lord
11.07.2023 16:09
Möminiň göwnüne degmegiň günäsi Käbäni üç gezek ýykmagyň günäsine deňdir.
#Hadys
17
70
lord
10.07.2023 11:12
Ählisi şowuna, işleri oňan
Keýpleri asmanda, kelleler doňan
Etjek işin edip, bolansoňlaram,
Bir bendäň bagtyna meň bolup barýar.

@ylham_gurbanaly
15
50
lord
09.07.2023 23:07
Siziň gowularyňyz o Dünýäniň işi diýip bu Dünýäniň işini, bu Dünýäniň işi diýip o Dünýäniň işini unutmaýanlaryňyzdyr..

#Hadys
14
85
lord
07.07.2023 11:31
1. Türkiýe Jumhuriýeti🇹🇷:
Paýtagty: Ankara
Meýdany: 780 580 km^2.
İlaty: 83 million töweregi
Döwlet dili: Türk
Geografik ýeri: G.o-G.b(Kiçi) Aziýa
Etniki gelip çykyşy: Türki, Oguz
Garaşsyzlyk alan senesi: 30. 10. 1923

2. Türkmenistan🇹🇲:
Paýtagty:Aşgabat
Meýdany: 491 210 km^2
İlaty: 6.4 milliona golaý
Döwlet dili: Türkmen
Geografik ýeri: Merkezi Aziýa
Etniki gelip çykyşy: Türki, Oguz
Garaşsyzlyk alan senesi: 27. 10. 1991

3. Azerbaýjan Respublikasy🇦🇿:
Paýtagty: Baku
Meýdany: 86 600 km^2
İlaty: 10 million töweregi
Döwlet dili: Azerbaýjan
Geografik ýeri: G.o-G.b (Kawkaz) Aziýa
Etniki gelip çykyşy: Türki, Oguz
Garaşsyzlyk alan senesi: 18. 10. 1991

4. Gazagystan Respublikasy🇰🇿:
Paýtagty: Astana
Meýdany: 2 724 902 km^2
İlaty: 18 milliondan gowrak
Döwlet dili: Gazak
Geografik ýeri: Merkezi Aziýa
Etniki gelip çykyşy: Türki, Gypjak
Garaşsyzlyk senesi: 16. 12. 1991

5. Özbegistan Respublikasy🇺🇿:
Paýtagty: Daşkent
Meýdany: 447 400 km^2
İlaty: 36 milliondan gowrak
Döwlet dili: Özbek
Geografik ýeri: Merkezi Aziýa
Etniki gelip çykyşy: Türki, Gypjak (Çagataý)
Garaşsyzlyk senesi: 01. 09. 1991

6. Gyrgyzystan Respublikasy🇰🇬:
Paýtagty: Bişkek
Meýdany: 198 500 km^2
İlaty: 7 million töweregi
Döwlet dili: Gyrgyz
Geografik ýeri: Merkezi Aziýa
Etniki gelip çykyşy: Türki, Gypjak
Garaşsyzlyk senesi: 31. 08. 1991
21
192
lord
04.07.2023 19:38
5 günlik ýalançy:
1. Doglan
2. Mekdebe salam beren
3. Öýlenen
4. Perzende ýüzüň düşen
5. Jynaza okalan güni

Tükmençilikde halanylmaýan 7 zat:
1. Ene-ata el göteren
2. Watana dönüklik eden
3. Ýanýoldaşyna ikilik eden
4. Zorluk bilen zyna eden
5. Öz janyna kast eden
6. Serhoşlukda ölen
7. Egni ýasgynjak donluka ölen

Türkmençilikde salamlaşylmaýan 7 pursat:
1. Hajathalarda
2. Hammamda
3. Ýuwunyp duran bilen
4. Arak-şerap içip oturan bilen
5. Uklap ýatan bilen
6. Nahar iýip oturan bilen (eger-de agzynda iýmit bar bolsa)
7. Namaz okap duran bilen

Bagtsyzlyga alyp barýan 7 günä:
1. Taňra şek ýetirmek
2. Galp işler bilen meşgullanmak
3. Birini nä hak öldürmek
4. Süýthorluk
5. Ýetimiň hakyny iýmek
6. Watan goragyndan gaça durmak
7. Wepaly dostuňa (şol sanda, ýanýoldaşyňa) ýaramaz söz aýtmak.
30
184
lord
21.06.2023 01:03
...Ynamly duýgy düşünjesiniň esasynda söýginiň ýoldaşy bolmaklygyň ýatda galyjy mysaly „Eastern Airlines“ awiaýolunyň stýuardessasy görkezdi. Soňky on sekiz ýylyň içinde men takmynan 5000 uçuş etdim, şonuň üçin hem men uçarda bolup biläýjek ähli pursatlary başdan geçirdim. Emma men Atlantadan Çikago uçuşdaky ýaly wakany hiç wagt görmändim. Haçanda men birinji klasyň salonyndan geçip, uçaryň yzynda ýerleşýän „göle wagonyma“ tarap ugranymda, men uludan ýylgyrýan, bägül çemenini elinde saklap duran stýuardessany gördüm. „Bu adaty däl“ diýip, men pikir etdim. Alçak adam bolandygym sebäpli, deňinden geçenimde sorap geçdim: „Size bu gülleri ýigidiňiz alyp berdimi?“ Ol şeýle jogap berdi: „Ýok“. „Onda kim?“ „Meniň özüm!“. Geň, şeýle gerek? Men näme diýjegimi bilmedim we öz ýerimde oturdym.
Men onuň jogaby barada oýlanman durup bilmedim. Ol meni şeýle bir gyzyklandyrdy welin, men entek uçar terminaldan sowlup ýetişmänkä onuň ýanyna bardym we tanyşlyk berdim. Onuň mesihidigini bilip, men şeýle diýdim: „Men size örän şahsy soragy berip bilerinmi? Näme üçin siz özüňize munça güli aldyňyz?“ „Sebäbi men özümi söýýärin" - diýip, ol jogap berdi.
Oýlanyp görüň, özüni söýýändigi üçin ol özüne bägül çemenini satyn
aldy!

Joş Makdawell, "Söýgüniň syry" kitaby, 33-nji sahypa( Originally published in English as The Secret of Loving by Josh McDowell.
© 1985 by Here’s Life Publishers, Inc.)
21
62
lord
19.06.2023 15:15
Hemme zat seretmek bilen başlar:)
16
101
lord
17.06.2023 15:28
Bir gün goňşym bizi nahara çagyrypdy. Öňümizde hurma we ýag goýdy. Saçagyň başynda bir horasanly hem bardy. Ol nahar iýýärkä, saçaga ýagy köp damdyrýardy. Men ýanymda oturandan:
-Bu adam näme edýär? Ýag iýmegi bilmeýärmi? Ýagy köp dökýär- diýdim.
Ýanymdaky adam:
-Bilýärmiň näme üçin?- diýdi.
Men:
-Ýok- diýdim.
Onda ýanymdaky adam maňa:
Sebäbi bu saçak onuňky, ol öz saçagyny ýaglamak isleýär- diýdi.
Soň ýaňky horasanly aýalynyň saçagy gyzgyn suw bilen ýuwandygyny, ýagyň bolsa saçakdan aýrylandygyny görüp gaharlandy we aýalynyň talagyny berdi.

Abu Osman Jahyz, Husytlar barada kitap
19
411
lord
16.06.2023 13:16
Dünýäde harby gudraty boýunça 25 sany iň güýçli döwletler:
1. ABŞ
2. Russiýa
3. Hytaý
4. Germaniýa
5. Birleşen Karollyk
6. Fransiýa
7. Ýaponiýa
8. Ysraýyl
9. Saud Arabystany
10. Günorta Koreýa
11. Birleşen arap Emirlikleri
12. Kanada
13. Eýran
14. Şweýsariýa
15. Awstraliýa
16. Türkiýe
17. Hindistan
18. İtaliýa
19. Yrak
20. Singapur
21. Şwesiýa
22. Päkistan
23. İspaniýa
24. Katar
25. Belgiýa
15
257
lord
13.06.2023 17:11
Bu ýer ABŞ-da ýerleşip, "Dörtburçlyk" diýlip atlandyrylýar. Bu ýere şeýle at berlimeginiň sebäbi, dört ştatyň, ýagny Arizona, Ýuta, Kolorado hem-de Nýu-Meksika ştatlarynyň dörtburçlyk şekilde serhetleşmegidir. Gyzykly ýeri, bu ýerdäki adam deň derejede dört ştatda-da bolup bilýändigindedir.
21
182