Lilia_
01.10.2023 00:11
ZENANLARDAN AÝYRMA!!!
Gözel bardyr, süýji sözli mylaýym
Onsyz gynanarsyň geçse, gün–aýyň
Allam aýyrmasyn,gorasyn daýym.
Mährem gözel Zenanlardan aýyrma!

Gündiz güneş deýin nurly didesi,
Aladasy birdir, ýokdyr hilesi
Ýaradanyň bir ajaýyp miwesi,
Peri –peýker Zenanlardan aýyrma!

Ýürekleri mydam söýgä mynasyp,
Özi ýaly bolsun halala nesip.
Ýetirdiler has beýige ýyl aşyp,
Dünýäň durky Zenanlardan aýyrma!

Dünýädäki bary- ýogy balasy,
Söýen ýary ýüreginiň ýarysy,
Hiç bir wagtda bolmaz onuň nalasy,
Mert-merdana, Zenanlardan aýyrma!

Söýmek aýyp zat däl söýüp bilene,
Çyn söýginiň, hak aşygy bolana,
Her adama duşsyn, ajap nurana,
Kalby mährem, Zenanlardan aýyrma!
43
76
razyyewa
1 Oktýabr 2023
@vekil_city, dogry aydyan gosulyan!
vekil_city
1 Oktýabr 2023
Namys diýlende kellämize ilki bilen zenan gelýär. Şol namysy erkekden başga depeleýän ýok.
vekil_city
1 Oktýabr 2023
@tmyigit76, geljegini özleri zaýalaýan däldir, onam oglanlar zaýalaýar we hemmäni bir aýakdan sürüp bolmaz. Zenanlara eýle-beýle diýýänçäk nikasyz el degirmäliň, gyzlaň geljegine zyýan ýetýärmikä?
Lilia_
1 Oktýabr 2023
Awtory: Jumageldiýewa Ruhsara Jumageldiýewna
tmyigit76
1 Oktýabr 2023
Türkmen gyzlaryna geljegi ýok. Köp gyz pikir etýä ýüzümi o ýer bi ýeri üýtgetsem owadan bolaryn dp. Türkmen gyzynyň edebi asyllylygy utanç-haýasy ine şu zatlar bezeýämikä diýýän aýal maşgalany...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.