Kicxi_maniak
30.12.2023 18:49
Geliň, iýen duzumyzy haklalyň,
Täze güne, täze ýyla geçen soň
Ýakynlarymyz kagyz pula satmalyň
Täze güne, täze ýyla geçen soň.


Goý çalyşsyn ýyllaram øz ornuny
Ýaşullaram ýitirmesin gurbuny
Hiç kim üýtgemesin øňki durkuny
Täze güne, täze ýyla geçen soň


Ýagşylaram üýtgemesin pälini
Her kim çeksin ýagta tarap ýoluny
Üzmesinler birek-birekden goluny
Täze güne, täze ýyla geçen soň


Ýüreklere ornasyn, mähirdir, søýgi
Dolanyp gelmesin gussadyr-gaýgy
Her günümiz gurşasyn şatlykly duýgy
Täze güne, täze ýyla geçen soň


awtory:Sahytgeldi Şamuradow

Täze ýylyňyz gutly bolsun...!
30
91
Kicxi_maniak
28.12.2023 10:37
Ekin meýdanynda maňlaý der dôküp,
Gyşy, tomsy, güýzi, bahar ýazy men
Arman hem ýadaman ekinler ekip
Zähmet söýer bir daýhanyň gyzy men



Maksadyndan Murat tapyp hemişe
Al ýaşyl meýdanlaň aýdym-sazy men
Ynam bilen ýapyşyp ol herişe
Zähmet söýer bir daýhanyň gyzy men



Ýazda ekip güýzde ýygyp pagtany
Keşleň içindäki aýak yzy men
Ak altyn dolduryp ganar haltany
Zähmet söýer bir daýhanyň gyzy men



Gyzgyn sowuk diýmän zähmet cekeniň
Sabyr bilen garaşdyran näzi men
Yhlas bilen dürli ekin ekeniň
Tanatsam daýhanyň Şa gyzy men.


awtory:Çynar Azadowa
29
24
Kicxi_maniak
27.12.2023 21:13
Leopardlar gizlenmek ussatlygy bilen ýolbarslary ýa-da gaplaňlary tapmak has kyn.Leopardlar ýerleşýän ýerlerine gaty gowy uýgunlaşýarlar.Gündiz howpy duýýandyklary sebäpli,gije aw awlamagy makul bilýärler.Gündizleri otlaň arasynda ýada agajyň üssünde ýatmagy makul bilýärler.Şonun üçin olar irden ýa-da agşam sagatlarynda hem has işjeňdirler.Adamlar tarapynda gørünmemezligi hem makul bilýärler.Olar ağaçlara çygmaga has økdeleşendirler.Ululygy üçin gaty güýçli bolony üçin hatda sugun we doňuz ýaly agyr ýyrtyjylary hem gøterip bilýärler.Onuň sesi güýçli gykylyga ýa-da gødek gykylyga meňzeýär.Elmydama meňzeş hyzmatdaş ýaşamaýan bolsalar,käbirleri şok bir ýoldaş bilen ýaşaýarlar.
Leopard ýolbars we jaguardan soň ikinji orunda durýar.Uly bedeni bolan pişigiň dørdünjü gørnüşidir.Erkek gaplanyň beýikligi ýaşaýan sebitine baglylykda üýtgesede,90 sm guýrugyny goşmak bilen 2,40 metr bolup biler.Agramy 90 kl ýetip biler.Erkekler aýallardan 20%-40% uly bolup biler.Beýleki uly pişiklere garanyňda uzyn bedeni bilen deňeşdireňde has kıçı aýaklary bar.Olaryň reňkleri palto reňkli bolup ak ørtükleri bolýar. 🐆🐆🐆
36
24
Kicxi_maniak
26.12.2023 00:21
Pişikler ýabany we öýdeçi görnüşi bolup hereketleri bilen adamyň ünsüni çekýär.Eýsem pişikleriñ nähili aýratynlyklary barka!? Pişikler günüň 16 sagadyny uklap geçirip bilýärler.
1963-nji ýylda Fransiýada ilkinji gezek pişik kosmosa uçurylýar.Pişigiň atmosferadan daşyna eden syýahaty şowly tamamlanýar.
Dünýäniň ähli ýerine iň köp ýaýran haýwan pişik hasaplanýar.Dünýäde 500 milliondan gowrak öý haýwany pişigiň bardygy çaklanylýar. Pişigiň ilkinji karikaturasy "Flix the Cat" ady bilen 1919-njy ýylda çap edilýär."Tom we Jerri" multifilmi ilkinji gezek 1940-njy ýylda tomaşyçylara ýetirilýär. Pişigiň murtynyň her tarapynda 12 murty bolýar. Pişikler oýa wagtynyň üçden bir bölegini özlerini arassalamak bilen geçirýärler. Pişikler öz bedeninden 5-6 esse uly aralyga böküp bilýärler.Öý pişikleriniň agramy 4-5 kilogram aralygynda bolýar.Pişikler adamdan çalg ylgaýar.Pişikler ortaça 12-15 ýyl ýaşaýarlar.



Ýene haýsy haýwanlar barada maglumat goýmagmy isleseňiz komentariya ýazyp bilersiňiz 🙂❤️
37
167
Kicxi_maniak
25.12.2023 00:44

Kebelekleriñ dilleri boýlaryndan 3 esse uzyndyr. Boýlaryndan 3 esse uzyn bolan dillerini gülleriň düýbündäki nektary içmek ücin ulanýarlar.Kebelekler bedeniniň gyzgynlygynyň derejesi 28 gradusdan pes bolsa uçup bilmeýärler.

Gara ganatly kebelekler günüň şøhlesiniň kömegi bilen bedenlerinin gyzgynlyk derejesini artdyryp bilýärler.Bu bolsa olaryň uçmagyna ýardam berýär.Ýer ýüzünde kebelekleriň 100 müňden gowrak görnüşi bar. Olardan iň uly görnüşi Günorta Amerika sowkasy bolup, onuň ganatynyň ýazgyn haldaky uzynlygy 30 santimetre ýetýär.Asyl mesgeni Demirgazyk Amerika hasaplanýan şa kebelegi ýumurtgalamak ücin 4 müň kilometre çenli ýol gidýär.

Kebelekler dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler howp abanan mahaly haýal etmän ganatlaryny açýarlar. Bilermenler kebelekleriň ganatlaryny açan wagtlaryndaky kölegesiniň baýguşa meňzeýändigini aýtýarlar.Şonuň ücin hem kebelege topulan guş onu baýguşa meňzedip,ondan el çekýär.Kebelegiň reňkiniň køpdürlüligi we dürli öwüşgünliligi mör-möjekleň hiç biriniňkä meňzemeýär.


inniki postumda haýsy haýwanlar, mör-möjekler hakda maglumat goýmagymy isleseňiz komentariya ýazyp bilersiňiz 🙂❤️

35
198
Kicxi_maniak
24.12.2023 00:15
like plss❤️

øz citatlar💆🏼‍♀️
44
390
Kicxi_maniak
23.12.2023 22:29
v7 prvt mm øvrenmelä täze gellim 🙈
opsxy täze citatlar,gyzykly gürrüňler, goşgular okap bilersiňiz 🙂❤️
40
147
Kicxi_maniak
25.06.2023 00:37

manyly søzler🫶🏻❤️‍🩹

øzüm ýasadym

36
231