Bir gün goňşym bizi nahara çagyrypdy. Öňümizde hurma we ýag goýdy. Saçagyň başynda bir horasanly hem bardy. Ol nahar iýýärkä, saçaga ýagy köp damdyrýardy. Men ýanymda oturandan:
-Bu adam näme edýär? Ýag iýmegi bilmeýärmi? Ýagy köp dökýär- diýdim.
Ýanymdaky adam:
-Bilýärmiň näme üçin?- diýdi.
Men:
-Ýok- diýdim.
Onda ýanymdaky adam maňa:
Sebäbi bu saçak onuňky, ol öz saçagyny ýaglamak isleýär- diýdi.
Soň ýaňky horasanly aýalynyň saçagy gyzgyn suw bilen ýuwandygyny, ýagyň bolsa saçakdan aýrylandygyny görüp gaharlandy we aýalynyň talagyny berdi.
Abu Osman Jahyz, Husytlar barada kitap