Lilia_
06.09.2023 21:31
NYRH KADASY

Gadym eýýamlarda bir patyşa awa-şikara çykypdyr, aw awlapdyr, guş guşlapdyr. Ýörüp-ýörüp ahyr giň ýaýlada düşlemeli bolupdyr. Goş-golamlaryny ýazdyryp, ýaňy ornaşypdyrlaram welin, serenjamçylaryň biri onuň gaşyna gelip, gol gowşuryp durupdyr. «Şahy-älem, bir katra ganymyzy geçiň, saý-sebäp bilen duz torbamyz boşapdyr» diýip, ol boýun sunup, uzur geçip, aýdypdyr.

Patyşa oňa iň ýyndam atlaryň birini bermegi, haýdan-haý golaý-goltumdaky obadan duz getirmäge ýollanmagy buýrupdyr. At eýerlenip, serenjamçy ýola häzirlenipdirem welin, ony patyşa saklapdyr: «Herki zadyň nyrhynyň bolşy ýaly, duzuňam öz bahasy bardyr – diýip, ol ata atlanan ýigide tabşyrypdyr. – Duzy bahasyndan gymmat alaýmagyn”. Ýigit geň galypdyr: «Patyşahym, baýlygyňyz ýedi yklyma syganok welin, duza az-kem gymmadyrak tölänimde-de bolman durmaz-a».

Patyşa segreýän atyň üstündäki ýigide gaharly garapdyr. “Dünýede adalatsyzlyga sähel zat sebäp bolýandyr – diýip, ol delilli dillenipdir. – Adalatsyzlygyň peltesine bu gün bir damja damsa, ertesi ikisi damýandyr. Ine, şuny bek bellegin”.
39
61
0331
6 Sentýabr 2023
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.