Karaleva_
09.06.2024 23:55
Britaniýanyň “The Restaurant” žurnaly “Dünýäniň iň gowy 50 restorany” reýtingini hödürledi. Ýyllyk reýtingde birinji orny Barselonanyň Disfrutar restorany eýeledi.

Restoranyň hasabynda üç Michelin ýyldyzy bar. Restorana şef-aşpezler Oriol Kastro, Eduard Şatrýuş we Mateo Kazanýas eýeçilik edýär. Binada iki menýu bolup, olaryň her birinde 30 tagam hödürlenýär.
Ikinji orny Ispaniýanyň Asador Extebarri restorany eýeledi. Bu restoran 2009-njy ýyldan bäri reýtinge diňe bir gezek girmedi. Liderleriň üçlügini şef-aşpez Brýuno Weržýusyň Table fransuz restorany jemledi. Restoran geçen ýyl sanawa ilkinji gezek goşulyp, derrew onluga girdi.
Şeýle-de, ilkinji onlukda Madridiň Diverxo, Perunyň Maido, Meksikanyň Quintonil we Argentinanyň Don Julio restoranlary hem-de Nýu-Ýorkdan Atomix, Kopengagenden Alchemist we Bangkokdan Gaggan restoranlary bar.
Dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawy “The Restaurant” žurnaly tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri düzülýär. Reýting dürli ýurtlardan 1 müňden gowrak aşpezleriň, restoran eýeleriniň we tankytçylaryň pikirlerine esaslanýar.
Tmcars
17
31
Karaleva_
09.06.2024 16:08
Hiç kime hiç zady subut etme!


Bu durmuşdyr.

Geometriýa däl !



D_G
29
80
Karaleva_
09.06.2024 09:24
Hytaýyň Milli kosmos edarasy (CNSA) “Çane-6” Aý zondynyň gonuş enjamynyň kömegi bilen Aýyň arka tarapyndan alnan suratlar bilen paýlaşdy. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berýär.

“Sýuesýao-2” restranslýator hemrasy tarapyndan iberilen maglumatlaryň esasynda ýerüsti amaly ulgamyň kömegi bilen işlenen suratlar enjamyň gonan ýeriniň golaýyndaky zolagy, şeýle-de Aýa gonuş nokadyndaky panorama şekilleri görkezýär.
“Çane-6” Aýyň üstünden uçandan soň, penşenbe güni orbita moduly bilen birleşip, Ýere eltmek üçin ýygnalan toprak we jyns nusgalaryny berdi.
“Çane-6-nyň”, çen bilen, 25-nji iýunda Hytaýyň demirgazygyndaky Içki Mongoliýa awtonom sebitinde gonmagyna garaşylýar.

Tmcars_
18
58
Karaleva_
08.06.2024 18:36
Pixar we Disney studiýalary iň gowy animasion film hökmünde “Oskar” alan 2015-nji ýylyň meşhur “Tapmaça” animasion filminiň dowamynyň soňky treýleri bilen paýlaşdylar.

“Tapmaça 2” (Головоломка 2) bölüminde tomaşaçylar eýýäm ýetginjek bolan gyzjagaz Raýli bilen ýene-de duşuşarlar. Raýli bilen bilelikde onuň esasy duýgulary: Şatlyk, Gussa, Gahar, Gorky we Ýigrenç hem ulaldy.
Ýöne ýetginjeklik ýaşynda Raýliniň kellesinde täze gahrymanlar-da peýda bolýar: Howsalalyk, Utanç, Ýürekgysgynçlyk, Nostalgiýa we Göriplik.
Olaryň ählisi bilelikde ýetginjekler üçin adaty bolan okuw, dost gözlegi, ilkinji söýgi we dünýäde öz ornuňy tapmak ýaly meselelere duçar bolýan Raýliniň durmuşyny aňsatlaşdyrmaly (ýa-da kynlaşdyrmaly) bolýar.
Multfilmiň dowamynyň režissýory hökmünde Kelsi Mann (“Gowy dinozawr”, «Хороший динозавр») çykyş etdi, ssenariýalary birinji bölümiň üstünde işlän Meg LeFow ýazdy.
Multfilm daşary ýurt prokatyna 14-nji iýunda çykar.
Geçenki “Tapmaça” dünýäde 858,8 mln dollar ýygnap, 2015-nji ýylyň iň girdejili ýedinji filmi boldy.
26
58
Karaleva_
08.06.2024 14:02
Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts “Başlangyç kod” ady bilen kitap-memuarlary çykarjakdygyny habar berdi. Ol 2025-nji ýylyň fewral aýynda dükan tekjelerinde peýda bolar diýip, telekeçi özüniň Gates Notes blogunda aýtdy. 

“Bu meniň çagalygymdan başlap, kolleji taşlamak hem-de Pol Allen bilen bilelikde Microsoft-y döretmek kararym bilen gutarýan irki ýyllarym barada memuarlardyr” – diýip, milliarder belledi.

Geýts çagalykda özüni iş başarmaýan adam ýaly duýandygyny, ýaşlygynda ene-atasy bilen dawalaşandygyny aýtdy. Kitapda onuň ýakyn adamyny duýdansyz ýitirişi, onuň tas Garward kollejinden çykarylan döwri we onuň “heniz ýok pudaga bil baglamak” kararyna gelen pursaty beýan ediler.
Memuarlarda Geýts özüne ynanan we ösmäge kömek eden daş-töweregindäki adamlaryň täsiriniň ähmiýetini belleýär. Şeýle-de, ol tehnologiýa öwrülişikleri we optimizm döwründe asuda maşgalada dünýä inmeginiň nähili şowuna düşendigi baradaky pikirleri bilen paýlaşýar.
Geljekde Geýts ýene iki kitap çykarmagy meýilleşdirýär: Microsoft-daky iş tejribesi we özüniň haýyr-sahawat işleri barada.
6-njy iýuna çenli ýagdaýa görä, “Forbes” Bill Geýtsiň baýlygyny 130,9 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Ol dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji onlugyna girýär.
Tmcars
20
33
Karaleva_
07.06.2024 17:28
Apple kompaniýasy iPhone döredilenden bäri tas 2 trln dollarlyk smartfon satdy. Stocklytics.com we Statista tarapyndan hödürlenen maglumatlar häzirki wagtda görkezijiniň 1,95 trln dollardygyny görkezýärler, ýagny 2 trln dollara ýetmek üçin ýene sähelçe galdy. Aýratynam, geçen çärýek iPhone satuwy kompaniýa 46 mlrd dollar getirdi, şonuň üçin ýene bir-iki çärýekden kompaniýa bu bellikden geçer diýip, IXBT ýazýar.

Apple üçin iň girdejili döwür 2022-nji ýyl boldy, şonda iPhone satuwy kompaniýa 205,4 mlrd dollar getirdi. 2023-nji ýylda görkeziji sähel pes boldy – 200,5 mlrd dollar, şeýle-de 2021-nji ýyly görkezmek bolar – 191,9 mlrd dollar. Beýleki ýyllar görkezijiler 167 mlrd dollardan geçmedi. Şeýle-de, 2014-nji ýylda 101,9 mlrd dollar möçberde rekord goýuldy.

Tmcars
22
51
Karaleva_
07.06.2024 08:18
Şu gün “Tetris” oýny özüniň 40 ýyllyk ýubileýini belleýär, oýnuň “doglan güni” her ýyl 6-njy iýunda bellenilýär diýip, TASS habar berýär.

“Tetris” 1984-nji ýylda sowet programmisti Alekseý Pažitnow tarapyndan “Elektronika-60” kompýuterinde işlenip düzüldi. Nintendo korporasiýasy Game Boy konsoly üçin bu oýunly kartrijleri hödürläp başlandan soň, oýun bütin dünýä belli boldy. Häzire çenli millionlarça adam ykjam oýun konsollarynda, internetde onlaýn we smartfonlarda “Tetris” oýnuny oýnaýar. 2007-nji ýylda oýun 10 sany iň ähmiýetli kompýuter oýunlarynyň hatarynda ABŞ-nyň Kongres kitaphanasyna goşuldy. Häzirki wagtda “Tetris” boýunça diňe bir halkara ýaryşlar däl, eýsem bütin dünýäde yzygiderli ýaryşlar geçirilýär.
Şu ýylyň ýanwar aýynda “The New York Times” Oklahoma ştatyndan amerikaly ýetginjek Uillis Gibsonyň, çen bilen, taryhda ilkinji bolup “Tetris” oýnunyň asyl nusgasyny doly geçendigini habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, 13 ýaşly oglan Nintendo firmasynyň oýun konsolynda oýnuň soňky, 157-nji derejesine, oýnuň programma çäklendirmeleri sebäpli 999999 hasapda “doňýan” pursatyna ýetdi. Öň, oýnuň “doňýan” pursatyna ýetmek diňe emeli aňa başardypdy.

Tmcars
33
68
Karaleva_
05.06.2024 09:01
"Biz "hayır" demeyi
"İşim var" demeyi
"Olmaz "demeyi
beceremeyan insanlariz "

"Yorgunlugymyz bimez bizim "
Biz hayır demeyi, işim var demeyi beceremeyan insanlariz .
Yorgunlugymyz bitmez bizim.
19
78
Karaleva_
03.06.2024 17:36
Victor Hugonun şu şiiri bana
şiir okumayı sevdirdi !


Ağlamak için gözden yaşmi akmalı ?

Dudaklar Gülerken insan aglayamazmi ?

Sevmek için guzelemi bakmalı?

Çirkin bir tende güzel bir ruh kalbi baglayamazmi ?

Hasret ozlemden uzak mı kalmaktır ?

Özlenen yakindaykan hicran duyulamazmi ?

Öldürmek için silah hancarmi olmalı ?

Saçlar bağ.
Gözler silah.
Gülüş kurşun olamazmi ?


D_G...
14
74
Karaleva_
02.06.2024 21:41
26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (WOAH) wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy.

Özüniň 100 ýyllygyny belleýän WOAH-yň mejlisiniň çäklerinde dünýäde haýwanlaryň saglygy üçin durnukly geljegi bilelikde döretmek meseleleri we häzirki döwürde guramanyň gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
28-nji maýda WOAH-yň Baş direktory wezipesine geçirilen saýlawlaryň netijesi boýunça agzalan wezipä Fransiýa Respublikasyndan dalaşgär Emmanuel Subeýran 2024-2029-njy ýyllar döwri üçin saýlanyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
13
53