Lilia_
19.10.2023 18:09
Älemi ýaratmak üçin alty gün ýeterlik bolan bolsa, adamy döretmäge kyrk ýyl sarp edilipdir.

Jelaleddin Rumy
43
47
Lilia_
19.10.2023 10:49
Ädimme-ädim: ýöremegiň ynsan saglygyna peýdasy
Ýöremek, başgaça aýdylanda gezim etmek — bedeniňi sagdyn saklamagyň has täsirli usullarynyň biri. Sebäbi islendik ýaşdaky adamlar, hatda uly ýaşly ata-enelerimiz üçin hem ýöremek kynçylygy talap etmeýän endikdir.

Pyýada gezim etmegiň peýdaly taraplary

• Ýöreýän mahalymyz bedenimiziň gan aýlanyşy ýokarlanýar, beden öýjüklerimiz kislorod bilen baýlaşýar. Bu bolsa ähli beden agzalarymyzyň kadaly işlemegine getirýär;

• Yzygiderli gezim etmek immun ulgamynyň berkemegine, möwsümleýin ýokançlaryň ýaýraýan mahalynda respirator kesellerinden gaça durmaga täsir edýär;

• Myşsalaryň berkemegi we ýokary derejedäki gan aýlanyş uly ýaşly adamlaryň bogun agyrylaryna oňyn täsir edýär;

• Pyýada gezim etmek horlanmagyň iň täsirli usullaryndan biridir. Gündelik gezelençleriň netijesinde maddalaryň çalşygy artýar, artykmaç kaloriýalar ýakylýar we myşsa massasy güýçlenýär. Pyýada ýöränimizde ýakylýan kaloriýalaryň ylgan mahalymyzdakydan kän bir tapawudynyň ýokdugyny bellemek gerek;

• Hereketde geçirilýän durmuş ýörelgesi we bedeniň fiziki taýdan işjeň bolmagy nerw ulgamyna we adamyň ukusynyň hiline oňyn täsir edýär;

• Pyýada ýöremek üçin bolsa diňe zerur egin eşikleri we oňaýly aýakgaplary almak ýeterlikdir.

Saglygyňy berkitmek üçin näçeräk ýöremeli bolýar?

• Ilkibada 15-20 minut kadaly ýöremeli, soňlugy bilen bolsa ýöreýän wagtyňyz hem, tizligiňi hem artdyrmaly;

• Lukmanlar günüň dowamynda 1,5-2 sagatlap orta tizlikde gezim etmegi maslahat berýärler. Bu takmynan 4 kilometr töweregi aralyk bolýar;

• Belentli-pesli ýollardan ýöremek has peýdalydyr;

• Ýörän mahalyňyz kadaly bir tizlikde ýöremän, käte tiz, käýarym bolsa haýal ýöräň.


Ýöreýän mahalyň bedeniňi saklaýşyňa üns bermeli:

• Arkaňy dik tutmak;

• Kelläňi galdyrmak;

• Eginleriňi dürs saklamak;

• Garnyňy ýokary galdyrmak;

• Dabanyňa direnmek;

• Tiz ýörelende tirsegiňi ellemek.

Ýatda saklaň! Tiz taýýarlanýan naharlary halaýan bolsaňyz, mysal üçin gamburger iýeniňizden soň, alnan kaloriýalary ýakmak üçin 1 sagat 43 minut wagt gerek bolar. «M&M’s» süýjüsiniň bir dänesini iýeniňizde ondan alnan kaloriýany ýakmak üçin futbol meýdançasyny aýlanyp çykmaly bolýar.
43
18
Lilia_
19.10.2023 00:05
Nerwleriňizi rahatlandyrmak üçin 8 usul
Biziň her birimiziň nerwlerimizi rahatlandyrmak we “bugymyzy çykarmak” üçin ýönekeý we elýeterli usullar bar.



Iýiň



Adam aç bolan ýagdaýynda has-da stresse duçar bolýar. Adam dok bolanda durmuşyň ähli kynçylyklary gaty agyr däl bolup görünýär, gandaky şekeriň derejesi gaçsa, rahatsyzlygyň we ynjalyksyzlykgyň derejesi galýar. Nerwleri rahatlandyrmagyň iň tiz usuly- bir gysym hoz, gara şokoladyň bölejigini ýa-da süýji alma iýiň.



Fiziki agram



Ähli fiziki agram ganda serotiniň derejesini-iň gowy stresse garşy gormonyň derejesini galdyrýar. Sport türgenleşigi ýa-da ylgaşlama size artykmaç psihiki zor salmagy aýyrmaga, “gara” pikirlerden we şahsy biçärelik duýgusyny aýyrar.



Uludan demiňizi alyň



Özüňize rahat ýagdaýda ýerleşiň, gabaklaryňyzy ýapyň we öz demiňizden başga zat barada hiç zat barada pikir etmäň. Howanyň gursaňyzy doldurýanyny duýuň. Sedasiýanyň bu usuly köp psihatrlar we psihologlar tarapyndan ulanylýar.  



Çopantelpegiň gülleri



Çopantelpek- stressi aýyrmak üçin iň gowy fito (ösümlik) serişdesi bolup durýar.



Onuň güllerinde-tebigy birleşmeleriň birnäçesi bar, olar hem beýnidäki  nerw reseptorlaryna dermanhana trankwilizatorlar ýaly täsir edýärler. Stres bilen göreşmek üçin çopantelpegiň gury gülleriniň 1 çaý çemçesini 200 ml gaýnak suw guýup 10 minutlap goýuň. Şeýle şire, has-da bal bilen içseň siziň nobatdaky aýbaşyňyzyň öňünden syryňyz bolar: çopantelpek nerw ulgamyna täsir etmezden başga-da aýbaşyňyz wagtyndaky garnyňyzyň aşagyndaky agyryny we agyrlylygy aýyrýar.   



Gök çaý



Çaýyň ýapraklarynda L-тианин bar. Bu aminokislota beýindäki reseptorlar bilen baglaşýar we eýýam 30 minutdan bir käse çaýdan soň onuň işjeňligini üýtgedýär. Gök çaý dofaminiň we başga birleşmeleriň işläp çykmagyna ýardam berýär we nerw zor salmagyny aýyrýar, keýpiňi galdyrýar, polojitel guýgularyny köpeldýär we şol wagt işewürligi hem galdyrýar. Şonuň üçin ony uklamakdan öň içmäge maslahat bermeýärler.



Hmel

Hmel tebigy uky getiriji serişde we antidepressant bolup durýar, newrozlar we ukysyzlyk bilen göreşmäge berýär. Bu ösümligiň miwelerinde iň gymmat zat bu efir ýagy bolup durýar, ony dermanhanada ýa-da ýöriteleşdirilen dükanda alyp bolýar. Hmeliň ýagyny nerw ulgamyny rahatlandyrmak üçin maslahat berärler. Piwo bu maksatlar üçin maslahat bermeýärler.



Lawandanyň ysy



Lawandanyň ysy fransuz Prowansyny ýatladýar, onuň gowy bildirýän sedatiw güýji bar. Käbir alymlar lawandanyň ysyny serhoş bolmak bilen deňeşdirýärler. Lawandanyň ýagyny stoluň üstündäki aromaçyranyň içine ýa-da aromakulona damdyryp bolar. ABŞ-da käbir diş lukmanlary lawandanyň strese garşy täsirini onuň ýagyny hassahanalaryň kabul ediş ýerinde pürküp näsaglaryň “diş ownudýan” proseduralaryna garaşyp howsala galmagyndan goramak üçin ulanýarlar.



Narpyz – melissa



Melissanyň bejeriş häsiýetleri adamlara gadym wagtdan bäri belledir. Melissa has-da hemişe sebäbini düşündirip bolmaýan howsala düşýän, erbet zatlary göwünlerine getirýän we gorkunç wakalary düzýän aýal maşgalalara maslahat berilýär.  Melissany onuň peti hökmünde, şeýle-de şire ýaly, çaýa goşup ýa-da başga dermanhana fito (ösümlik) şerişdeleriniň düzüminde. Esasy zat, gözükdirmäni berjaý ediň we möçberinden artyk ulanmaň, sebäbi melissa ters täsir edip biler.  
43
56
Lilia_
18.10.2023 20:42
Nädip dişagyrydan dermansyz dynyp bolar?

Bimahal çagy çüýrän dişiň agyrysy azar berýär. Öýde agyryny aýyrýan derman hem ýok. Diş lukmanynyň ýanyna gitmegi bolsa irdene çenli goýmasaň, başga alaç ýok. Näme etmeli?

Şeýle bolanda, dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan suwa agzyňy çaýkamak hem örän gowy peýda edip biler. Bidenekden (şalfeý), ýakymlyjadan (duşisa), sarygülden (zweroboý), dubuň kökünden, ajynarpyzdan (mýata pereçnaýa) melissadan we boýbodrandan ýasamak bolar. Dürli otlardan taýýarlanan şeýle gaýnatmanyň ornuny soda ýa-da birnäçe damja ýod goşulan deňiz duzy tutup biler...

Mundan başga-da, spirte ýatyrylan bir bölek hasany agyryly ýere goýup bolar. Gadymy hytaý usulynyň hem nepi degmegi mümkin. Başam we süýem barmaklaryň we gözüň görejiniň hem çekäniň arasyndan geçýän göz öňüne getirilýän çyzyklaryň kesişýän oý ýerinde simmetrik ýagdaýda ýörite nokatlar ýerleşýär. Eger olary başam barmagyň bilen mazalyja owkalasaň, agyry aýrylar.

Islendik ýagdaýda bir zady ýatdan çykarmaly däl: dişagyryny aradan aýryp bilseňiz-de, size çüýrük dişi özbaşdak bejermek başartmaz. Şonuň üçinem, göni diş lukmanynyňka howlugyň!
47
88
Lilia_
18.10.2023 18:05

Çagalaryň köpüsi sakgyjy juda gowy görýärler we ony birnäçe sagatlap çeýnemäge taýýar. Ata-eneleriň köpüsi bolsa beýle süýjülige garşy bolýarlar. Uly adamlar sakgyjyň çaganyň garyn-içge traktyna we dişlerine zyýanly täsir edýär diýip hasaplaýarlar.




Peýdaly taraplary


Sakgyja diňe zyýanly diýmek, megerem, dogry bolmaz. Ony çeýnemegiň käbir peýdaly taraplary hem bar. Ýöne olaryň ählisi diýen ýaly diňe sakgyç aram möçberde çeýnelen wagty ýüze çykýar.


Sakgyjyň çeýnelmegi çaganyň organizmi tarapyndan edil iýmit iýlişi ýaly kabul edilýär we şol bir netijeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şolaryň biri-de tüýküligiň emele gelmeginiň ýokarlanmagy bolup, ol dişleriň ýüzündäki iýmit galyndylarynyň aýrylmagyna we agyz boşlugynyň kislota-aşgar deňagramlylygynyň dikeldilmegine kömek edýär. Bu barada reklamalarda juda köp gürrüň edilýär.


Bu deňagramlylygyň sakgyjyň kömegi bolmadyk halatynda-da biraz haýalrak hem bolsa örän oňat dikelýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, sakgyjyň çeýnelmegi aşgazan şiresiniň bölünip çykarylmagyny güýçlendirýär, ýagny iýlen iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär.


Ahyrsoňy, äň bognunyň berkemegi güýçli depginde sakgyç çeýnemegiň tebigy netijesi bolup durýar. Käbir hünärmenleriň pikirine görä, şeýle netijäni peýdaly hasaplamak bolar. Çünki häzirki zaman iýmiti äňe ýeterlik derejede agram bermeýär. Sakgyç bolsa bu ýetmezçiligiň üstüni ýetirýär.




Zyýanly taraplary


Şol bir wagtyň özünde eger-de, sakgyç aşa köp çeýnelse, onda onuň çaga organizmine edýän täsiri zyýanly häsiýete eýe bolýar. Sakgyç çeýneleninde ýüze çykýan tüýküligiň çalt depginde bölünip çykarylmagy, çaganyň özbaşdak tüýkülik öndürmeginiň kadasyny bozup biler. Netijede onda agzyň nemli bardasynyň guramagy we beýleki ýakymsyzlyklar ýüze çykýar.


Aşa köp sakgyç çeýnemegiň netijesinde ýüze çykyp bilýän aşgazan şiresiniň işlenip çykarylmagynyň çendenaşa güýçlenmegi has uly kynçylyklara getirip biler. Çünki eger şol wagtda çaganyň garnynda şiräniň täsir etjek iýmiti bolmasa, onda iýiji kislota aşgazanyň diwarjyklaryny iýip başlar. Bu bolsa gastrite (aşgazanyň nemli bardasynyň çişmesi) we hatda uzak bejergi talap edýän ýazwa (aşgazanyň baş keseli) eltip biler.


Sakgyç çeýnemegiň çaganyň äň gurluşyna edýän täsirini hem diňe peýdaly diýip atlandyryp bolmaz. Sakgyjyň çendenaşa işjeň çeýnelmegi äň bogunlarynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, berkemedik dişlere agram salýar. Munuň netijesinde olar gowşap, şeýle hem dişleriň gysylmagyna zyýan ýetirip biler. Bu meseläni çözmek üçin ortodontyň hyzmatlaryndan peýdalanmak emlere, meselem, breketleri goýmaga daýanmak gerek bolar.


Mundan başga-da, newrologlaryň arasynda bar bolan pikire görä, sakgyjy köp çeýneýän çagalarda köplenç aýdyň sözleýiş we gepleýşiň ösüşi bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykyp bilýär.


Eger-de, siziň çagaňyzyň allergiýasy bar bolsa, sakgyç onuň alamatlarynyň ýitileşmeginiň sebäbi bolup biler. Çünki onuň düzüminde her hili himiki maddalaryň, şol sanda güýçli allergenler diýlip hasaplanýan maddalaryň uly möçberi bar. Ýiti tagamly, ysly we reňkli sakgyçlar bu ugurda aýratyn howply bolup durýarlar.


Eger-de, siziň çagaňyz sakgyjy yzygiderli ýuwudýan bolsa, onda munuň özi alada galmagyň ýene bir sebäbidir. Sakgyjyň aşgazana düşmegi iýmit siňdirişiň kadaly işleýşiniň bozulmagyna getirip biler. Sakgyjyň içegede toplanmagynyň bolsa onuň dykylmagyny emele getirmegi we bu meselede lukmançylyk kömeginiň gerek bolmagy mümkindir.




Çeýnemegiň düzgünleri


Görşümiz ýaly, sakgyç çeýnemegiň peýdasyndan zyýany köpdür. Emma çagalara şunuň bilen bagly ýüze çykyp biläýjek howpy düşündirmek kyn. Şol sebäpden-de, belli bir  düzgünleri ýola goýup, çaganyň öz söýgüli işini etmegine — sakgyç çeýnemegine rugsat berip bolar.


Şeýlelikde, sakgyjy diňe nahardan soň, belli bir wagtyň dowamynda çeýnemeli. Onuň ähli peýdaly aýratynlyklarynyň ýüze çykmagy üçin 5-10 minut ýeterlikdir. Sakgyjy ondan köp çeýnemek bolsa erbet netijelere getirip biler.


Çaganyň çeýneýän sakgyjynyň mümkin boldugyça reňksiz, tagamsyz we yssyz bolmagyny gazanmaga çalşyň.


Çaganyň sakgyjy çeýnäp bolanyndan soň ony ýuwutman, tüýkürmegine gözegçilik ediň. Eger-de, çagaňyz sakgyjy köp we ölçegsiz çeýnemäge öwrenişen bolsa, onda onuň çeýnelýän wagtyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmaly. Meseläni onuň çözmegiň ýollarynyň biri hem, çaga sakgyja derek agzyňda kem-kemden ereýän, çeýnelýän süýjüleri bermek bolup biler.


Haçan-da ol, tamamlananda, çaganyň özüne ýene bir süýji bermek baradaky ýalbar-ýakaryna hä bermäň. Çaganyň sakgyç çeýnemän oňmagy üçin belli bir wagt aralygyny goýuň. Elbetde körpä sakgyç çeýnemegiň dişleri günde iki gezek arassalamak zerurlygynyň ornuny tutmaýandygyny düşündirmeli.


Şeýle ýönekeý düzgünler siziň çagaňyzyň diňe bir dişleriniň sagat bolmagyny däl, eýsem çenden aşa sakgyç çeýnemegiň netijesinde iýmit siňdiriş ulgamynda ýüze çykýan beýleki meseleleriň bolmazlygyny üpjün eder.

58
157
Lilia_
18.10.2023 12:42
Zenanlar öz-özüni surata düşürmäge hepdede bäş sagatdan hem köp wagt sarp edýärler

Orta hasap bilen her zenan öz-özüni surata düşürmäge günde 48 minut sarp edýär. Munuň özi hepdede 5,6 sagat, aýda 24 sagat, ýylda bolsa 12 gün diýmekdir.

Adamynyň ajaýyp böleginiň 16—25 ýaş aralygyndaky wekilleriniň 2000-siniň gatnaşmagynda geçirilen barlaglar orta hasap bilen her zenanyň öz-özüni surata düşürmäge günde takmynan 48 minut sarp edýändigini görkezdi. Bu hepdede 5,6 sagat, aýda 24 sagat, ýylda 12 gün diýmegi aňladýar.

Öz-özüňi surata düşürmegiň şowly bolmagy üçin olaryň köpüsi ýüz-gözlerini timarlaýarlar, gerekli ýagtylygy we aýratynlygy gözleýärler. Bir söz bilen aýdylanda, hakyky fotosesiýany — professional derejede surata düşmek hadysasyny gaýtalaýarlar. Şunlukda, aragatnaşyk torlaryna (sosset) günde üç kadr töweregi ýerleşdirilýär. Şowly we şowsuz kadrlaryň gatnaşygy altydan bir bölege deňdir. Iň gowy suratlar ýerleşdirilýän aragatnaşyk torlaryň sany bolsa iň azyndan iki dagy bolýar.

Barlagyň dowamynda sowal-jogap alşylan zenanlaryň her onunjysy telefonynda ýa-da kompýuterinde şeýle suratlaryň iň azyndan 150-sini saklaýar.

Saýtynda sowal-jogap alyşlyk geçirilen saýtyň onlaýn-dükanynyň şef-redaktory Nýubi Hends (Newby Hands) bu ýagdaýa şeýle teswirleme berdi:  “Munuň özi zenanlaryň ählisiniň öz-özüne aşyk bolandygyny aňlatmaýar. Olar ýüz-gözi timarlamak, saçyň owadan bezelmegi bilen bagly pikirlerini paýlaşýarlar we öz joralaryny we okyjylary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýarlar”.

Gyzlaryň käbiri bolsa asla bu asylly maksada gulluk etmeýärler. Olaryň käbiri köpçüligiň ünsüni çekmek, hatda mümkin bolan ýigidini tapmak üçin özlerini surata düşürýändiklerini gizläp durmadylar. Käbirleri bolsa öňki ýigitleriniň nähili gyzy elden giderendiklerine ahmyr etmekleri üçin surata düşýärler.

Pikir soraşma gatnaşanlaryň 27 göterimi bolsa torlarda mümkin boldugyça köpräk laýk toplamak üçin suratlaryny goýýarlar. Bardy-geldi bu olara başartsa, birnäçe minutdan suratlaryny aýyrýarlar.

Zenanlaryň 10-dan 4-si öz-özüňi surata düşürmegiň olara öz keşbini seljermäge, aýnadan görünmeýän ýetmezçilikleri ýüze çykarmaga kömek edýändigini aýtdylar.
44
57
Lilia_
18.10.2023 08:11

Öýi, otaglary tertipleşdirmek, ýa-da gepleşik dilinde aýtsak, ony ýygnamak her günüň endige öwrülen işi bolsa-da, tozanlary süpürip, pollary ýuwup, tozan sorujy bilen geçmek ýeterlik ýalydyr, emma bu aslynda o diýen bir beýle-de däl. Hatda iýip-içmegiňem özbaşyna sungat bolşy ýaly, öýi tertipleşdirmegiň, tämizlemegiňem öz has göwnejaý netije berýän usullary bar.


Gürrüňini edýän güýmenje işimiziň dürli hili ýerine ýetiriliş usullary bolup, ol pikirleri öňe süren adamlaryň aýdyşy ýaly, bu usullar öýe bolan söýgiňi, bu güýmenjä bolan islegiňi artdyrýar. «Ýadadýan» işe höwes döredip biler ýaly bu usullar nähilikä, geliň gyzyklanyp geçeliň.


Gujagyňa sygýan zady zyň-da, aýyr — bu usul amerikan ýazyjysy we minimalizm hem-de «Zen Habits» öndürijiligi dogrusynda blogy dörediji Leo Babauta degişli. Alty çaganyň atasynyň ýönekeý işjeňlik bilen baglanyşdyrýan gündelik durmuş ýörelgesinden ýolugra ýygnamak pikiri kemala gelipdir. Dogrusy, ol şeýtmese halys boljagam däldir. Mysal üçin, iýip-içdiňmi, şolbada tarelkaňy ýuwmaly, kir ýa bir tozan basan ýer gördüňmi edil şol pursatyň özünde süpürmeli — umuman, hapalan badyňa aýryp ýetişmeli. Şeýle-de Babautanyň maslahat berýän zatlary şular:


Eliň ýetýän ýerindäki zatlary ilki ýygnap, soňam golaý gelen ýere tarap süýşüp ýygnaşdyrybermeli;

Egin eşikleri üç hili tapawutlandyrmaly: «Goýmaly», «Zyňmaly» hem-de «Geregi deger». Eger şularyň soňkusyna degişli hasap edýän eşikleriňiz bar bolsa we olary indiki alty aýyň dowamynda geýmeseňiz, onda hiç hili gynanmaňam, zyňmaga dözemok diýibem durmaň-da, haýal etmän zibilden çykaryň.

«Flaýledi» — bu öý hojalykçy Marla Silliniň ulanýan usuly. Zenan bu usuly 1999-njy ýylda mälim etdi we şondan bäri hem, ondan peýdalanýanlaryň sany milliona ýetdi.


Bu usulyň manysy her günde belli bir yzygiderlilikde 15 minudyňy öý ýygnamaga sarp etmekde jemlenýär: duşenbe — çagalar otagyny, sişenbe — aşhanany we girelgäni, çarşenbe güni ýatylýan otagy we ş.m. Munda ýygnamaga başlamazdan ozal, özüňize wagt tutuň-da, onuň jyňňyrdy sesine çenli ýygnap dynjak boluň. Marla Silli şeýle-de hepdede bir gezek bir sagatlyk dowam edýän öý ýygnamak işine wagt aýyrmagy maslahat berýär. Onuň aýdyşy ýaly, bu sagadyň dowamynda otagyň dürli ýerlerini süpürmek, pollary ýuwmak zerurdyr.


Netijede bolsa, has möhüm ýerleri — hemişe eşik üýşýän, zatlaryň bulam-bujar bolýan ýerlerini, stollaryň üstüni, aşhanany wagt sarp edip tertipleşdirmek gerekdir.


Diňe halaýan zadyňy goýup, galanyny aýyr —  «KonMari» usuly. Muny «Jadyly öý tertipleme» atly kitabyň awtory Mari Kondo hödürleýär. Ýapon ýazyjy zenany dogry usulda öýi ýygnamagy diňe bir otaglaryňy däl-de, eýsem pikirleriňi tertiplemegi aňladýandygyny belleýär.


«KonMari» usulyndan peýdalanýan öý hojalykçylaryň esasy edýän işi öýde diňe gowy görýän zatlaryny goýmakdyr. Eger haýsydyr bir zat ulanylmaýan bolsa ýa-da öýde göwnüňize ýaramaýan bolsa, ondan dynyň. Ýeri gelende aýtsak, öý goşlary bilen «gepleşmek» ýaponlaryň asyl däbi bolup, ol Mari Kondonyň usulynda öý ýygnamagyň esasynda durýan zatlaryň biridir.


Has oňaýly bolmagy üçin öýde zatlary dikligine goýmaga çalyşmaly: usullylyk bilen ýerleşdirmeli ýa-da eşikleri tertipli düýrläp, şkafda gara reňklisinden ak reňklisine, açyk reňklisine tertibinde ýygşyrmaly.

Anonim zatlar» usuly 1982-nji ýylda, öýüniň otaglarynyň birinde dissertasiýasyny ýitirip tapmadyk Sandro Felton tarapyndan döredilipdir. Özüniň guramaçylyksyzdygyna düşünip, Sandro Felton öz öý ýygnama düzgünlerini ulanyp başlapdyr. Onuň pikiriçe, otaglary diňe arssaçylyk yzygiderli gözegçilikde saklanan ýagdaýynda, her zadyň öz durmaly ýeri doly kesgitlenende arassa we tertipli saklap bolýar.


«Anonim zatlar» usuly şu hili ýagdaýlarda ýerine düşer:


• zatlary öz ýerinde goýmagy endigiňe öwren mahalyňda;


• ýakynlaryňdan öý ýygnaşmagyny soramak;


• öýdäki zatlary üç guta bölmek: «Zyňmak», «Satmak ýa-da kimdir birine bermek», «Ýygnap goýmak»;


• 30 sekuntdan az wagt alýan işi soňa goýmaly däl (mysal üçin, tarelkany ýuwmak — iýdiň, ýuwduň, ýygnadyň);


• öýüňize ýygy-ýygydan gyraky göz bilen seredip, nätsem gowy bolar diýen nazar bilen yzygiderli seredip görmek.


«Özüňe sowal bilen ýüzlen: Ýangyn dörän halatynda öýden nämeleri gerek diýip çykarardym?!». Bu özboluşly usuly bolsa «ot alýan öý» usulyny oýlan Elison Hojson teklip edýär. Öýünde ýangyn hadysady döräp, diňe özüni, noutbugyny hem-de fotoenjamyny halas edip ýetişen amerikan zenany öýdäki zatlara täzeçil garaýyş bilen seredip başlapdyr. Elisonyň belleýşi ýaly, birmahallar zyňmaga dözmedik egin eşikleri şkafyň aňry çetinde galyp, soňra olaryň o diýen bir zerur bolmandygy üçin nähili geýimlerdigi hem hakydasynda galmandyr. Şonuň üçin, bu usula görä bir tarapdan öýde diňe halaýan egin eşikleriňi, hatda «ot alaýan» halatynda-da tapyp alyp çykjak zatlaryňy goýmaly.


Ýönekeýje mümkinçiliklerden peýdalanyp, öýi höwes bilen ýygnar derejede özüňi ruhlandyryp bolýar, hatda muny başgaça oýlap öz ýygnaýyş usulyňy hem döredip bolar. Emma esasy zat «Arassaçylygyň saglygyň girewidigini» hiç wagt ýadyňdan çykarmaly däl.

54
122
Lilia_
18.10.2023 00:50

Durmuş akymynyň gitdigiçe tizleşip barýandygy, ekologiýanyňam göwnüňe jaý däldigi, işiň başagaýlyklary, nirä seretseň çendenaşa köp maglumatlar, üstesine-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýetirilýän pajygaly habarlardyr täzelikler — bu faktorlaryň hemmesi ýygnanyp-ýygnanyp, püre-pür bolýar-da, dowamly stress ýagdaýa düşmäge, emosional ýadawlyga sezewar bolmaga getirýär, bu bolsa fiziki we akyl taýdan kesel edip bilýär.


Her kimiň dowamly stresse garşy ulanýan öz ýaragy bar: kimse beýle ýagdaýda uklamagy göwnüne jaý görýän bolsa, kimdir biri professional psihologlaryň we newrologlaryň berýän maslahatlaryny ygtybarly hasap edýär, ýene birleri bolsa bu dertden güýmenje bilen saplanýar.


Yzygiderli ýüze çykýan stressiň ýagdaýy medikamentoz bejergi we psihoterapiýa bilen alyp çykyp boljak derejä ýetmänkä, hemmelere elýeterli bolan has ýönekeý usullary ulanmak ýerlikli bolar. Mysal getirilýän bu täsirli maslahatlardan her kim özüne laýyk gelýänini saýlap bilse gerek.


Öýi aňrybaş derejede tertipleşdirmek. Köpler bu usuly stress bilen göreşmekde işjeň ulanýarlar. Öý goşlaryny tertipleşdirmek, edil pikirleriňi tertibe salmak bilen sinonim görülýär diýilse-de ýalňyş bolmaz.

Sport bilen meşgullanmak. Adamyň fiziki işjeň ýagdaýda bolmagy ony emosional dartgynlylykdan dyndyryp biler, şol bir wagtyň özünde-de keýpiňi götermäge ýardam edýän daş keşbiňi sazlar.


Dem alyş maşklary. Bu usul adamy rahatlandyrýar, ýürek işjeňligini kadalaşdyrýar.


Aromaterapiýa. Lawandanyň, kedriň, ilang-ilangyň, bergamotyň aroma-lampa ýa-da wanna goşulan efir ýaglary ýadawlygy hem-de aşa tolgunmany aýyrýar, örän optimistik rahatlygy bagyş edýär we ukusyzlykdan halas edýär.


Tans. Öýde aýnanyň öňünde ýa-da ýörite gurnaklarda, toparlarda ýa-da aerobika sapaklarynda tans etmek bolýar. Ritmiki kybap gelýän sazyň äheňine erkin hereket etmek negatiw energiýany zyňyp taşlamaga, kelläňi güwledýän pikirlerden sak durmaga mümkinçilik berýär.


Mundan başga-da, birnäçe ýurtlarda mental saglygyňy tut ýaly sazlamaga we adaty, gündelik «ýüregiňe düşjek» zatlarda bagt uçgunlaryny görmäge esas berýän käbir düşünjelerdir amallar bar.


«Hýugge» — Daniýanyň bagt pelsepesi bolup, oňa laýyklykda adam agyr iş günlerinden soň rahat kresloda göwnüne aram berýän çaýyndan owurtlapjyk ýa-da ýyljajyk ýorganyna dolanyp mähir duýmak ýaly... ownujak zatlardan uly dünýä tapmagy öwrenmelidir. Tüýs lezzet berýän iýmit, ýüregiňe oňaýly eşikler, garyndaşlaryň ýa-da dostlaryň bilen ýakymly gatnaşmak — bularyň hemmesi şatlyk we rahatlyk paýlaýar.


«Friluftsliw» — norwegleriň tebigat bilen bitewilik dogrusyndaky pelsepesi. Bu — seýilgähe, derýanyň boýuna, kölüň ýakasyna adaty gezelenç etmek ýa-da rýukzakly uzak ýola ýöräp gidip, gijesine ýolugra çadyr dikip, ýa bolmasa-da suwuň kenarynda ýatyp ertire çykmak ýaly dynç alyş bolup biler.


Ýaponlaryň «sinrin-ýoku» durmuş ýörelgesi hem, bir tarapdan, «friluftsliwe» çalym edýär, muňa tokaýdaky meditasiýa gezelenjiniň tejribesi diýseňem boljak. Tokaýyň içi bilen ýöräp şähdiňi açýan mahalyň telefona ünsüňi sowmazlyk üçin sessiz ýa-da uçar režiminde goýmak maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde uzak ýerlere çykmak hökmanam däldir: şäher seýilgähine ýa-da töwerekde bar bolsa ýaşyl bir meýdança çyksaňyzam ýeterlik bolar. Gezelençde wagtyňda ähli duýgularyňa «ganat açmaga» mümkinçilik beriň: agaçlaryň şygyrdysyny, guşlaryň jürküldisini diňläň, gök öwüsýän ýapraklaryň we ýeriň hoşboý ysyny öýkeniňize dartyň, agaçlaryň gabygyndaky durmuşa çalymdaş şekillere nazar aýlaň, olaryň ellemek bilen, agaçlaryň ýürek urgusyny diňläň.


Mahlasy, stress bilen göreşmäge ýardam berjek bu maslahatlar negatiw pikirlerden dynmaga, oňyn duýgulara ünsi jemlemäge, esasanam emosional taýdan ýeterlik dynç almaga gönükdirilendir.

72
240
Lilia_
17.10.2023 21:19
Seniň bilen geçen bagtly günlermi,
Ýatlanymda dolup gidýär damagym.
Bilýän baky gidemden soň dünýeden,
Ýaňaklarňa gözýaş bolup damaryn.

Bahargül Mejidowa.
45
53
Lilia_
16.10.2023 20:25
"Yşk bormy ataşda ýanmasa " diýdiň,
Ot bile suwadym ýüregmi,läläm.
"Yşk bormy aýazda doňmasa " diýdiň,
Sözüňe doladym ýüregmi,läläm.

"Yşk bormy guş bolup uçmasa " diýdiň,
Hyýallaryň ganatyndan asyldym.
"Yşk bormy topragy guçmasa " diýdiň,
Dyz epip patasyn aldym asyrlaň.

"Yşk bormy takady bolmasa" diýdiň,
Sekuntlara,minutlara daňyldym.
"Yşk bormy bagt näme,bilmese" diýdiň,
Balyk bolup derýalara zyňyldym...

Ine indem alkymyňa barýaryn,
Ýüregimiň ýamalary näler kän.
Şundan soňam ýene yşk bormy diýseň,
Näderkäm?!

Aşyr Hanow
49
33