Kasymberdi
09.10.2020 15:36
Şükür et
- 1 -
Eý ynsanlar nalamañ siz durmuşdan,
Haka ýalbar beren gününe şükür et.
Aýdypdyra gadym ata-babamyz,
Beýigi görde pikir pesi görde şükür et.
-2-
Säher bilen görseñ dogan güneşi,
Sen sagaman öreniñe şükür et.
Sen özüñi juda bagtly saýgyn,
Bu güne geçmän ötenler kän pikir et.
-3-
Atañ-eneñ ýaşap ýören bolsa jahanda,
Olaryñ barlygyna müñ gez şükür et.
Enesiz-atasyz ýetimler kändir,
Olar neneñ gezýär şonam pikir
-4-
Ogul perzendim ýok diýip gynanma,
Sen gyzly bolanyña müñ gez şükür et.
Dogry ogul bolsa gowydyram weli,
Perzende zar kändir şony pikir et.
-5-
Pulum az, garyp men diýip gynanma,
Barja puluñ bolanyna şükür et.
Bir ýyljak öýüñ bolsa onda sen baýsyñ,
Öýsizler kän jahanda şony pikir et.
-6-
Gündelik iýjegiñ-işjegiñ bolsa,
Onda sen bagtly diñe şükür et.
Köpler şugün tapsa ertiri gaýgy,
Gaty çörege zar kän şony pikir et
-7-
Hiç hassa bolmasañ janyñ sag bolsa,
Onda sen Haka müñ gez şükür et.
Agyr derde uçrap dermanyn tapman,
Hassa bolup ýatanlar kän pikir et.
-8-
Aýdaýyn men size ýenede bir zat
Bu ýagty jahany gördiñ şükür et.
Enäñ göwresinde jan berip çaga,
Bu jahana inmedik kän pikir et.
-9-
Şonuñ üçin mydam Haka sygynalyñ,
O dünýe hakda-da käte pikir et.
Señ ýaşyña ýetmän gidenler kändir,
Şu ýeten ýaşyñ üçin Haka şükür et.

AWTORY: Ataýew Kasym
5
309
Greenleaf
7 Mart 2021
👍👍👍👍👍👍🌹
Greenleaf
26 Oktýabr 2020
Köp sagboluň size Kasymberdi köwri köp bolsun. Köpräk paýlaşyp duruň şuň ýsly zatlary.?
Myhman Myhman
10 Oktýabr 2020
Berekella haladym ýene köpräk ýazyň
Myhman Myhman
9 Oktýabr 2020
Gaty govy goshgy???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.