Lilia_
07.09.2023 21:25
GÖRIPLIK ETMÄŇ!

Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. «Göribe rahatlyk ýokdur» diýilmeýärmi näme?! Ol guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.

Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: göriplik etmäliň! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen, öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.

Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän keselleridir.

Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsa-da, özüňe berlen nygmatlardan ýüz öwürseň, ukyp-zehiniňi peýdalanyp bilmeseň, ýagşy häsiýetleriň soňuna çyksaň, mertebäňden taýyp düşseň, abraýdan aýrylsaň... Göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.

Hergiz göriplik etme, rysgyňy, ömrüňi köýdürersiň! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşme, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňy üýtgedip bilmez.



Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
48
111
myrataly_
7 Sentýabr 2023
@arzuv_shayymova, Zyŷany yokla
Lilia_
7 Sentýabr 2023
@myrataly_, näme zyyany ba goyulsa goyulupdyrda
Lilia_
7 Sentýabr 2023
@medik_, okamandyryn.
reli
7 Sentýabr 2023
myrataly_
7 Sentýabr 2023
Gosha goshadan gelyarow postlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.