Jeyhun
22.02.2020 22:31
Abraý we pul hakynda

Iki ýoldaş jedel eder özara.
Pul gowumy abraý? Açmaly ara

- Meniň-ä abraýly bolasym gelýär,
-Maña weşeň-weşeň pul bolsa bolýar.

Biri il öňünde borjun haklapdyr,
Biri weşeň-weşeň köp pul toplapdyr.

Birisi "tüçjar baý" adyn alypdyr,
Beýlekisi abraýly adam bolupdyr.

Öwrülip nebsiniň gara guluna,
Buýsanypdyr sandyk doly puluna.

Beýleki ýetişip il ogly gerçek,
Abraýna guwanypdyr ol her çak.

Tüçjar baý bir gezek sandygyn açan.
Görse, pulun iýip gidipdir syçan.
Abraýly kaýyl hakyň buýrugna,
Baýlyk daňylgydyr syçan guýrugna.

( Eziz Ykbal).
10
494
Wepa Gurbangeldiyew
23 Fewral 2020
✌️✌️✌️✌️✌️
☆NUR☆
22 Fewral 2020
Onem okapdym su gosgyny gowy gosgy mlds
??????
Fatima
22 Fewral 2020
Dogry pul bir gun gutarar abrayy ozun dokmesen dokulmez
Baharjyk
22 Fewral 2020
Hmm.ok
Jeyhun
22 Fewral 2020
Menem dusunmedim. Seyle yazylgy eken menem yazdym.
Janita
22 Fewral 2020
????
Baharjyk
22 Fewral 2020
Jeyhun gowy gosgy. Yone awtory kim dusunmedim
Aýjemal
22 Fewral 2020
????
Jerkam.
22 Fewral 2020
Haladym malades gowy gosgy❤❤?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.