Lilia_
31.08.2023 00:04
Adamlardan saýlanaýyn diýsen duz-çörekli bolgun.

Kütek adam bilen dostlaşmagyn,kütek adam dostlygada ýaraýan däldir duşmanlyga-da.

Hernäçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir.

Ownuk uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin.

Barypýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur.

Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan soňam ol tassyklanman ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur.

Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn.

Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysygrak saklagyn.

Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrma.
66
58
Lilia_
31 Awgust 2023
@geldiyevna, Minnetdar sizede nesip etsin🥰🌹
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.