Kasymberdi
16.10.2020 11:29
MATEMATIK SORAG...Matematika kim ökde...geliñ göreliñ....sorag:
Bir it bir towşany kowalap barýar....olaryñ arasy 15 metr....It bir bökende 2.5 metr bökýär.....towşan bir bökende 1 metr bökýär.....It bir gezek bökende....towşan iki gezek bökýär.... sorag şeýle: it näçe gezek bökende we näçe metrda towşanyñ yzyndan ýeter...
2
214
Kasymberdi
14.10.2020 00:30
Biz kijijikäk mugallymlar " Oka, öwren, döret" diýip öwretýärdiler....indiki çagalara "ýyk, ýumur, tozat" diýip öwredilýän ýalaý....
11
343
Kasymberdi
13.10.2020 09:56
Bir oglan.... bir gyzdan sorapdyr...
Oglan:
- a gyz figurañ owadan eken nireden aldyñ
Ol gyzam aýnan bolup...
- dükandan...
Oglan:
- näme ýüzüñe puluñ ýetmedimi....

??????
13
837
Kasymberdi
12.10.2020 08:00
Üç dilegim kabul etjek diýseler,
Üç gezek hem şol dilegmi dilejek.
Şol dilegim kabul bolýan bolsady,
Bizi hiçhaçanam garratma diýjek.

Dogry diýýänler like goyun.
9
296
Kasymberdi
11.10.2020 13:37
EJE
-1-
Bary-ýogy üç harpdan ybarat,
Sözi eşdenimde ýürek gyýylýar.
Bokurdagym dolup gözüm ýaşaryp,
Göz ýaşlarym ýañagymdan syrygýar.
-2-
Her gez şol üç harpy eşiden mahalym,
Gaýgy-gamlar gaplap alýar daşymy.
Mylaýym ýakymly şemala dönip,
Sypasady, sypasady başymy.
-3-
Şol üç harpa çagalykdan zar bolup,
Mährin küýsäp geçirdim kän gijeler.
Goşgy ýazýan ýüregimi paralap,
Ine şonda biraz göwnüm ynjalar.
-4-
Ol üç harpa eje diýip aýdylýar,
Ejemjan zar boldym ýyly sözüñe.
Bilýän ruhuñ mydam meniñ ýanymda,
Birje gezek görünäýdä gözüme.


AWTORY: Ataýew Kasym
8
358
Kasymberdi
10.10.2020 00:34
HAÝYŞTYM....

Soñky demimde señ adyñy tutsam,
Söýgilim seni görmän dünýäden ötsem.
Señ bilen hoşlaşman ol baka gitsem,
Gelip bir gezejik mazarym öpgin.

Aglamagyn sen gitdiñ diýip hijem,
Gezegim gelipdir bu meniñ bijäm.
Men seni henizem söýýän süýjüjäm,
Gelip bir mazarym gujaklap gitgin.

Bir gysym topragym bolsun ýanyñda,
Şonda ruhum bolar mydam ýanyñda.
Ezizim senden ýeke haýyştym barda,
Her ýyl mazaryma bir gelip gitgin.

AWTORY: Ataýew Kasym
1
294
Kasymberdi
09.10.2020 15:36
Şükür et
- 1 -
Eý ynsanlar nalamañ siz durmuşdan,
Haka ýalbar beren gününe şükür et.
Aýdypdyra gadym ata-babamyz,
Beýigi görde pikir pesi görde şükür et.
-2-
Säher bilen görseñ dogan güneşi,
Sen sagaman öreniñe şükür et.
Sen özüñi juda bagtly saýgyn,
Bu güne geçmän ötenler kän pikir et.
-3-
Atañ-eneñ ýaşap ýören bolsa jahanda,
Olaryñ barlygyna müñ gez şükür et.
Enesiz-atasyz ýetimler kändir,
Olar neneñ gezýär şonam pikir
-4-
Ogul perzendim ýok diýip gynanma,
Sen gyzly bolanyña müñ gez şükür et.
Dogry ogul bolsa gowydyram weli,
Perzende zar kändir şony pikir et.
-5-
Pulum az, garyp men diýip gynanma,
Barja puluñ bolanyna şükür et.
Bir ýyljak öýüñ bolsa onda sen baýsyñ,
Öýsizler kän jahanda şony pikir et.
-6-
Gündelik iýjegiñ-işjegiñ bolsa,
Onda sen bagtly diñe şükür et.
Köpler şugün tapsa ertiri gaýgy,
Gaty çörege zar kän şony pikir et
-7-
Hiç hassa bolmasañ janyñ sag bolsa,
Onda sen Haka müñ gez şükür et.
Agyr derde uçrap dermanyn tapman,
Hassa bolup ýatanlar kän pikir et.
-8-
Aýdaýyn men size ýenede bir zat
Bu ýagty jahany gördiñ şükür et.
Enäñ göwresinde jan berip çaga,
Bu jahana inmedik kän pikir et.
-9-
Şonuñ üçin mydam Haka sygynalyñ,
O dünýe hakda-da käte pikir et.
Señ ýaşyña ýetmän gidenler kändir,
Şu ýeten ýaşyñ üçin Haka şükür et.

AWTORY: Ataýew Kasym
5
309