Hytaýyň Milli kosmos edarasy (CNSA) “Çane-6” Aý zondynyň gonuş enjamynyň kömegi bilen Aýyň arka tarapyndan alnan suratlar bilen paýlaşdy. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berýär.
“Sýuesýao-2” restranslýator hemrasy tarapyndan iberilen maglumatlaryň esasynda ýerüsti amaly ulgamyň kömegi bilen işlenen suratlar enjamyň gonan ýeriniň golaýyndaky zolagy, şeýle-de Aýa gonuş nokadyndaky panorama şekilleri görkezýär.
“Çane-6” Aýyň üstünden uçandan soň, penşenbe güni orbita moduly bilen birleşip, Ýere eltmek üçin ýygnalan toprak we jyns nusgalaryny berdi.
“Çane-6-nyň”, çen bilen, 25-nji iýunda Hytaýyň demirgazygyndaky Içki Mongoliýa awtonom sebitinde gonmagyna garaşylýar.
Tmcars_