Kicxi_maniak
25.12.2023 00:44

Kebelekleriñ dilleri boýlaryndan 3 esse uzyndyr. Boýlaryndan 3 esse uzyn bolan dillerini gülleriň düýbündäki nektary içmek ücin ulanýarlar.Kebelekler bedeniniň gyzgynlygynyň derejesi 28 gradusdan pes bolsa uçup bilmeýärler.

Gara ganatly kebelekler günüň şøhlesiniň kömegi bilen bedenlerinin gyzgynlyk derejesini artdyryp bilýärler.Bu bolsa olaryň uçmagyna ýardam berýär.Ýer ýüzünde kebelekleriň 100 müňden gowrak görnüşi bar. Olardan iň uly görnüşi Günorta Amerika sowkasy bolup, onuň ganatynyň ýazgyn haldaky uzynlygy 30 santimetre ýetýär.Asyl mesgeni Demirgazyk Amerika hasaplanýan şa kebelegi ýumurtgalamak ücin 4 müň kilometre çenli ýol gidýär.

Kebelekler dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler howp abanan mahaly haýal etmän ganatlaryny açýarlar. Bilermenler kebelekleriň ganatlaryny açan wagtlaryndaky kölegesiniň baýguşa meňzeýändigini aýtýarlar.Şonuň ücin hem kebelege topulan guş onu baýguşa meňzedip,ondan el çekýär.Kebelegiň reňkiniň køpdürlüligi we dürli öwüşgünliligi mör-möjekleň hiç biriniňkä meňzemeýär.


inniki postumda haýsy haýwanlar, mör-möjekler hakda maglumat goýmagymy isleseňiz komentariya ýazyp bilersiňiz 🙂❤️

35
198
halkijeoglan
26 Dekabr 2023
Hudaya shukur gowy ozuniz gowumy
halkijeoglan
26 Dekabr 2023
@kalp, giç ýagşy
susom
26 Dekabr 2023
@kalp, uky, pul
halkijeoglan
26 Dekabr 2023
@kalp, 🙄
sazsoft
26 Dekabr 2023
🦋
halkijeoglan
25 Dekabr 2023
Leopard
halkijeoglan
25 Dekabr 2023
Ozune gowja seret
halkijeoglan
25 Dekabr 2023
Calak culak inlisce spik
halkijeoglan
25 Dekabr 2023
Ok nice to meet you sleep well 😴 💗
halkijeoglan
25 Dekabr 2023
Bolmasa Dan bilen 10 11 lere turyan su gunki yaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.