Şu günler üýtgeşik duýga sepleşdim,
Düýn düýşümde ýylan bilen gepleşdim.
Diýdim: "Zäher neýçün saňa berildi,
Çakan zadyň sagat geçmän serildi.
Aýaksyzam bolsaň batly ýörediň,
Adamzada gorky bilen dörediň.
Bize berlen bolsa köp bordy derman,
Sagdyn borduk, beýle kösenip ýörmän".
Ýylan seretdi-de: "Pikir et..." diýdi,
"Hemem sen bir zada şükür et" diýdi.
Diýdi: "Zäher berlen bolsa adama,
Garaşmak gerek däl asla ýardama.
Dünýäni adamsyz soldurardyňyz,
Bir-biriňi çakyp öldürerdiňiz..."
Kerim Hally