https://owrenmeli.app/24833-tasin-faktlar.html#comment
lord
30.05.2022 23:52
Albaniýada, Gresiýada, Bolgariýada, Wengriýada adamlaryň baş ýaýkamagy "Hawa" diýmegi aňladýar, tersine, "Ýok" diýjek bolsalar baş atýarlar.
Birinji Jahan urşunda 14 million adam uruş zerarly wepat bolan bolsa, uruşdan köp bolmadyk wagtdan soň ýaýran "İspan gribi" epidemiýasy 20 million adamyň janyny alypdyr.
İkinji Jahan urşy döwründe "Oskar" baýragyna mynasyp bolanlara Heýkeljigi gipsden ýasap gowşurupdyrlar. Uruş gutarandan soň bolsa, uruş döwrunde gipsden ýasalyp eýelerine gowşurulan baýraklary demir we altyn heýkeljiklere çalşyp beripdirler.
Wladimr Putin КГБ-da işlän döwründe ony "моль" (güýe) lakamy bilen atlandyrypdyrlar.
Wolfgang Amadeý Mosart heniz 5-ýaşlyja wagty saz çalyp başlapdyr.
Gaý Ýuliý Sezar "Lawr" agajynyň şahalaryndan çemen şeklinde başyna dakypdy. Köp peýdalanýandygy üçinem gysga wagtda onuň saçy düşüp kel boldy.
Hytaý İmperatory Sýan Lun gaýgyly saz çalanlara ölüm jezasyny beripdir.
Dünýäde diňe iki sany döwletiň, Şweýsariýanyň hemem Naurunuň resmi paýtagty ýokdur. Şweýsariýanyň paýtagty göýä ylymda Bern şäheri diýilmegine garamazdan, aslynda, ol konfederal şäher, Şweýsariýa bolsa döwlet gurluşy boýunça federasiýadyr. Okeaniýada ýerleşýän Nauru döwletiniň bolsa ýuridiki paýtagty bellenilmedikligine garamazdan, döwleti dolandyrýan binalar Ýaren okrugunda jemlenendir.
9
112