Kasymberdi
11.10.2020 13:37
EJE
-1-
Bary-ýogy üç harpdan ybarat,
Sözi eşdenimde ýürek gyýylýar.
Bokurdagym dolup gözüm ýaşaryp,
Göz ýaşlarym ýañagymdan syrygýar.
-2-
Her gez şol üç harpy eşiden mahalym,
Gaýgy-gamlar gaplap alýar daşymy.
Mylaýym ýakymly şemala dönip,
Sypasady, sypasady başymy.
-3-
Şol üç harpa çagalykdan zar bolup,
Mährin küýsäp geçirdim kän gijeler.
Goşgy ýazýan ýüregimi paralap,
Ine şonda biraz göwnüm ynjalar.
-4-
Ol üç harpa eje diýip aýdylýar,
Ejemjan zar boldym ýyly sözüñe.
Bilýän ruhuñ mydam meniñ ýanymda,
Birje gezek görünäýdä gözüme.


AWTORY: Ataýew Kasym
8
358
gulshatayewa97
12 Oktýabr 2020
?????
November05
11 Oktýabr 2020
?????
Kasymberdi
11 Oktýabr 2020
Sps ...hemmane...
Mährim
11 Oktýabr 2020
Gowy gosgy
Myhman Myhman
11 Oktýabr 2020
Gowy gosgy ???
Moon
11 Oktýabr 2020
Ajaýyp....?????????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.