Kicxi_maniak
28.12.2023 10:37
Ekin meýdanynda maňlaý der dôküp,
Gyşy, tomsy, güýzi, bahar ýazy men
Arman hem ýadaman ekinler ekip
Zähmet söýer bir daýhanyň gyzy men



Maksadyndan Murat tapyp hemişe
Al ýaşyl meýdanlaň aýdym-sazy men
Ynam bilen ýapyşyp ol herişe
Zähmet söýer bir daýhanyň gyzy men



Ýazda ekip güýzde ýygyp pagtany
Keşleň içindäki aýak yzy men
Ak altyn dolduryp ganar haltany
Zähmet söýer bir daýhanyň gyzy men



Gyzgyn sowuk diýmän zähmet cekeniň
Sabyr bilen garaşdyran näzi men
Yhlas bilen dürli ekin ekeniň
Tanatsam daýhanyň Şa gyzy men.


awtory:Çynar Azadowa
29
24
sabyrly
28 Dekabr 2023
Gowy goşgy haladym awtiry özüñizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.