Islam_Atayew
02.09.2024 15:51
Özgeleriñ şahsyýetini özüñe köýneklik edinme.Gaýrylaryñ donuna bürenme! Örän köp adamlar özgelere meñzejak bolup, özlerini, öz seslerini, owazlaryny we herketlerini we kelamlaryny ukyp başrnyklaryny, öz zehinlerni, özlerine mahsus we mynasyp gelýän hal-ýagdaýlaryny ýatlaryndan çykarýarlar. Şeýdibem barlygyň ýok bolmagyna, çüpremegine, rehnetiñ mähnete öwrülmegine sebäp bolýarlar.
Adam atadan iñ soñky ýaradylan adam balasyna çenli keşp, görk we häsiýet babatda biri-birine gabat gelen ýekeje adam hem ýokdur, ýeri, onsoñ olar ukyp, zehin, başarnyk, gylyk-häsiýet babatda meñzeş bolar öýtýäñizmi?
Sen taryhda deñi-taýy bolmadyk we geljekde hem meñzeş bolmajak aýratyn bir şahs!
Sen Myratdan. Omardan büs-bütin tapawutly adam, şonuñ üçin özüñi olara öýkünmek, kesekä meñzejek bolmak, olaryň keşbinde eräp gitmek arzuwlarynyda janlandyrma!
Sen öz zehiniñe we tebigatyña dolan! "Adamlaryň her biri öz güzerini, nireden suw içmelidigni (özlerine degişli suwy) bilýändir", "Ähli tarapa öwürýän Oldur, elmydama haýyrly zatlary saýlap alyñ. Ýaradylşyñ ýaly ýaşa, sesiñi üýtgetme, äheñiñe bat berme (çalyşma) ýöreýşiñi bozjak bolma, özüñi arassa pikirler bilen terbiýele, ýöne hiç haçan özlügiñi inkär etme we erkinligiñi elden berme!
Seniñ özboluşly tagamyñ, özboluşly reñkiñ bar. Biz seni şol tagamyñda, şol reñkiñde ajaýyplygyñda görmek isleýäris. Sebäbi sen şeýle ýaradylypsyñ we biz seni hut şonuñ ýaly gowy adam diýibem tanaýarys. Hiç biriñiz ýat eşige bürenen garantga bolmañ!
Adamlar tebigaty boýunça daragtlara meňzeýär: süýji we turşy, uzyn we gysga, goý, olar şeýle hem bolsunlar. Eger badam bolsaň, behä öwrüljek bolma. Sebäbi seniň owadanlygyň, jemalyň we gymmatyň seniň badamlygyňda jemlenip dur. Biziň dürli reňkdeligimiz, dürli dilde gürleýänligimiz, dürli başarnyklara hötde gelýändigimiz, dürlüçe güýç-kuwwatlydygymyz Ýaradanyň aýdyň alamatlarynyň biridir. Allanyň alamatlaryny inkär etmegin (ýoýmagyn).
GAMGYN BOLMA! Çünki sen düýn gynanyp-gyýlyp, darygyp gördüň, saňa gara
şaýlyk haýry degdimi? Ogluň işi ugrukmady, gynananyň bilen, üstünlik gazandymy? Ene-ataň aradan çykdy, öte gyýlanyň bilen, yzyna direlip geldimi? Söwdada çökdüň, gaýga çümdüň, daryganyň bilen, ýitgiler girdejä öwrüldimi?
GAMGYN BOLMA! Sen bir bela-beter üçin gama batdyň, gaýta esse-esse dert
gazandyň. Garyplygyňa gyýyldyň, gaýta artykmaç gaýgy-gussa çolandyň. Görip bahyllaryň her bir sözi üçin ejir çekdiň, şeýdibem olaryň heşelle kakmagyna
kömek etdiň. "Bir ýaramaz iş ýüz beräýmesin” diýip, dowla düşüp, hasrata batdyň
ýördüň, emma ol bolmady. Gury örteneniň galdy.
GAMGYN BOLMA! Kalbyňy gaýgy-gam, dargursaklyk eýelän bolsa, giň howlynyň, görmegeý ýanýoldaşyň, bol-telki malyň, abraýly wezipäniň, asyllyterbiýeli perzentleriň berýän ýakymyny, lezzetini asla duýup bilmersiň!
GAMGYN BOLMA! Gaýgy-gynanç süýji suwy şerebe, gül gozasyny türşek, bagbossanlygy
gök gögermez düzlük, durmuşy bolsa çydap bolmajak zyndan edip görkezer.
GAMGYN BOLMA! Şükür et: iki gözüň, iki gulagyň, iki dodagyň, iki eliň, iki aýagyň, bir diliň bar - sag-salamat. Günüň ganymat, ýurduň abat, süňňüň gurat. Ýeri mundan soň: “Perwerdigäriňiziň haýsy bir nygmatyny inkär etjek bolýarsyňyz?".
GAMGYN BOLMA! Arassa ynanç-ygtykadyň, ýatyp-örýän öýüň, iýere döwüm çöregiň, içere arassa suwuň, geýere egin-eşigiň, mährini berip duran ýanýoldaş hemraň bar, ýeri, nämä darygyp, gynanýarsyň?
Bagtly bol, köşeş, ýylgyr, ruhubelent bol, gamgyn bolma!
Awtor: Aid al - Karni. ("Gamgyn bolma" kitabyndan bölek).
Arap dilinden terjime eden: Rahmet Gylyjow.
18
69
Islam_Atayew
02.09.2024 01:05
Ýalñyzlyk derdini çekýän mahalyñ,
Ne dostuñ bar, ne-de söýen ýaryñ bar,
Diýyärsiñ içiñden: "Hemme zat oñat".
Ýöne welin unudylmadyk derdiñ bar.
Geçip dur günleriñ ýyllaryñ bilen,
Howlugañok toý-dabara, şowhuna,
Otyrsyň bir özüñ ýatlamañ bilen,
Jogap tapman kalbyñdaky soraga.
Penjirä bakýarsyň soraglañ bilen,
Garaşyp gelerine ýeke çyn dostuñ,
Küýsegiň hem ýiten ynamyñ bilen,
Diyýärsiñ içiñden: "Ýalñyzlyk gursun".
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç
14
46
Islam_Atayew
01.09.2024 15:09
Habarçy:
- Alo! Salam. Men siziñ agzybir kollektiwiñiz barada makala ýazmakçy. Magazin müdiri:
-Azara galmaň. Size gerek haryt bizde yok.
***
- Kakasy, ukyñy haram edip, nämä dümtünip otyrsyñ?
- Roman ýazýan, keýwany.
-Onda men dañ agardygy, syçan tutulýan gapanyň ugruna çykaýyn.
***
Men-ä bir çykalga tapaýmasam,goşgularymy hiç ýerde çap edenoklar.
- Aýdymçy şahyrlaryň sany artar-ow.
***
- Size seredip doýup bilemok. Ýañagyñyz nar, gözüñiz garaly, dodagyñyz pisse, alkymyñyz süýjän alma...
- Aý, ýigit, gök bazary indiki duralgada.
• NAKYLLAR :
- Iş bitirseñ, direktor tanar.
- Az bolsun, uz bolsun.
- Aglasy gelen oglan atasynyň "Žigulisini" oýnar.
- Akylly är meýi söymez, taksiçiler şaýy.
- Garga bagyň güli ýaramaz, magazinçä tereziñ dili.
• OL... :
Ol üýşmeleñde dynman gürleýärdi. Oturanlar bolsa, dymyp, onuñ sözlerini ýalana çykarýardylar.
***
Ol geçmişine atanak çekdi. Şeýdibem, geljeginiñ öñüne böwet basandygyny duýmady.
***
Ol aýalyny, çagalaryny taşlap, bagtyň gözlegine çykdy.
***
Ol balyk ýaly dymmagy, şeýdibem akmakdygyny ussatlyk bilen gizlemegi başarýardy.
• ÇYKYŞLARDAN:
Ýoldaşlar! Ýeriñize wagtlaýyn adam tapar ýaly, syrkawlajak günüñizi öñünden duyduraweriñ! (Mekdep direktory).
***
Şu aýda biziñ kinoteatrymyzda 600-e golaý adam oñat uklap, dynç aldy. (Kinoteatryň direktory).
***
Hormatly Syrkyn Saryýewiç! Işdeş ýoldaşlaryñyza uly ýagşylyk edýändigiñiz hem-de wagtynda pensiýa gidýändigiñiz üçin, size çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. (Kärhana ýolbaşçysy).
• EDEBIÝATA TÄZELIK GETİRMEK ÜÇIN HARS URÝAN KÄBIR AWTORLAR:
Gyzyň gözleri käsä meñzeşdi. Olara togsan bäşlik çaýdan guýup hezil edip içesiñ gelýärdi.
***
Hamala diýersiñ, süýtli bidon alkaşyň titreýän ellerinden gaçyp dökülýän ýaly, daglaryň başy akdy.
Amanmyrat KIÇIGULOW.
21
170
Islam_Atayew
31.08.2024 23:15
Kakam demirçi ussady. Onçakly sowady hem ýokdy. Ol uzakly gün ussahanasyndan çykman, gyzgyn pejiň we körügiň başynda oturyp, demir ýenjerdi. Ýokary okuw mekdebini tamamlan günim gutardyş dabarasyna ejem bilen jigilerim gelse-de, kakamyň wagty bolmandy. Men kakama çynym bilen garaşypdym. Dabaradan soñ, öýe dolananymyzda kakamyň ussahanasyna sowuldyk. Kakam şol öňküsi ýaly, öňi öñlükli, demir ýenjip otyrdy. Ejem buýsanç bilen oňa garap:
-Ine, kakasy, görşüňiz ýaly, bu gün oglumyz hem ýokary okuw mekdebini abraý bilen tamamlady diýip, şatlygyny paýlaşmak isledi. Kakam şol işläp oturşyna ýüzüni bize tarap çalarak öwürdi-de:
-Hä, şeý diýsene, onda näme han ogul, okuwyňy tamamlan bolsaň, maña-da azda-kände ýardamyň degsin. Hany, onda sen şo duran pejiň külüni ardyp ber diýdi-de, ýene-de öz işine gümra boldy. Ejem muña göwünjeň bolmasa-da men kakamyň häsiýetine beletdim. Ol işe gezek gelende bir işi buýursa hökman edäýmelidi. Derrew eşiklerimi çalşyryp, işe girişdim. Men bu işe öñden werdiş bolmamsoň, pejiň külüni artmak epesli wagtymy aldy. Oýe barýarkak ejem kakamyň ýowuzlygyndan zeýrenip, gözüne ýaş aýlapdy. Onuň agşam naharyna çenli keýpi bolmandy. Iñrik garalansoň, kakam işden geldi. Biz saçagyň başynda jemlenip, onuñ gelerine garaşýardyk. Kakam saçagyň başyna geçdi-de, şeýle diýdi:
-Tüweleme, oglum, senä bu gün iş bitirdiň. Seň kömegiň bilen azda-kände pulumyzy hem tygşytlap bildik. Sen haýsy kärde bolsaň hem puluň nädip gazanylýandygyny hökman bilmelisiň. Men islesem şol peji hakyny berip, başga birine-de artdyryp bilerdim. Şol işi saña buýurmagymyň, onda-da ýokary okuw mekdebini tamamlan günüñ etdirmegimiň ýeke-täk manysy bar. Dogrusy, ýokary bilime eýe bolan oglumyň, hondanbärsi bolup gedemlik etmeýändigini hut öz gözlerim bilen göresim geldi. Şu gün seniň pes-päldigiñi görmek, meni seniň alan tapawutly diplomyndan hem beter begendirdi. Kakam bu sözleri aýdandan soň, meniň egnime kakdy. Soňra gözleriniň ýaşyny gizlemäge çalyşýan kakam maña bir bukja uzatdy. Bukjada ep-esli pul bar ekeni. Ol meniň diplomymyň gutlagydy.
Taýýarlan: Myrat Rejepow.
23
107
Islam_Atayew
30.08.2024 22:13
Kimse barýar ot göterip bu ýoldan,
Kimse ýeke gysym kül alyp barýar.
Kim ýarag göterýär ýagşy net bilen
Kim gara päl bilen gül alyp barýar.
***
Söýgi bir aýdym bolsa,
Tarsyz tamdyraň näme?
Söýgi bir güneş bolsa,
Eliňde çyraň näme?
Söýgi bahar-ýaz bolsa,
Müň ýyllyk buzuň näme?
Bir açyk ýara bolsa,
Burç bile duzuň näme?
Söýgi bir mizan bolsa,
Wah, bitaý ýüküň näme?
Eger-de söýen bolsaň,
Gözüňde okuň näme?
Eger näz edýän bolsaň,
Eliňde daşyň näme?
Eger aldaýan bolsaň,
Gözüňde ýaşyň näme?
Şiraly NURMYRADOW.
18
47
Islam_Atayew
30.08.2024 14:40
Ol adam her güni şu duralgada awtobusa garaşýardy. Daşyndan geýnüwli, haýsydyr bir edaranyň işgäridigi bildirip duran bu adam her gün şu duralgadan öýüne gidyärdi. Ol ýaňy bir otuzy tegeleklän bolmaly.
Bu adamyň her gün gaýtalaýan endigi bardy. Ilki gelip, daş-töweregi biraz kese nazardan synlar, soň bir guty çilimi çykaryp, onuñ daşyna biperwaýja göz gezdirerdi. Soñra iñ soňkujasyny alyp gutyny göwünsiz hapa atylýana zyňyp goýbererdi. Onuň çilim çekişi boýunça bu endige has öňräkden beletdigini duýmak bolýardy.
Içine zäher bolup aralaşýan bu tüsseden. diýseň lezzet bilen sorýardy. Awtobus gelerem welin, entek ýanyp duran çilimi zyňar ötägiderdi.
Gutusynda "Çilim çekmek ölüm howpludyr" diýen ýazgyny okap,bilip bu endik bilen meşgullanmak öz ömrüňe perwaýsyzlyk dälmi eysem?! Ýa-da olar bu zatlara ynanmaýarmyka?!
Käte pikir edýän: Bilip durup öz ömrüňe palta urmak, gör, nähili nadanlyk?! Akly ýetip ölüme tarap ädimini gataldýan, ölüm howpy bar" sözüni okap durup, içindäki zäheri bedenine sorýan adamlar gör, nähili "batyr adamlar".
Kitapcy
21
109
Islam_Atayew
30.08.2024 09:09
Bu sowala jogap hökmünde amerikan şahyry Robert Frost öz çuññur filosofiýasyny beýan edýär.
Nirede ýaşaýyş bar bolsa, şol ýerde poeziýa-da bardyr.
***
Goşgy şahyryň özboluşlylygynyň has doly beýan edilmesidir.
***
Şowly goşgy. Söz bilen, kyssa bilen aýdylandan has köp duýup bolýan bolsa, ol hakyky goşgudyr. Goşgynyň üstünliginiñ ölçegi şeýle.
***
Her bir goşgy meniň üçin nämedir bir zady çözýär.
***
Goşgynyň ýatda galmagy üçin, onuñ içini dartgynly dramatizmden doldurmaly.
***
Poeziýa bilen kyssanyň parhy: kyssa anyk aýdyñ, poeziýa añýar.
***
Bleýk: «Söýgi hakda öňünden aýdyberseň, ol ýitip gidýär» diýip, örän aýdyň aýdypdyr. Goşgular toslanman ýazylanda, olarda terlik, tämizlik duýulýar.
***
Gowy goşgular hiç haçan güýçli añyň güýji hem zor bilen ýazylmaýar. Gowy goşgular şahyryň pikire batyp dymmaga gaýratynyň ýok halaty joşgun duýgularyň möwjünden döreýär.
***
Ýaş poeziýa ýarym açyk lebleriň arasyndan çykýan mübärek dem. Kim şol näzikligiň kemala gelmegini islese, ol işe berk ýapyşmaly, emma gazaply bolmaly däl.
Turkmen.gazet
17
43
Islam_Atayew
29.08.2024 00:16
Gysga hekaýa.
Günleriñ bir güni iki alym haýsydyr bir iş bilen goňşy oba gidipdirler. Olar yzyna dolanyp gelýärkäler eýýäm ikindi çaglary bolan eken. Alymlaryň biri, beýlekisine garap:
- Gel, gowusy şu gün bize gideli. Sen meniň myhmanym bol diýipdir. Dosty ylalaşypdyr. Olar howla girenlerinde alymyň hyzmatçylary jaýyň daşyny suwap ýören ekenler. Öýüň hojaýyny olar bilen birlikde işläp ýören başga bir kişä gözi düşüp:
-O kim? diýip, sorapdyr.
-Bu adamy şu günlükçe bize kömek eder ýaly hakyna tutduk.
-Ýaman däl. Hawa, onsoň oňa näçe tölemekçi bolýaňyz?
- Aý, işiň ahyrynda bir zatlar eçileris-dä. Elini boş goýbermeris.
Birdenem, öý eyesiniň ýüzi üýtgäp gidipdir. Gahary ýetjek derejesine ýetip, ýarylara gelende, dosty ara düşüp:
-Näme üçin beýle gaharyň geldile - diýip sorapdyr.
Şonda öý eýesi hyzmatçylaryna ýüzlenip:
-Men size öňem bir gezek ýatladypdym ahyryn. Eger-de kimdir birine haýsydyr bir işi etdirjek bolsaňyz, öňi bilen iş hakyny gürleşiň diýip. Şondan soň iş buýruň. Iş gutarandan soň, ýene-de üstüne bir zatlar eçilip bilersiñiz. Ol siziň iş hakyny artygy bilen berýändigiñizi görüp, sizden hoşal bolar, sizi gowy görer. Araňyzda birek-birege bolan hormat duýgusy dörär. Ýöne hakyny öñinden belli etmän, birini işletseňiz, işiň soňunda oña näçe berseňizem, kem berendir öýdüp, birahat bolar diýip, öýüň eýesi janygypdyr.
Taýýarlan: Jumagül Waliýewa. Mugallym.
25
134