Lilia_
02.10.2023 23:49
Ony söz bilen suratlandyryp bolmaýar — diňe duýup bolýar. Söýgi wagt, logika we beýleki islendik kanunlara tabyn däldir. Söýgi baradaky psihologiki faktlary dykgatyňyza ýetirýäris:

Adamlaryň köpüsiniň aşyklygy göz bilen baglanyşyklydyr. Bu ilkinji 30 sekundyň içinde bolup geçýär. Hereketde ilkinji göreniňde — söýgi!
Adam ýuwaş-ýuwaşdan köp wagtyny bile geçirýän birine, mysal üçin, synpdaşyna ýa-da kärdeşine aşyk bolýar.
Ýakyn adamyň elinden tutmak akyl we beden agyrysyny azaldar.
Erkinlik bermek — söýgi gapma-garşylygy.
Käwagt söýgi hem endige öwrülip biler.
Geplemsek zenanlar we dymýan erkekler iň gowy jübütleri ýasamaga ýykgyn edýärler.
Erkekler zenanlardan has çalt aşyk bolýarlar.
Adam söýýän birini görse, ýürek urgusy islegsiz çaltlaşýar.
Eger gujaklamagy gowy görýän bolsaňyz, biliň, gujaklamak käbir agyrylary tebigy ýagdaýda aýyrýar.
Söýýän adamyň suraty hem agyryny aýyryp biler.
Söýýän adamlaryňyza ýönekeýje minnetdarlyk bildirmek, derrew bagtyň döremegine sebäp bolýar.
Geçirilen barlaglara görä, adamlar howply ýagdaýda biri-birine duşsa, asuda şertlerde duşuşanyndan has köp söýüşip biljek eken.
Käbir adamlar ýakynlarynyň ýoklugyna çydap bilmän, akyl ýa-da fiziki kesel sebäpli birnäçe aýdan ýa-da birnäçe ýyldan soň olaryň özleri hem dünýäni terk edýärler.
Adamlaryň 64% -i aýrylyşandan soň, daşky görnüşini üýtgedýärler.
Depressiýanyň esasy sebäbi şowsuz söýgi wakalarydyr.
Biz hemişe söýýän adamymyzy halaýan aýdymlarymyz bilen baglanyşdyrýarys.
«Gatnaşykda iň möhüm zat — ynam» diýilse-de, iň möhüm zat — wagt. Wagtyň geçmegi bilen ynam, dostluk, çäksiz we aýrylmaz baglanyşyklar ösýär.
Ýuwaş sesli erkekler has ýokary sesli erkeklere garanyňda, özüne çekiji bolup bilerler.
Iki söýýän adam biri-biriniň gözüne 3 minut seredende, ýürek urşy sinhronlanýar.
63
234
Lilia_
02.10.2023 18:09
Betbagtlyk geldi – adam ony döretdi, bagt geldi – adam ony ösdürip kemala getirdi.
45
41
Lilia_
02.10.2023 13:29
“Adamlar öz ýalňyşyna bagtlykalar däl-de, bagtsyzkalar düşünýärler”.

Daniel Defo
47
41
Lilia_
02.10.2023 09:15
Gelin
(Züleýha Kakaýewa bagyşlanýar)
Şykga-şykga bilezigiñ saz eder,
Bilezigiñ goldan düşmesin gelin.
Gözelligiñ gyş çagyny ýaz eder,
Şöhlesi çog günüñ ýaşmasyn gelin.

Sesiñ şirin, misli nabat, bal ýaly,
Göýä säher bilbilleriñ saýrany.
Men başga zat, milliligiñ haýrany,
Görküñe görk goşar, ýaşmagyñ gelin.

Keteniñ şöhratyn halka çaýar sen,
Öýmäni başlaryñ täji saýar sen.
Eneleriñ mirasyna çoýar sen,
Gadymýete sarpañ gaçmasyn gelin.

Owazyñdan çykan hymmyl, läleler,
Gymmatlydyr, misli altyn däneler.
Ýola dowam bolsa, sylag käneler,
Göripleriñ işi paşmasyn gelin.

Biz türkmen!
Sungatam-sungatdyr welin,
Millilik saklansa elinden elin,
Şeýle zenanlardan ýalkanar her il,
Ýalkymyñ hiç-haçan öçmesin gelin.

KERIM HALLY
48
56
Lilia_
02.10.2023 00:18
“Käbir ýykylmalar, has ajaýyp turmalaryň höweslendirijisidir”.
Wilýam Şekspir
46
42
Lilia_
01.10.2023 21:29
“Alla size bir ýüz beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň”.
Wilýam Şekspir
56
82
Lilia_
01.10.2023 13:53
ÇÄRESIZ GYZA
Bu gün ýyldyryma aslyşyp gitdi
Ykbalyňda çyndyr diýen çaklamaň.
Tolkunly derýany içiňe salma:n,
Akdyrasyň gelýär, emma saklaýaň.

Alajyň bar, ele alyp syýaňy
Nama göndermeli, okar kimde-kim.
Ýöne indi nama ýazyp ýadadyň,
Bolşuňa-da çäre tapyp bilmediň…

Aýjahan ANNABAÝEWA.
45
58
Lilia_
01.10.2023 09:48
Bal barada
Bal iň gadymy nepislik hasaplanylýar. Ýer ýüzündaki her bir adam bu täsin önümiň peýdalary hakda eşidendir.





Bal witaminlere we minerallara baý bolan çeşmedir. Onda A, B, C, E we K witaminleriň hemmesi bar. Witaminler tebigy mineral duzlary we biogen aminler bilen birleşdirilenligi sebäpli, olaryň peýdalary sintetiki çalyşyjylardan has ýokarydyr. Makro we mikro elementlerden düzüminde magniý, kaliý, kalsiý, natriý, fosfor, hlor, kükürt, sink, ýod, mis, demir bar. Bu elementleriň her biri akymyna täsir edýän biohimiki reaksiýalaryň katalizatorlary hökmünde hereket edýän bedeniň fiziologiki prosesleridir. Balyň uglewod düzümi esasan hem glýukoza we fruktozadyr. Olary aňsatlyk bilen siňdirip bolýar we şekerden tapawutlylykda diş emalyna zyýan bermeýär.





Balyň şeýle baý düzüminiň kömegi bilen bu önümiň aşakdaky peýdaly aýratynlyklaryny tapawutlandyryp bolar:



bedeniň immunitetini ýokarlandyrmaga kömek edýär;
aşgazanyň bozulmagynyň öňüni alýar we iýmit siňdirilişini gowulaşdyrýar;
süňkleriň güýçli bolmagyna kömek edýär;
ýürek-damar ulgamyna gowy täsir edýär;
sowuklama ýa-da ýokanç wiruslar ýüze çykan ýagdaýynda adamyň çalt dikelmegine kömek edýär;
ganazlygyň öňüni alýar;
wiruslara garşy, antibakterial täsiri bar;


Bal kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Adam derisiniň we saçynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýar. Bu täsin önümi ulanyp, kosmetologlar bedeni örtmek amallaryny ýerine ýetirip bilerler. Bu önümi öz içine alýan çaýlar we şampunlar öndürilýär. Bu kosmetiki amallar we önümler derimiziň mahmal we sagdyn görnüşini saklamaga kömek edýär, saçlar ýalpyldawuk we güýçli bolýar.



Gülnabat KÖMEKOWA
41
22
Lilia_
01.10.2023 00:11
ZENANLARDAN AÝYRMA!!!
Gözel bardyr, süýji sözli mylaýym
Onsyz gynanarsyň geçse, gün–aýyň
Allam aýyrmasyn,gorasyn daýym.
Mährem gözel Zenanlardan aýyrma!

Gündiz güneş deýin nurly didesi,
Aladasy birdir, ýokdyr hilesi
Ýaradanyň bir ajaýyp miwesi,
Peri –peýker Zenanlardan aýyrma!

Ýürekleri mydam söýgä mynasyp,
Özi ýaly bolsun halala nesip.
Ýetirdiler has beýige ýyl aşyp,
Dünýäň durky Zenanlardan aýyrma!

Dünýädäki bary- ýogy balasy,
Söýen ýary ýüreginiň ýarysy,
Hiç bir wagtda bolmaz onuň nalasy,
Mert-merdana, Zenanlardan aýyrma!

Söýmek aýyp zat däl söýüp bilene,
Çyn söýginiň, hak aşygy bolana,
Her adama duşsyn, ajap nurana,
Kalby mährem, Zenanlardan aýyrma!
43
76
Lilia_
30.09.2023 23:43
EJEME !!!
Bolsamda men sizden alysda- daşda,
Ýatlaýaryn käbem seni her işde,
Dilegim alladan, ýagty durmuşda
Aramyzda baky ýaşa ejemjan!

Jumageldiýewa Ruhsara
43
35