Britaniýanyň “The Restaurant” žurnaly “Dünýäniň iň gowy 50 restorany” reýtingini hödürledi. Ýyllyk reýtingde birinji orny Barselonanyň Disfrutar restorany eýeledi.
Restoranyň hasabynda üç Michelin ýyldyzy bar. Restorana şef-aşpezler Oriol Kastro, Eduard Şatrýuş we Mateo Kazanýas eýeçilik edýär. Binada iki menýu bolup, olaryň her birinde 30 tagam hödürlenýär.
Ikinji orny Ispaniýanyň Asador Extebarri restorany eýeledi. Bu restoran 2009-njy ýyldan bäri reýtinge diňe bir gezek girmedi. Liderleriň üçlügini şef-aşpez Brýuno Weržýusyň Table fransuz restorany jemledi. Restoran geçen ýyl sanawa ilkinji gezek goşulyp, derrew onluga girdi.
Şeýle-de, ilkinji onlukda Madridiň Diverxo, Perunyň Maido, Meksikanyň Quintonil we Argentinanyň Don Julio restoranlary hem-de Nýu-Ýorkdan Atomix, Kopengagenden Alchemist we Bangkokdan Gaggan restoranlary bar.
Dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawy “The Restaurant” žurnaly tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri düzülýär. Reýting dürli ýurtlardan 1 müňden gowrak aşpezleriň, restoran eýeleriniň we tankytçylaryň pikirlerine esaslanýar.
Tmcars