Lilia_
08.09.2023 19:03

Mugallym şol günki sapakda okuwçylardan “Häzirki döwürde dünýäde ýedi täsinligiň näme bolup biljekdigi” barada pikirlerini ýazmagy tabşyrypdy. Kagyz we galamlar çykaryldy, pikirler ýuwaş- ýuwaşdan kagyzda öz beýanyny tapmaga başlady, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy:


1.Beýik Hytaý diwary; 2.Täçmahal; 3.Rimdäki Kolizeý; 4.Perudaky Maçu-Pikçu; 5.Iordaniýanyň Petra şäheri; 6. Isa Mesihiň heýkeli; 7.Meksikadaky Çiçen-Isa;


Emma mugallym okuwçylaryň kagyzlaryny ýygnaýarka, yzky setirde oturan gyzjagazyň heniz hem kagyzyny bermändigini gördi. Ýanyna baryp mähirli ýagdaýda: “Ýumuş bilen baglanşykly kynçylyk ýüz çykdymy?” diýip sorady. Gyzjagaz: “Hawa. Şeýle ajaýyp we täsin zat kän welin, arasynda haýsylaryny saýlajagymy bilemok” diýip jogap berdi. Mugallym gyzjagaza seredip: “Hany, aýt bakaly, seniň sanawyňda nämeler bar, belki biz hem saňa kömek ederis” diýip goldaw berdi. Gyzjagaz synpda ümsümlik aralaşandan soňra okamaga başlady: “Meniň pikirimçe, dünýäniň ýedi täsinligi şular: 1.Görmek; 2.Eşitmek; 3.Ellemek; 4.Duýmak; 5.Datmak; 6.Ýylgyrmak; we 7.Söýmek…”


Synpda dym-dyrslyk höküm sürdi. Gyzjagaz örän möhüm durmuş sapagyny beripdi: Şertli garaýyşlarymyz sebäpli, ýönekeý, adaty hasaplaýan we şonuň üçin-de gözden salýan zatlarymyz hakykatda hiç bir zat bilen deňäp bolmajak derejede täsindir.




Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA,

50
67
Lilia_
08.09.2023 11:43
Oňa «Ýorganyňa görä aýak uzatgyn» diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.

***
Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.

***
Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň «ýüz ýyldan» soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl…

***
Durmuşyny, gör, näçinji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi…
50
81
Lilia_
08.09.2023 08:16

● Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.


● Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.


● Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.

46
50
Lilia_
07.09.2023 21:25
GÖRIPLIK ETMÄŇ!

Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. «Göribe rahatlyk ýokdur» diýilmeýärmi näme?! Ol guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.

Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: göriplik etmäliň! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen, öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.

Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän keselleridir.

Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsa-da, özüňe berlen nygmatlardan ýüz öwürseň, ukyp-zehiniňi peýdalanyp bilmeseň, ýagşy häsiýetleriň soňuna çyksaň, mertebäňden taýyp düşseň, abraýdan aýrylsaň... Göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.

Hergiz göriplik etme, rysgyňy, ömrüňi köýdürersiň! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşme, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňy üýtgedip bilmez.



Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
48
111
Lilia_
07.09.2023 15:57

● Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.


● Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.


● Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.

50
69
Lilia_
07.09.2023 12:54
1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?

2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.

3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.
50
70
Lilia_
07.09.2023 09:30
Bir ýylyň gadyryny bilmek üçin synpyndan galan okuwçydan soraň!

*****
Bir aýyň gadyryny bilmek üçin 8 aýlyk çaga dogran eneden soraň!

*****

Bir hepdäniň gadyryny bilmek üçin hepdelik gazet çykarýandan soraň!

*****

Bir sagadyň gadyryny bilmek üçin duşuşyga garaşýan ýaşlardan soraň!

*****

Bir minudyň gadyryny bilmek üçin otla ýetişmedik ýolagçydan soraň!

*****

Bir sekundyň gadyryny bilmek üçin awtomobil heläkçiliginden gutulan sürüjiden soraň!

*****

Bir millisekundyň gadyryny bilmek üçin olimpiýada-da kümüş medal alan ylgaýjydan soraň!

*****

Her wagty ulan, her minudy aýratyn adam bilen paýlaş, wagtyňy dogry, dürs geçir! Unutma! Wagt hiç kim üçin durmaz. Geçen wagt taryh, geljek bolsa bilinmeýän syrdyr! Diňe şu wagtyň özi saňa berlen sowgatdyr.
44
39
Lilia_
07.09.2023 00:18
YHLASA – MYRAT

“Ýeke kişiniň işi deňizdäki bir damja suw ýalydyr” diýilýär. Arassa yhlas barada şeýleräjik bir tymsal bar. Bir adam deňze göwher daşyny gaçyrypdyr. Ýitigini tapmak üçin eline gap alypdyr-da, ol deňiz suwuny kenardan aňyrlygyna döküp başlapdyr. Deňzi boşadyp, gymmat bahaly daşyny tapjakdygyna, öz yhlasynyň wysala ýetjekdigine onuň synmaz ynamy bar ekeni. Ol irmän-arman ýedi gün işläpdir. Bu adamyň yhlasyny, garadan gaýtmaz hyjuwyny gören Deňziň ruhy göwher daşy jümmüşinden çykaryp, dessine gaýtaryp beripdir. Öz niýetiňden el çekmän, işe pugta ýapyşan ynsanyň elmydama yhlasy myrada ýetýär.
43
45
Lilia_
06.09.2023 21:31
NYRH KADASY

Gadym eýýamlarda bir patyşa awa-şikara çykypdyr, aw awlapdyr, guş guşlapdyr. Ýörüp-ýörüp ahyr giň ýaýlada düşlemeli bolupdyr. Goş-golamlaryny ýazdyryp, ýaňy ornaşypdyrlaram welin, serenjamçylaryň biri onuň gaşyna gelip, gol gowşuryp durupdyr. «Şahy-älem, bir katra ganymyzy geçiň, saý-sebäp bilen duz torbamyz boşapdyr» diýip, ol boýun sunup, uzur geçip, aýdypdyr.

Patyşa oňa iň ýyndam atlaryň birini bermegi, haýdan-haý golaý-goltumdaky obadan duz getirmäge ýollanmagy buýrupdyr. At eýerlenip, serenjamçy ýola häzirlenipdirem welin, ony patyşa saklapdyr: «Herki zadyň nyrhynyň bolşy ýaly, duzuňam öz bahasy bardyr – diýip, ol ata atlanan ýigide tabşyrypdyr. – Duzy bahasyndan gymmat alaýmagyn”. Ýigit geň galypdyr: «Patyşahym, baýlygyňyz ýedi yklyma syganok welin, duza az-kem gymmadyrak tölänimde-de bolman durmaz-a».

Patyşa segreýän atyň üstündäki ýigide gaharly garapdyr. “Dünýede adalatsyzlyga sähel zat sebäp bolýandyr – diýip, ol delilli dillenipdir. – Adalatsyzlygyň peltesine bu gün bir damja damsa, ertesi ikisi damýandyr. Ine, şuny bek bellegin”.
39
61
Lilia_
06.09.2023 18:30
Näme etseň, çyndan etgin, taslama,

Uzaga gitmeýär ýalan toslama.

***

Eger-de ýagşylyk isleseň ile,

Küýüňde-köýüňde bolmasyn hile.

***

Bagtyňy zähmetden, derden gözlegin.

Näme ýitirseňem ýerden gözlegin.

***

Eneňe-ataňa bermeseň wepa,

Görjegiň görgi bor, çekjegiň jepa.
47
53