Lilia_
30.08.2023 09:15
ENE — MÄHRIŇ SAKASY


Ene diýmek ähli barlyk, baýlyk diýmek, ol dünýäniň düýni, şu güni we ertiri diýmekdir. Perzent bolsa şol daragtyň dowamat-dowamy, ynsanyň ýüreginiň ýagy.

Ýylylyk, mähir, sahawat, çyn hossar — bularyň hemmesi seniň mähriban eneňde jemlenendir. Şonuň üçin hemişe «hossarym» diýilýändir. Şonuň aňyrsynda iki kyblaň — ataň bilen eneň ýatandyr. Eneli adamlar öz ojagynda hiç wagt ýetim bolýan däldir.



«Eneň gezip ýörkä ýeriň ýüzünde,

Ýaza barabardyr gyşyň howasy.



Şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgy setirleri hem bu pikirimizi tekrarlaýar.

Ejeli adam hemişe bagtlydyr. Haçan-da joralarymyň ejesi bilen gürleşip duran pursadyny görenimde, içimden öz joramyň bagtyna guwanyp, şol pursat: “Wah meniň hem ejem ýanymda bolsady» diýenimi duýman galýaryn.



Ýadymda çagakam saçlarym darap,

Aýagyma örüp, güllüje jorap,

Ýagyşda-ýagmyrda ezizläp gorap,

Hiç üşemen ejem bolsa ýanymda



— diýen goşgym hemişe meniň ýüregime teselli bolýar.

Dogry, haçan-da ataň öýüňe myhmançylyga baraýsaň, öýde ejeň ýok bolsa, hökman «hany ejem!» diýip ýüzleneniňi duýman galýaň. Enäniň niçiksi gymmatyny şundan hem biläýmeli.

Eýsem-de perzent diýmek nämekä? Perzent seniň nesil daragtyň, nesil dowamatyň, geljegiň. Perzent edep, mähir wepadarlyk hem-de borç. «Eje» diýip, dil çykarýaň, onsoň ömrüň iň soňky pillesinde-de, adam jan berende, ýene-de pyşyrdap, «eje» diýip — jan berýär.

Eje diýen beýik söze men hemişe tagzym edýärin. Eger-de meniň ejem bolan bolsady, onda men ejemiň ýanyna arzymy aýtmaga däl-de, onuň aýtjak sözlerini diňlemäge, onuň owadan ýüregine başym goýmaga, halyn soraşyp, derdini ýeňledip hemaýat bermäge barardym. Ejemjanyň gül keşbi meni ýaşadýar hem ýaş edýär.

Ene diýlen bakylyga öwrülen bergilerimizi unutmalyň. Bir akyldaryň jaýdar belleýşi ýaly, türkmenlerde hasaby algyly däl-de bergili adamyň özi ýöredýär. Eneler bizden hemişe algyly, şol sebäpli giňdir hem geçirimlidir. Biz welin, hasaplalyň özem başardygymyzdan üzlüşjek bolalyň! Ene ýüregi her neneňsi kynçylyklarda-da balasyna dözmez. Rowaýatlarda-da enäniň balasynyň ugrunda janserekligini okansyňyz. Enäniň ýerini hiç bir mähir, hiç bir söýgi, hiç bir güýç dolduryp bilmez. Şonuň üçin eneleriňizi aýaň! Ene dünýäde ýeke-täkdir, şahyr öz käbesine ýazan setirlerini şu pursat size-de okadasy gelýär.



Ejemjan, ejem jan göresim gelýär,

Yssy gujagyňda bolasym gelýär,

Uklaman sözleşip, atyrsam daňy,

Akaba mähriňden ganasym gelýär.



Aýamda saklasam, söýsem-de azdyr,

Boýnumda göterip, gezsem-de azdyr,

Çäksiz mähirlerim bersem-de azdyr,

Başlarymyň täji sensiň, ejem jan!

Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA.
68
39
psr05
30 Awgust 2023
❤❤❤🙋‍♂️
Lilia_
30 Awgust 2023
@jady, Ämin Allajan
jady
30 Awgust 2023
Bu dunyade gudrat bar bolsa, sol gudrat ENEDIR.Allajan enelerimiziñ ejelerimiziñ jany sag bolsun.💕.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.