Lilia_
01.09.2023 18:22
Kimdir biriniň içki pikirini bilmäge synanyşmS, sebäbi ony bilen ýagdaýyňda gaýgy-gama batyp, ruhdan düşmegiň ahmal.
54
53
Lilia_
01.09.2023 14:24
Bedeni kuwwatly adam güýçli däl-de, akylly, ylymly adam güýçlüdir.
58
51
Lilia_
01.09.2023 10:33
Hiç bir zat bölekleýin subut edilýän däldir. Sebäbi kiçijik bölejikler hem bitewilige eltýändir.

Akylly adam diňe özüniň akylynyň bardygyna we akyla nädip ýetendigine doly göz ýetirende, akyldan ýokarda nämeleriň bardygyna göz ýetirer.

Wagty sarpaly tutup, ýerine ýetirmeli işiňe gereginden artyk wagt sarp etme! Her zady öz wagtynda ýerine ýetirmek dogruçyllygyň alamatydyr.

Ýaşlygynda dana pikirlere we akyla hyzmat eden adam garran çagynda eden işleriniň hözirini görer.
52
53
Lilia_
01.09.2023 00:03
Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply işdir.

Biz söýýän zadymyzy ölüp barýarkak hem söýýäris.

Hakykat ýeňer, ýöne oňa aýgytly kömek etmek gerek.

Sorag soramagam bir sungatdyr.

Ynsan özüne nätanyş bolan zada mydama ätiýaçly garaýar.

Gorksaň, jany ýanandan gork.
61
52
Lilia_
31.08.2023 18:14
Adamyň ýaşlygynda, eger onuň yzyna düşüp gitse, meşhurlyga eltjek pikirler döreýär.
K. GELWESIÝ.

* * *
Ýüzüň ýygyrdy ýaşlykda ýylgyryş bolan ýerleri görkezmelidir.
M.TWEN.

* * *
Ýaşlyk ― bu arzuw, ynam. Bu ― gahrymançylyga ymtylyş. Bu ― lirika, romantika. Bu ― geljege bolan uly maksatlar. Bu ― hemme ösüşleriň başlangyjy.
N.HIKMET.

* * *
Ýaşlar bir zady tankyt etmän, täze bir zady döretmäge, maslahat bermän, amala aşyrmaga, işiň diňe bir tarapyndan däl-de, dürli tarapyndan barmaga ymtylýarlar.
F.BEKON.
72
123
Lilia_
31.08.2023 04:06
Ýaşlyk ― ynsanyň geljek üçin topraga tohum sepýän bahar pasly.
Ý.B.KNÝAZIN.

* * *
Ýaşlyk edermenlik döwrüdir.
A .S.PUŞKIN.

* * *
Öz ýaşlygyňy aýa! Dünýäde şondan gowy, şondan gymmatly zat ýokdur. Ýaşlyk altyna çalymdaşdyr, näme isleseň, şoňa-da sowarsyň!
M.GORKIÝ.

* * *
Adamyň ýaşlygynda, eger onuň yzyna düşüp gitse, meşhurlyga eltjek pikirler döreýär.
K. GELWESIÝ.
65
52
Lilia_
31.08.2023 00:04
Adamlardan saýlanaýyn diýsen duz-çörekli bolgun.

Kütek adam bilen dostlaşmagyn,kütek adam dostlygada ýaraýan däldir duşmanlyga-da.

Hernäçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir.

Ownuk uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin.

Barypýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur.

Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan soňam ol tassyklanman ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur.

Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn.

Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysygrak saklagyn.

Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrma.
66
58
Lilia_
30.08.2023 18:13
Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň girdişine geňirgenmäň.

Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini, muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün.

Köp zyýan ýeten adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin.

Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar.

Aldanasyň gelmese edilmedik işi etdim hasap etmegin.

Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň,nebsiň ýesiri bolmagyn.

Aklyň kesgir bolsun diýseň öz-özüňi iliň gözi bilen garagyn.

Nowşirwan Adylyň nesihatlaryndan
65
46
Lilia_
30.08.2023 14:41
Geçmişiňde söýen adamyňdan başga hiç kim seniň üçin beýle derejede ýat bolup bilmez.

Bir adam beýleki adama yssy mähirden başga näme berip biler?! Asyl-ha, mundan uly näme bolup biler?!

Sen, esasy, hiç kimi ýakynyňa goýberme.

Ýakynyňa goýberseň, saklamak islärsiň. A hiç zady saklap bolýan däldir…

Söýgi düşündirişi halamaýar. Oňa edilen amal gerek.

Zenan söýgüden paýhaslanýar, erkek akylyny ýitirýär.

Erih Mariýa Remarkyň aforizmleri
72
52
Lilia_
30.08.2023 09:15
ENE — MÄHRIŇ SAKASY


Ene diýmek ähli barlyk, baýlyk diýmek, ol dünýäniň düýni, şu güni we ertiri diýmekdir. Perzent bolsa şol daragtyň dowamat-dowamy, ynsanyň ýüreginiň ýagy.

Ýylylyk, mähir, sahawat, çyn hossar — bularyň hemmesi seniň mähriban eneňde jemlenendir. Şonuň üçin hemişe «hossarym» diýilýändir. Şonuň aňyrsynda iki kyblaň — ataň bilen eneň ýatandyr. Eneli adamlar öz ojagynda hiç wagt ýetim bolýan däldir.



«Eneň gezip ýörkä ýeriň ýüzünde,

Ýaza barabardyr gyşyň howasy.



Şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgy setirleri hem bu pikirimizi tekrarlaýar.

Ejeli adam hemişe bagtlydyr. Haçan-da joralarymyň ejesi bilen gürleşip duran pursadyny görenimde, içimden öz joramyň bagtyna guwanyp, şol pursat: “Wah meniň hem ejem ýanymda bolsady» diýenimi duýman galýaryn.



Ýadymda çagakam saçlarym darap,

Aýagyma örüp, güllüje jorap,

Ýagyşda-ýagmyrda ezizläp gorap,

Hiç üşemen ejem bolsa ýanymda



— diýen goşgym hemişe meniň ýüregime teselli bolýar.

Dogry, haçan-da ataň öýüňe myhmançylyga baraýsaň, öýde ejeň ýok bolsa, hökman «hany ejem!» diýip ýüzleneniňi duýman galýaň. Enäniň niçiksi gymmatyny şundan hem biläýmeli.

Eýsem-de perzent diýmek nämekä? Perzent seniň nesil daragtyň, nesil dowamatyň, geljegiň. Perzent edep, mähir wepadarlyk hem-de borç. «Eje» diýip, dil çykarýaň, onsoň ömrüň iň soňky pillesinde-de, adam jan berende, ýene-de pyşyrdap, «eje» diýip — jan berýär.

Eje diýen beýik söze men hemişe tagzym edýärin. Eger-de meniň ejem bolan bolsady, onda men ejemiň ýanyna arzymy aýtmaga däl-de, onuň aýtjak sözlerini diňlemäge, onuň owadan ýüregine başym goýmaga, halyn soraşyp, derdini ýeňledip hemaýat bermäge barardym. Ejemjanyň gül keşbi meni ýaşadýar hem ýaş edýär.

Ene diýlen bakylyga öwrülen bergilerimizi unutmalyň. Bir akyldaryň jaýdar belleýşi ýaly, türkmenlerde hasaby algyly däl-de bergili adamyň özi ýöredýär. Eneler bizden hemişe algyly, şol sebäpli giňdir hem geçirimlidir. Biz welin, hasaplalyň özem başardygymyzdan üzlüşjek bolalyň! Ene ýüregi her neneňsi kynçylyklarda-da balasyna dözmez. Rowaýatlarda-da enäniň balasynyň ugrunda janserekligini okansyňyz. Enäniň ýerini hiç bir mähir, hiç bir söýgi, hiç bir güýç dolduryp bilmez. Şonuň üçin eneleriňizi aýaň! Ene dünýäde ýeke-täkdir, şahyr öz käbesine ýazan setirlerini şu pursat size-de okadasy gelýär.



Ejemjan, ejem jan göresim gelýär,

Yssy gujagyňda bolasym gelýär,

Uklaman sözleşip, atyrsam daňy,

Akaba mähriňden ganasym gelýär.



Aýamda saklasam, söýsem-de azdyr,

Boýnumda göterip, gezsem-de azdyr,

Çäksiz mähirlerim bersem-de azdyr,

Başlarymyň täji sensiň, ejem jan!

Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA.
68
39