lord
17.08.2022 00:12
Şu günler üýtgeşik duýga sepleşdim,
Düýn düýşümde ýylan bilen gepleşdim.

Diýdim: "Zäher neýçün saňa berildi,
Çakan zadyň sagat geçmän serildi.

Aýaksyzam bolsaň batly ýörediň,
Adamzada gorky bilen dörediň.

Bize berlen bolsa köp bordy derman,
Sagdyn borduk, beýle kösenip ýörmän".

Ýylan seretdi-de: "Pikir et..." diýdi,
"Hemem sen bir zada şükür et" diýdi.

Diýdi: "Zäher berlen bolsa adama,
Garaşmak gerek däl asla ýardama.

Dünýäni adamsyz soldurardyňyz,
Bir-biriňi çakyp öldürerdiňiz..."


Kerim Hally
18
146
lord
16.08.2022 18:55
(+)×(-)=(-) Negatiwler bilen çekeleşersiňiz we soňy negatiw bolar, (+)÷(-)=(-) Negatiwlere kelläňizi agyrdarsyňyz we soňy negatiw bolar, (+)-(-)=(+) Negatiwleri durmuşuňuzdan çykararsyňyz we ahyrsyňy pozitiw bolar..
12
66
lord
04.06.2022 10:14
Hadys:

"Salamy ilkinji berýän, tekepbirlikden halasdyr".

-Hz. Muhammet Mustafa s.a.w.


Hemmä es-salawmaleýkim👋

23
366
lord
lord
02.06.2022 22:18
AKWAPARK 🙆♂:
lord
lord
02.06.2022 21:48
İşiň yzygiderligi:
lord
02.06.2022 16:23

-Gel, gizlenpeçek oýnaly.

-Onsaň.

-Meni tapsaň size durmuşa çykaryn.

-Eger tapyp bilmesem näme?

-Onda şkafyň içinde bolaryn.

-Köpbilmiş😅

17
211
lord
02.06.2022 16:16

Allah öz söýen gulunyň kalbyny, onuň söýen gulunuň kalbyna birleşdirer.


-Hz. Muhammet s.a.w.
20
86
lord
lord
30.05.2022 23:53
Şunda VPN işleýän ýalyla ;)
lord
30.05.2022 23:52
Albaniýada, Gresiýada, Bolgariýada, Wengriýada adamlaryň baş ýaýkamagy "Hawa" diýmegi aňladýar, tersine, "Ýok" diýjek bolsalar baş atýarlar.

Birinji Jahan urşunda 14 million adam uruş zerarly wepat bolan bolsa, uruşdan köp bolmadyk wagtdan soň ýaýran "İspan gribi" epidemiýasy 20 million adamyň janyny alypdyr.

İkinji Jahan urşy döwründe "Oskar" baýragyna mynasyp bolanlara Heýkeljigi gipsden ýasap gowşurupdyrlar. Uruş gutarandan soň bolsa, uruş döwrunde gipsden ýasalyp eýelerine gowşurulan baýraklary demir we altyn heýkeljiklere çalşyp beripdirler.

Wladimr Putin КГБ-da işlän döwründe ony "моль" (güýe) lakamy bilen atlandyrypdyrlar.

Wolfgang Amadeý Mosart heniz 5-ýaşlyja wagty saz çalyp başlapdyr.

Gaý Ýuliý Sezar "Lawr" agajynyň şahalaryndan çemen şeklinde başyna dakypdy. Köp peýdalanýandygy üçinem gysga wagtda onuň saçy düşüp kel boldy.

Hytaý İmperatory Sýan Lun gaýgyly saz çalanlara ölüm jezasyny beripdir.

  Dünýäde diňe iki sany döwletiň, Şweýsariýanyň hemem Naurunuň resmi paýtagty ýokdur. Şweýsariýanyň paýtagty göýä ylymda Bern şäheri diýilmegine garamazdan, aslynda, ol konfederal şäher, Şweýsariýa bolsa döwlet gurluşy boýunça federasiýadyr. Okeaniýada ýerleşýän Nauru döwletiniň bolsa ýuridiki paýtagty bellenilmedikligine garamazdan, döwleti dolandyrýan binalar Ýaren okrugunda jemlenendir.
9
101
lord
24.05.2022 01:27
İsleýän zadym bolmaýar diýip gynanma, ýa gowusy boljakdyr, ýa-da seniň üçin iň haýyrlysydyr.

Möwlana
14
82