Gelin
(Züleýha Kakaýewa bagyşlanýar)
Şykga-şykga bilezigiñ saz eder,
Bilezigiñ goldan düşmesin gelin.
Gözelligiñ gyş çagyny ýaz eder,
Şöhlesi çog günüñ ýaşmasyn gelin.
Sesiñ şirin, misli nabat, bal ýaly,
Göýä säher bilbilleriñ saýrany.
Men başga zat, milliligiñ haýrany,
Görküñe görk goşar, ýaşmagyñ gelin.
Keteniñ şöhratyn halka çaýar sen,
Öýmäni başlaryñ täji saýar sen.
Eneleriñ mirasyna çoýar sen,
Gadymýete sarpañ gaçmasyn gelin.
Owazyñdan çykan hymmyl, läleler,
Gymmatlydyr, misli altyn däneler.
Ýola dowam bolsa, sylag käneler,
Göripleriñ işi paşmasyn gelin.
Biz türkmen!
Sungatam-sungatdyr welin,
Millilik saklansa elinden elin,
Şeýle zenanlardan ýalkanar her il,
Ýalkymyñ hiç-haçan öçmesin gelin.
KERIM HALLY