Jeyhun
22.02.2020 22:31
Abraý we pul hakynda

Iki ýoldaş jedel eder özara.
Pul gowumy abraý? Açmaly ara

- Meniň-ä abraýly bolasym gelýär,
-Maña weşeň-weşeň pul bolsa bolýar.

Biri il öňünde borjun haklapdyr,
Biri weşeň-weşeň köp pul toplapdyr.

Birisi "tüçjar baý" adyn alypdyr,
Beýlekisi abraýly adam bolupdyr.

Öwrülip nebsiniň gara guluna,
Buýsanypdyr sandyk doly puluna.

Beýleki ýetişip il ogly gerçek,
Abraýna guwanypdyr ol her çak.

Tüçjar baý bir gezek sandygyn açan.
Görse, pulun iýip gidipdir syçan.
Abraýly kaýyl hakyň buýrugna,
Baýlyk daňylgydyr syçan guýrugna.

( Eziz Ykbal).
10
494
Jeyhun
21.02.2020 19:38
Danalar dil barada
Her kes bilen onuň akylyna görä gürleş
(Müslihiddin Saady, pars şahyry).

Akylly bilen gürleşeniňde, az sözle.
( Katon, rim ýazyjysy).

Köp pikir edýän adam az gepleýändir.
(Waşington Irwing, amerikan ýazyjysy)

Özi hakda köp gürleýän adam şöhrata kowalaşmakdan halas däldir.
(Lýudwig Wowerang, fransuz ýazyjysy)

Özüňi hemmeden akylly görkezjek bolmakdan uly samsyklyk ýokdur.
(Fransua Laroşfuko, fransuz ýazyjysy)

Dymmagy oňarmaýan adam geplemegem oňarýan däldir.
(Lusiý Seneka, rim ýazyjysy).
5
602
Jeyhun
18.02.2020 23:39
Durmuş piýaninodyr, ak dilleri "bagtlyk, begenç" gara dilleri "gaýgy gam, dertler" emma gowy sazy çalmak üçin her ikisinede basmak gerekdir. ?
11
541
Jeyhun
16.02.2020 22:55
-Maşynda gaz bilen tormozy birlikde bassaň näme bolar?
-Ol maňlaý aýnada seniň ýüzüňi screenshot eder.??
5
413
Jeyhun
12.02.2020 11:10
Degişme
1 adam 1 ýaşulydan "aňsat baýamak" hakyndaky kitaby satyn alýar. Soň ol agşam naharyndan soň maşgalasyny üýşürip okap berýär.
Kitap: siz başgaça ýaşasyňyz gelýämi?
Adam: hawa.
Kitap: siz baýamak isleýäňizmi?
Adam: hawa.
Kitap: öz başyňyza biznes edinesiňiz gelýämi?
Adam: hawa.
Aý şular ýaly sözlerden doly ahyry kitabyň iň soňky sahypasyny okap başlaýa.
Kitap: siz hereketsiz baýasyňyz gelýämi?
Adam: hawa hawa hawala.
Kitap: nirde barow onýaly hezillik.??
13
943
Jeyhun
11.02.2020 09:11
Ýamandan ýagşyny döredip bolmaz,
Alymam garadan ak ýasap bilmez.
Dünýäniň ýüzünde bir hakykat bar,
Eşek bolup doglan, at bolup ölmez.
9
467
Jeyhun
10.02.2020 20:24
1940- njy ýylyň 10- njy fewralynda ilkinji gezek ekranlarda "Tom we Jerry" multfilminiň 1- nji seriýasy goýberildi.

Çagalygymyz üçin sagboluň. Doglan günüňiz gutly bolsun!
12
593
Jeyhun
09.02.2020 20:40
14-nji fewralda söýgülimiz bolmasa bolmasyn. 8-nji martda EJEMIZ ýanymyzda bolsun ýeter! ❤
15
1 168
Jeyhun
08.02.2020 19:22
Wagtyň gadyrny biliň, durmuş kelle agyrtmak we umydyňy ýitirmek üçin gaty gysga.

Kobe Bryant
8
487
Jeyhun
06.02.2020 11:47
Näçe meýlis, näçe ýasda bolundy,
Salamlar berildi, salam alyndy.

Hemra bolup bereketli saçaga,
Dost diýmedim her tanyşlyk açana.

Ýöne şolaň baryn gamly halatym,
Syladym men, hormat etdim, haladym.

Dost bolmaz meýlisde oturanyňdan,
Toý güni hemmeler oňat görülýär.

Ýöne ýakynyňa getireniňden,
Kä adamlar daşdan oňat görünýär.

Gurbannazar Ezizow.
9
508