Läle🌼
18.06.2022 18:43
Söýgä soraglarym


Söýgi sen gudratmy, şatlykmy, hasrat,
Perişdemiň ýa ýaradan senmi?!
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde,
Asmany Zemini döreden senmi?!

Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip, käte odun ölçerip,
"Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp,
Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!

Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany,
Selbini agladyp, aşyk Hemrany,
Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!

Barha alawladyp yşgyň körügin,
Penjesine düşüp gepçi, görübiň,
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Garasyn görmäge zar eden senmi?!

Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni,
Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny,
Meňliden aýyryp Magtymgulyny,
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!

Ak ýol arzuw edip,gökde pel-pelläp,
Bürgüt aşyklary ýürekden goldap.
Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap,
Gaňňalyň,oýunda eňreden senmi?!

Bir zady bilemok, barmyka aýby,
Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,
Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi,
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!
11
102
Läle🌼
08.03.2022 21:54
Salam öwrenmeliniň mähirli gelin -gyzlary! Bahar paslynyñ ilkinji günlerinde bellenilýän 8-nji mart - Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýan. Size berk jan saglygyny, asuda asmanyñ astynda, parahat zeminiñ üstünde, şatlykly, bagtly ýaşamagyñyzy arzuw edýärin.Arzuw, umyt, söýgi ýaly dünýäniñ iñ ajaýyplyklarynyñ bahar paslynyñ çagbasy ýaly üstüñizden ýagyp durmagyny, bahar paslynyñ zemine berýän gözel görnüşi ýaly ýylgyrşyñ ýüzüñizden hiç wagt gitmezligini Hak Tagaladan dileýärin! Goý, bu gün ähli arzuw-islegleriñiz hasyl bolsun! Baýramyñyz gutly bolsun! Dünýäni gözelleşdirýän zenandyr!

Gutlamak bilen Läle 🌼
14
74
Läle🌼
23.01.2022 20:22
Bir kadının alnı dudaklarından daha değerlidir. Çünkü dudaklarından dökülecek olan "seni seviyorum" sözü, önceden alnına yazılmıştır...


Herkes fazlasıyla sevmiş, ben ekleriyle de sevdim oysa...


İmkânsızlıkları yaşamak mıdır sevmek, yoksa severken imkânsız mıdır yaşayabilmek ?

Sus be yüreğim! Bende bilmiyorum özlediğimi. Sus da bilmesin özlendiğini...


Benim söylemek için çırpındığım gecelerde siz yoktunuz...


Ne zaman imkansızı seversın, işte o zaman gerçek seversin...


Neyine bağlandım bu kadar, bana bakmayan gözlerine mi yoksa benim olmayan kalbine mi?

Ben gülüşüne öldüm, o ölüşüme güldü
Farklıydık işte...

Aşk görmekten çok özlemeyi sever,
Dokunmaktan çok düşlemeyi ve aşk öyle bir haindir ki nerde imkansız var gider onu sever...


Bazen dayanmaktır sevmek; hayat nereden vurursa vursun ayakta durabilmek. Bazen yaşamaktır sevmek; soluksuz ciğer gibi sevgisiz kalbin duracağını bilmek. Bazen ağırdır sevmek; sevdiğine layık olabilmek. Ve bazen hayattır sevmek; birini çok uzaktayken bile, yüreğinde taşıyabilmek...


ÖZDEMİR ASAF...🌼

14
203
Läle🌼
27.09.2021 00:07
Yalnızlık zannetmeyin kimsesiz olmaktır. Asıl yalnızlık kimsen varken kimsesiz olmaktır 🍂
8
72
Läle🌼
22.09.2021 20:17
Kaka



Näme üçindir sen hakda az ýazylýar,
Rugsat ber waspyňy ýazaýyn kaka,
İsleseň iňňede guýy gazylýar,
Pursat ber bir guýy gazaýyn kaka.

Mydam seni dagdan arka saýyp bor,
İň gowy sözleri saňa diýip bor,
Diýäýme erkege gaty aýyp bor,
Taryply sözleri eşitmek kaka.

Ynsaby ýar eden kaka,
Dünýämi ýaz eden kaka,
Bu durmuşyň sen gözbaşy,
Ömrümi saz eden kaka.

Hiç ornuňy tutmaz seniň başgalar,
Söygisi sen diregi sen maşgalaň,
Synmajak ýan bermez dönmez maşgalaň
Sarsmaz binýatsyň sen beýiksiň kaka.

Goý sensiz geçmesin berilen ömür,
Ýaşaýşyň gözbaşy barlygy kaka,
Sähelçe suwsasak ýyly mähriňe,
Bilginiň dünýäniň darlygy kaka.

Gijeler gündizler alada edip,
Hiç zada zar etmän zor eden kaka,
Edebiň mertligiň nusgasy bolup,
Ygrary ynsany ýar eden kaka.

Käbäm ýaly süýji sözlemeseňde,
Gözleňde üýtgeşik süýji bar kaka,
Daglaryň silleriň derýa nilleriň,
Sende bir üýtgeşik güýji bar kaka.

Ynsaby ýar eden kaka,
Dünýämi ýaz eden kaka,
Bu durmuşyň sen gözbaşy,
Dünýämi saz eden kaka.

👨‍👧🖤♥️👨‍👧
11
188
Läle🌼
06.09.2021 01:15
Güller hiç zadyň hemişelik däldigini öwreder bize; ne owadanlyklary hemişelikdir, ne-de soldyklary, sebäbi soňundan täze tohumlar bererler. Bagtly wagtyňam, gynançly wagtyňam ýatla. Hemme zat geçip gider, garrar, öler we täzeden dogar...🌼🌹
13
191
Läle🌼
26.08.2021 00:55
Hiç kime gowy ýa - da erbetdir diýmek bilen çalt karar bermeýän, sebäbi ynsanlar her gezek meni geň galdyrtmagy başardýarlar...







Ýa bolşuňyz ýaly görüniň ýa-da göründigiňiz ýaly boluň!

Hz. Mevlana.
17
254
Läle🌼
22.08.2021 23:55
Aynı gökyüzünün altındayız ama ayrı dünyalarda yaşıyoruz. Hem bu kadar çok yakın bir o kadarda uzak ☁️💔💔💔...
14
176
Läle🌼
12.08.2021 14:54
Sorag?




Özüňizde halamaýan häsiýetiňiz?
10
247
Läle🌼
11.08.2021 22:10
Sorag?


Gün içinde iň köp ulanýan sözüňiz?🙂
10
209