Läle🌼
18.06.2022 18:43
Söýgä soraglarym


Söýgi sen gudratmy, şatlykmy, hasrat,
Perişdemiň ýa ýaradan senmi?!
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde,
Asmany Zemini döreden senmi?!

Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip, käte odun ölçerip,
"Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp,
Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!

Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany,
Selbini agladyp, aşyk Hemrany,
Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!

Barha alawladyp yşgyň körügin,
Penjesine düşüp gepçi, görübiň,
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Garasyn görmäge zar eden senmi?!

Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni,
Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny,
Meňliden aýyryp Magtymgulyny,
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!

Ak ýol arzuw edip,gökde pel-pelläp,
Bürgüt aşyklary ýürekden goldap.
Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap,
Gaňňalyň,oýunda eňreden senmi?!

Bir zady bilemok, barmyka aýby,
Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,
Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi,
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!
11
103
kolinm
20 Yanwar 2024
👍👍👍
ay_kiz_
18 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
zolushka
18 Iýun 2022
Läle🌼,dogry.
Läle🌼
18 Iýun 2022
Zoluşka, iki adamyň bir-birini şol bir wagt söymegi kyn. Pikir edip görüň millionlarça ynsan bar bar hat- da milliardlarça ýöne sen birine, şoňa aşyk bolýaň
zolushka
18 Iýun 2022
Şeýle söýgüsinden aýrylan aşyklar barada okasam gaty erwet ýüregim gyýylýa. Söýen ýetip bilenok söýmedik gadyr bilenok.
Shasoltan
18 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
ylham_1989
18 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
❤❤❤Gülkäbe❤❤❤
18 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.