Lilia_
05.10.2023 14:45
Goja hem Ajal
Ýaşy ýüzden aşan bir goja bar ekeni. Ajal şeýle gaty garran adamyň ýaşaýandygyny eşidip, onuň ýanyna gelipdir-de:

― Atam, seniň kazaň doldy ― diýip, oňa öz habaryny aýdypdyr.

― Şeýle bolsa maňa soňky ýoluma taýýarlanmaga puryja ber! ― diýip, goja haýyş edipdir.

― Bolýar. Eýsem, saňa näçe gün gerek?

― Üç gün.

Gojanyň näme etjek bolýandygy, onuň ýagty ýalançy bilen hoşlaşmaga nähili taýýarlyk görjekdigi Ajaly gyzyklandyrypdyr.

Puryja berlen birinji gün gelipdir. Goja bagyna baryp, çukur gazypdyr-da, oňa bir nahaly oturdypdyr.

Ikinji gün gelipdir. Goja ýene bagyna baryp, ýene bir çukur gazypdyr hem-de ýene bir agaç nahalyny oturdypdyr.

«Ol üçünji gün näme ederkä?» diýip, Ajal üçünji güne sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.

Üçünji gün-de gelip ýetipdir. Goja baga baryp, çukur gazypdyr, topraga ýene bir nahaly oturdypdyr.

― Nahallary kim üçin oturdýarsyň? Sen ertir ölmeli ahyryn ― diýip, Ajal goja sowal bilen ýüzlenipdir.

Şonda goja:

― Adamlar üçin ― diýip, jogap beripdir.

Beýle jogaby eşiden Ajal başky pikirinden dänip, bu ýerden uzaklara gidipdir.
48
101
Lilia_
5 Oktýabr 2023
@kays, Minnetdar😊💫
razyyewa
5 Oktýabr 2023
Lilia_
5 Oktýabr 2023
@razyyewa, 😊💐
Lilia_
5 Oktýabr 2023
razyyewa
5 Oktýabr 2023
Adam olsede ady galar her kim ekse bir nahaly yadigar a
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.