Danalar dil barada
Her kes bilen onuň akylyna görä gürleş
(Müslihiddin Saady, pars şahyry).
Akylly bilen gürleşeniňde, az sözle.
( Katon, rim ýazyjysy).
Köp pikir edýän adam az gepleýändir.
(Waşington Irwing, amerikan ýazyjysy)
Özi hakda köp gürleýän adam şöhrata kowalaşmakdan halas däldir.
(Lýudwig Wowerang, fransuz ýazyjysy)
Özüňi hemmeden akylly görkezjek bolmakdan uly samsyklyk ýokdur.
(Fransua Laroşfuko, fransuz ýazyjysy)
Dymmagy oňarmaýan adam geplemegem oňarýan däldir.
(Lusiý Seneka, rim ýazyjysy).