lord
21.06.2023 01:03
...Ynamly duýgy düşünjesiniň esasynda söýginiň ýoldaşy bolmaklygyň ýatda galyjy mysaly „Eastern Airlines“ awiaýolunyň stýuardessasy görkezdi. Soňky on sekiz ýylyň içinde men takmynan 5000 uçuş etdim, şonuň üçin hem men uçarda bolup biläýjek ähli pursatlary başdan geçirdim. Emma men Atlantadan Çikago uçuşdaky ýaly wakany hiç wagt görmändim. Haçanda men birinji klasyň salonyndan geçip, uçaryň yzynda ýerleşýän „göle wagonyma“ tarap ugranymda, men uludan ýylgyrýan, bägül çemenini elinde saklap duran stýuardessany gördüm. „Bu adaty däl“ diýip, men pikir etdim. Alçak adam bolandygym sebäpli, deňinden geçenimde sorap geçdim: „Size bu gülleri ýigidiňiz alyp berdimi?“ Ol şeýle jogap berdi: „Ýok“. „Onda kim?“ „Meniň özüm!“. Geň, şeýle gerek? Men näme diýjegimi bilmedim we öz ýerimde oturdym.
Men onuň jogaby barada oýlanman durup bilmedim. Ol meni şeýle bir gyzyklandyrdy welin, men entek uçar terminaldan sowlup ýetişmänkä onuň ýanyna bardym we tanyşlyk berdim. Onuň mesihidigini bilip, men şeýle diýdim: „Men size örän şahsy soragy berip bilerinmi? Näme üçin siz özüňize munça güli aldyňyz?“ „Sebäbi men özümi söýýärin" - diýip, ol jogap berdi.
Oýlanyp görüň, özüni söýýändigi üçin ol özüne bägül çemenini satyn
aldy!

Joş Makdawell, "Söýgüniň syry" kitaby, 33-nji sahypa( Originally published in English as The Secret of Loving by Josh McDowell.
© 1985 by Here’s Life Publishers, Inc.)
21
63
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.