanyny» tapmak üçin entek örän uzak wagt gerek.