Lilia_
18.10.2023 00:50

Durmuş akymynyň gitdigiçe tizleşip barýandygy, ekologiýanyňam göwnüňe jaý däldigi, işiň başagaýlyklary, nirä seretseň çendenaşa köp maglumatlar, üstesine-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýetirilýän pajygaly habarlardyr täzelikler — bu faktorlaryň hemmesi ýygnanyp-ýygnanyp, püre-pür bolýar-da, dowamly stress ýagdaýa düşmäge, emosional ýadawlyga sezewar bolmaga getirýär, bu bolsa fiziki we akyl taýdan kesel edip bilýär.


Her kimiň dowamly stresse garşy ulanýan öz ýaragy bar: kimse beýle ýagdaýda uklamagy göwnüne jaý görýän bolsa, kimdir biri professional psihologlaryň we newrologlaryň berýän maslahatlaryny ygtybarly hasap edýär, ýene birleri bolsa bu dertden güýmenje bilen saplanýar.


Yzygiderli ýüze çykýan stressiň ýagdaýy medikamentoz bejergi we psihoterapiýa bilen alyp çykyp boljak derejä ýetmänkä, hemmelere elýeterli bolan has ýönekeý usullary ulanmak ýerlikli bolar. Mysal getirilýän bu täsirli maslahatlardan her kim özüne laýyk gelýänini saýlap bilse gerek.


Öýi aňrybaş derejede tertipleşdirmek. Köpler bu usuly stress bilen göreşmekde işjeň ulanýarlar. Öý goşlaryny tertipleşdirmek, edil pikirleriňi tertibe salmak bilen sinonim görülýär diýilse-de ýalňyş bolmaz.

Sport bilen meşgullanmak. Adamyň fiziki işjeň ýagdaýda bolmagy ony emosional dartgynlylykdan dyndyryp biler, şol bir wagtyň özünde-de keýpiňi götermäge ýardam edýän daş keşbiňi sazlar.


Dem alyş maşklary. Bu usul adamy rahatlandyrýar, ýürek işjeňligini kadalaşdyrýar.


Aromaterapiýa. Lawandanyň, kedriň, ilang-ilangyň, bergamotyň aroma-lampa ýa-da wanna goşulan efir ýaglary ýadawlygy hem-de aşa tolgunmany aýyrýar, örän optimistik rahatlygy bagyş edýär we ukusyzlykdan halas edýär.


Tans. Öýde aýnanyň öňünde ýa-da ýörite gurnaklarda, toparlarda ýa-da aerobika sapaklarynda tans etmek bolýar. Ritmiki kybap gelýän sazyň äheňine erkin hereket etmek negatiw energiýany zyňyp taşlamaga, kelläňi güwledýän pikirlerden sak durmaga mümkinçilik berýär.


Mundan başga-da, birnäçe ýurtlarda mental saglygyňy tut ýaly sazlamaga we adaty, gündelik «ýüregiňe düşjek» zatlarda bagt uçgunlaryny görmäge esas berýän käbir düşünjelerdir amallar bar.


«Hýugge» — Daniýanyň bagt pelsepesi bolup, oňa laýyklykda adam agyr iş günlerinden soň rahat kresloda göwnüne aram berýän çaýyndan owurtlapjyk ýa-da ýyljajyk ýorganyna dolanyp mähir duýmak ýaly... ownujak zatlardan uly dünýä tapmagy öwrenmelidir. Tüýs lezzet berýän iýmit, ýüregiňe oňaýly eşikler, garyndaşlaryň ýa-da dostlaryň bilen ýakymly gatnaşmak — bularyň hemmesi şatlyk we rahatlyk paýlaýar.


«Friluftsliw» — norwegleriň tebigat bilen bitewilik dogrusyndaky pelsepesi. Bu — seýilgähe, derýanyň boýuna, kölüň ýakasyna adaty gezelenç etmek ýa-da rýukzakly uzak ýola ýöräp gidip, gijesine ýolugra çadyr dikip, ýa bolmasa-da suwuň kenarynda ýatyp ertire çykmak ýaly dynç alyş bolup biler.


Ýaponlaryň «sinrin-ýoku» durmuş ýörelgesi hem, bir tarapdan, «friluftsliwe» çalym edýär, muňa tokaýdaky meditasiýa gezelenjiniň tejribesi diýseňem boljak. Tokaýyň içi bilen ýöräp şähdiňi açýan mahalyň telefona ünsüňi sowmazlyk üçin sessiz ýa-da uçar režiminde goýmak maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde uzak ýerlere çykmak hökmanam däldir: şäher seýilgähine ýa-da töwerekde bar bolsa ýaşyl bir meýdança çyksaňyzam ýeterlik bolar. Gezelençde wagtyňda ähli duýgularyňa «ganat açmaga» mümkinçilik beriň: agaçlaryň şygyrdysyny, guşlaryň jürküldisini diňläň, gök öwüsýän ýapraklaryň we ýeriň hoşboý ysyny öýkeniňize dartyň, agaçlaryň gabygyndaky durmuşa çalymdaş şekillere nazar aýlaň, olaryň ellemek bilen, agaçlaryň ýürek urgusyny diňläň.


Mahlasy, stress bilen göreşmäge ýardam berjek bu maslahatlar negatiw pikirlerden dynmaga, oňyn duýgulara ünsi jemlemäge, esasanam emosional taýdan ýeterlik dynç almaga gönükdirilendir.

72
240
izabel
18 Oktýabr 2023
Köp sagboluň gaty gowy maslahat 👏👏👍🏻
fasat
18 Oktýabr 2023
👍👍👍
lola
18 Oktýabr 2023
Gaty gowy maslahat sag bolun
hojanyyazow
18 Oktýabr 2023
ghjkc
18 Oktýabr 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.