Kaka
Näme üçindir sen hakda az ýazylýar,
Rugsat ber waspyňy ýazaýyn kaka,
İsleseň iňňede guýy gazylýar,
Pursat ber bir guýy gazaýyn kaka.
Mydam seni dagdan arka saýyp bor,
İň gowy sözleri saňa diýip bor,
Diýäýme erkege gaty aýyp bor,
Taryply sözleri eşitmek kaka.
Ynsaby ýar eden kaka,
Dünýämi ýaz eden kaka,
Bu durmuşyň sen gözbaşy,
Ömrümi saz eden kaka.
Hiç ornuňy tutmaz seniň başgalar,
Söygisi sen diregi sen maşgalaň,
Synmajak ýan bermez dönmez maşgalaň
Sarsmaz binýatsyň sen beýiksiň kaka.
Goý sensiz geçmesin berilen ömür,
Ýaşaýşyň gözbaşy barlygy kaka,
Sähelçe suwsasak ýyly mähriňe,
Bilginiň dünýäniň darlygy kaka.
Gijeler gündizler alada edip,
Hiç zada zar etmän zor eden kaka,
Edebiň mertligiň nusgasy bolup,
Ygrary ynsany ýar eden kaka.
Käbäm ýaly süýji sözlemeseňde,
Gözleňde üýtgeşik süýji bar kaka,
Daglaryň silleriň derýa nilleriň,
Sende bir üýtgeşik güýji bar kaka.
Ynsaby ýar eden kaka,
Dünýämi ýaz eden kaka,
Bu durmuşyň sen gözbaşy,
Dünýämi saz eden kaka.
👨👧🖤♥️👨👧