Islam_Atayew
02.09.2024 15:51
Özgeleriñ şahsyýetini özüñe köýneklik edinme.Gaýrylaryñ donuna bürenme! Örän köp adamlar özgelere meñzejak bolup, özlerini, öz seslerini, owazlaryny we herketlerini we kelamlaryny ukyp başrnyklaryny, öz zehinlerni, özlerine mahsus we mynasyp gelýän hal-ýagdaýlaryny ýatlaryndan çykarýarlar. Şeýdibem barlygyň ýok bolmagyna, çüpremegine, rehnetiñ mähnete öwrülmegine sebäp bolýarlar.

Adam atadan iñ soñky ýaradylan adam balasyna çenli keşp, görk we häsiýet babatda biri-birine gabat gelen ýekeje adam hem ýokdur, ýeri, onsoñ olar ukyp, zehin, başarnyk, gylyk-häsiýet babatda meñzeş bolar öýtýäñizmi?

Sen taryhda deñi-taýy bolmadyk we geljekde hem meñzeş bolmajak aýratyn bir şahs!

Sen Myratdan. Omardan büs-bütin tapawutly adam, şonuñ üçin özüñi olara öýkünmek, kesekä meñzejek bolmak, olaryň keşbinde eräp gitmek arzuwlarynyda janlandyrma!

Sen öz zehiniñe we tebigatyña dolan! "Adamlaryň her biri öz güzerini, nireden suw içmelidigni (özlerine degişli suwy) bilýändir", "Ähli tarapa öwürýän Oldur, elmydama haýyrly zatlary saýlap alyñ. Ýaradylşyñ ýaly ýaşa, sesiñi üýtgetme, äheñiñe bat berme (çalyşma) ýöreýşiñi bozjak bolma, özüñi arassa pikirler bilen terbiýele, ýöne hiç haçan özlügiñi inkär etme we erkinligiñi elden berme!

Seniñ özboluşly tagamyñ, özboluşly reñkiñ bar. Biz seni şol tagamyñda, şol reñkiñde ajaýyplygyñda görmek isleýäris. Sebäbi sen şeýle ýaradylypsyñ we biz seni hut şonuñ ýaly gowy adam diýibem tanaýarys. Hiç biriñiz ýat eşige bürenen garantga bolmañ!

Adamlar tebigaty boýunça daragtlara meňzeýär: süýji we turşy, uzyn we gysga, goý, olar şeýle hem bolsunlar. Eger badam bolsaň, behä öwrüljek bolma. Sebäbi seniň owadanlygyň, jemalyň we gymmatyň seniň badamlygyňda jemlenip dur. Biziň dürli reňkdeligimiz, dürli dilde gürleýänligimiz, dürli başarnyklara hötde gelýändigimiz, dürlüçe güýç-kuwwatlydygymyz Ýaradanyň aýdyň alamatlarynyň biridir. Allanyň alamatlaryny inkär etmegin (ýoýmagyn).

GAMGYN BOLMA! Çünki sen düýn gynanyp-gyýlyp, darygyp gördüň, saňa gara
şaýlyk haýry degdimi? Ogluň işi ugrukmady, gynananyň bilen, üstünlik gazandymy? Ene-ataň aradan çykdy, öte gyýlanyň bilen, yzyna direlip geldimi? Söwdada çökdüň, gaýga çümdüň, daryganyň bilen, ýitgiler girdejä öwrüldimi?

GAMGYN BOLMA! Sen bir bela-beter üçin gama batdyň, gaýta esse-esse dert
gazandyň. Garyplygyňa gyýyldyň, gaýta artykmaç gaýgy-gussa çolandyň. Görip bahyllaryň her bir sözi üçin ejir çekdiň, şeýdibem olaryň heşelle kakmagyna
kömek etdiň. "Bir ýaramaz iş ýüz beräýmesin” diýip, dowla düşüp, hasrata batdyň
ýördüň, emma ol bolmady. Gury örteneniň galdy.

GAMGYN BOLMA! Kalbyňy gaýgy-gam, dargursaklyk eýelän bolsa, giň howlynyň, görmegeý ýanýoldaşyň, bol-telki malyň, abraýly wezipäniň, asyllyterbiýeli perzentleriň berýän ýakymyny, lezzetini asla duýup bilmersiň!

GAMGYN BOLMA! Gaýgy-gynanç süýji suwy şerebe, gül gozasyny türşek, bagbossanlygy
gök gögermez düzlük, durmuşy bolsa çydap bolmajak zyndan edip görkezer.

GAMGYN BOLMA! Şükür et: iki gözüň, iki gulagyň, iki dodagyň, iki eliň, iki aýagyň, bir diliň bar - sag-salamat. Günüň ganymat, ýurduň abat, süňňüň gurat. Ýeri mundan soň: “Perwerdigäriňiziň haýsy bir nygmatyny inkär etjek bolýarsyňyz?".

GAMGYN BOLMA! Arassa ynanç-ygtykadyň, ýatyp-örýän öýüň, iýere döwüm çöregiň, içere arassa suwuň, geýere egin-eşigiň, mährini berip duran ýanýoldaş hemraň bar, ýeri, nämä darygyp, gynanýarsyň?


Bagtly bol, köşeş, ýylgyr, ruhubelent bol, gamgyn bolma!


Awtor: Aid al - Karni. ("Gamgyn bolma" kitabyndan bölek).

Arap dilinden terjime eden: Rahmet Gylyjow.
18
69
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.