Lilia_
06.10.2023 10:04
Dünýädäki iň gowy zat
Kimligiňe, näme isleýändigiňe garamazdan, bir zady ýürekden isleseň sen şoňa hem ýetersiň. Esasy zat ýürekden islemekdir we hereket etmekdir.

Ol ülkäniň meşhur suratkeşlerinden hasaplansa-da, öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Bir gün ol özüniň «iň gowy eserini» döretmegi ýüregne düwdi. Ýöne ençe günläp çekjek suraty barada oýlansa-da, kellesine hiç bir ajaýyp pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan:

— Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma näme çekjegimi bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? — diýip sorapdyr.

Goja suratkeşe garap:

— Dünýäniň iň gowy zady ynamdyr. Ynamsyz ýaşap bolmaz, oglum! — diýip jogap beripdir. Suratkeş ýola rowana bolupdyr. Şäherde Bagt köşgünden çykyp gelýän ýaş çatynjalara duşupdyr. Olardan hem:

— Siziň pikiriňizçe, dünýäde iň gowy zat näme? — diýip sorapdyr.

Gelin adamsyna mähirli garap:

— Söýgi. Söýgi garyplygy baýlyga, gözýaşlary ýylgyrşa öwürýär — diýip jogap beripdir.

Suratkeş eşidenleri barada oýa batyp gelýärkä, ýolda bir esgere gabat gelipdir. Suratkeş oňa-da bu sowal bilen ýüzlenipdir. Köp hupbatlary başyndan geçiren esger ikirjiňlenmän:

— Dünýäniň iň gowy zady asudalyk we parahatçylykdyr. Iň erbet zady bolsa uruşdyr. Parahatçylygyň bar ýerinde gowulyk hem bardyr — diýip jogap beripdir.

Suratkeş:

— Ynam, söýgi, asudalyk we parahatçylyk. Men bulary nädip bir suratda ýerleşdirsemkäm? — diýip, öýüne gaýdypdyr.

Haçan-da ol öýüne gelip, gapyny açyp içeri girende, dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini bilip galypdyr.

«Kaka jan» diýip, gujagyna dolan gyzynyň gözündäki ynamy görüp, beýik Taňra ýüzde müň şükür edipdir. «Hoş geldiň!» diýen aýalynyň didelerindäki nurly söýginiň şöhlesi onuň kalbyny ýyladypdyr. Ojagynyň asudalygyna hem-de parahatçylygyna buýsanypdyr.

Ol derrew reňklerine ýapyşypdyr. Az salymyň içinde «Maşgala» atly ajaýyp surat taýýar bolupdyr. Bu surat onuň arzuw edýän iň gowy suratydy.

Taýýarlan: Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
44
82
Lilia_
06.10.2023 01:46
Aýryljak dost bermejek zadyňy dilär.
47
100
Lilia_
05.10.2023 23:54
EM ETMEK TÄRI
Bir tanymal kişi lukmana ýüreginden tutýandygy barada habar ýollap, onuň bahymrak gelmegini sorapdyr. Alys ýoly pyýadalap geçen lukman gapydan giren badyna, bir sözem diýmän özüni kürsä atypdyr, gözlerini gaýym ýumupdyr. Öý eýesi düşeginden turup, onuň ýanyna ylgapdyr:

-Size näme bolýa?

-Alada düşmäweriň – diýip, lukman zordan dil ýarypdyr. – Görýän weli, ajalym golaýlady öýdýän, ýüregimden tutdy.

Öý eýesi onuň ahwalyny görüp, iki-baka ylgaşlapdyr, içmäge derman, bir bulgur suw getiripdir, esli wagt onuň daşynda perwaz urupdyr. Birneme wagtdan soň, lukman özüne gelip, gözlerini açypdyr.

-Meniň başgada barmaly ýerlerim bar – diýip, ol ýerinden galypdyr – Meň aklygymy berseňiz gowy bolardy.

-Muňa serediň-ä – diýip, öý eýesi ör-gökden gelipdir – Aklygy siz maňa bermeli, häliden bäri daşyňyzda ylgaşlap gezdim. Näsag sizmi, ýa menmi?

-Men sizi bejerdim – diýip, lukman öz diýenine tutupdyr – Siziň ýürek agyryňyzyň bejergisi sizi düşekden galdyryp, ýöretmekdi ahyryn!



Taýýarlan: Ejegyz Saparowa,
41
62
Lilia_
05.10.2023 14:45
Goja hem Ajal
Ýaşy ýüzden aşan bir goja bar ekeni. Ajal şeýle gaty garran adamyň ýaşaýandygyny eşidip, onuň ýanyna gelipdir-de:

― Atam, seniň kazaň doldy ― diýip, oňa öz habaryny aýdypdyr.

― Şeýle bolsa maňa soňky ýoluma taýýarlanmaga puryja ber! ― diýip, goja haýyş edipdir.

― Bolýar. Eýsem, saňa näçe gün gerek?

― Üç gün.

Gojanyň näme etjek bolýandygy, onuň ýagty ýalançy bilen hoşlaşmaga nähili taýýarlyk görjekdigi Ajaly gyzyklandyrypdyr.

Puryja berlen birinji gün gelipdir. Goja bagyna baryp, çukur gazypdyr-da, oňa bir nahaly oturdypdyr.

Ikinji gün gelipdir. Goja ýene bagyna baryp, ýene bir çukur gazypdyr hem-de ýene bir agaç nahalyny oturdypdyr.

«Ol üçünji gün näme ederkä?» diýip, Ajal üçünji güne sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.

Üçünji gün-de gelip ýetipdir. Goja baga baryp, çukur gazypdyr, topraga ýene bir nahaly oturdypdyr.

― Nahallary kim üçin oturdýarsyň? Sen ertir ölmeli ahyryn ― diýip, Ajal goja sowal bilen ýüzlenipdir.

Şonda goja:

― Adamlar üçin ― diýip, jogap beripdir.

Beýle jogaby eşiden Ajal başky pikirinden dänip, bu ýerden uzaklara gidipdir.
48
101
Lilia_
05.10.2023 10:37
Aglasada diňe çaga aglasyn. Ukudan turanyn bildirmek üçin.
47
52
Lilia_
05.10.2023 00:02
BIPARH
Göwnüne degeňsoň bagtly günleriň,
Aglanyňda näme, güleňde näme?
Sergezdan duýgular dökdi güllerin,
Bilmäniňde näme, bileňde näme?

Birmahal azaşan umydy dolap,
Gelmäniňde näme, geleňde näme?
Garyp galan yşky sözlerňe çolap,
Gepläniňde näme, dymaňda näme?

Gör kimi ýoklapdyr yşkymyň dady,
Örteneňde näme, köýeňde näme?
Ah, indi dag ýaly Tirkişmyrady,
Söýmäniňde näme, söýeňde näme?

Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW
44
26
Lilia_
03.10.2023 15:55
Gün Ýeriň ýagtylyk we ýylylyk çeşmesidir.

Akmaýanyň ýoly galaktikasynda jemi 200 milliard ýyldyz bolup, şolaryň biri-de Gündür.

Milliardlarça ýyldyzyň, planetalaryň we beýleki asman jisimleriniň emele getirýän toplumyna galaktika diýilýär. Iň uly galaktikadaky ýyldyzlaryň sany 3 trillion töweregi diýlip çaklanylýar. Her galaktikada, ortaça, 200-300 milliard ýyldyz bolýar.

Galaktikalaryň merkezinde ýyldyzlar bolup, olaryň töweregini yzygiderli aýlanýan gaz we bulutlar emele getirýär. Her bir ýyldyzyň daşynda bolsa planetalar we beýleki asman jisimleri bolýar.

Biziň planetamyzyň ýerleşýän galaktikasyna Akmaýanyň ýoly diýilýär. Beýleki uly galaktikalarda bolşy ýaly Akmaýanyň ýolunda hem merkezdäki ýyldyzlar has uly ýaşly, olaryň reňki gyzyl we sary. Çetki ýyldyzlar has gyzgyn we gök reňkli bolýar.

Günüň ýüzündäki gyzgynlygyň 5500 derejedigi çaklanylýar.

Gün şöhlesi Ýere 8 minutdan gowrak wagtda gelip ýetýär. Şol sebäpli ir bilen Günüň dogan wagty oňa seretseňiz, gözüňizi gamaşdyrmaz. Sebäbi ony görýän hem bolsaňyz, Ýere gelip ýetmändigi üçin onuň şöhlesi gözüňi gamaşdyrmaýar.

Gülşat ÇETILIÝEWA,
44
74
Lilia_
03.10.2023 12:10
Ýar erär
Asman penjiresin ýapyp saklasa,
Ýarym ýel-ýagmyra ezilmez ýaly.
Gün şöhlesi bolup gökden jyklasam,
Ýarymyň öýkesi ýazylar ýaly.

Älemgoşar bolsam owadan dünýä,
Öwüşgini kalba çaýylar ýaly.
Söýgimiň ataşy tutaşsa dünýä,
Ýarym gujagymda çoýunar ýaly.

Al-elwan gül bolup açylsam dünýä,
Oň müşküne ýarym meýmirär ýaly.
Kalbyma bark urup, seçilse dünýä,
Anbaryň ysyna ýar erär ýaly.

Gijeler Aý bolup, nur saçsam dünýä,
Girse gujagyma ýarym nur bolup.
Bu dünýäde ýokdur başga armanym,
Gujagymda ýarym erär gar bolup.

Güljemal Garaÿewa.
47
35
Lilia_
03.10.2023 05:30
Adam ýylgyranda onuň myşsalarynyň 17 sanysy birden hereket edýändir.

Diliň yzy hem edil barmak yzlary ýaly unikal (ýeke-täk) bolup, ol her bir adamda dürli-dürlüdir.

Bedenimizde 600-e golaý myşsa bardyr.

Aýaklarymyzda deri mäzleriniň 250 müňüsi ýerleşýär.

Döwülen ýa-da gopan dyrnaklarymyz ýarym ýylda täzeden ösüp çykýar.

Kelle beýnimiziň takmynan 80%-i suwdan ybratdyr.

Bedenimizdäki iň kiçijik süňkjagazyň orta gulakda ýerleşýändigini bilýärdiňizmi? 3 mm uzynlygy bolan bu süňk «üzeňňi» diýip atlandyrylýar.

Burun yslaryň 30 müň görnüşini tapawutlandyrmaga ukyplydyr.
43
47
Lilia_
03.10.2023 00:06
“Dowzah boşdur. Çünki ähli şeýtanlar bärde…”
Wilýam Şekspir
48
58