Islam_Atayew
31.08.2024 23:15
Kakam demirçi ussady. Onçakly sowady hem ýokdy. Ol uzakly gün ussahanasyndan çykman, gyzgyn pejiň we körügiň başynda oturyp, demir ýenjerdi. Ýokary okuw mekdebini tamamlan günim gutardyş dabarasyna ejem bilen jigilerim gelse-de, kakamyň wagty bolmandy. Men kakama çynym bilen garaşypdym. Dabaradan soñ, öýe dolananymyzda kakamyň ussahanasyna sowuldyk. Kakam şol öňküsi ýaly, öňi öñlükli, demir ýenjip otyrdy. Ejem buýsanç bilen oňa garap:
-Ine, kakasy, görşüňiz ýaly, bu gün oglumyz hem ýokary okuw mekdebini abraý bilen tamamlady diýip, şatlygyny paýlaşmak isledi. Kakam şol işläp oturşyna ýüzüni bize tarap çalarak öwürdi-de:
-Hä, şeý diýsene, onda näme han ogul, okuwyňy tamamlan bolsaň, maña-da azda-kände ýardamyň degsin. Hany, onda sen şo duran pejiň külüni ardyp ber diýdi-de, ýene-de öz işine gümra boldy. Ejem muña göwünjeň bolmasa-da men kakamyň häsiýetine beletdim. Ol işe gezek gelende bir işi buýursa hökman edäýmelidi. Derrew eşiklerimi çalşyryp, işe girişdim. Men bu işe öñden werdiş bolmamsoň, pejiň külüni artmak epesli wagtymy aldy. Oýe barýarkak ejem kakamyň ýowuzlygyndan zeýrenip, gözüne ýaş aýlapdy. Onuň agşam naharyna çenli keýpi bolmandy. Iñrik garalansoň, kakam işden geldi. Biz saçagyň başynda jemlenip, onuñ gelerine garaşýardyk. Kakam saçagyň başyna geçdi-de, şeýle diýdi:
-Tüweleme, oglum, senä bu gün iş bitirdiň. Seň kömegiň bilen azda-kände pulumyzy hem tygşytlap bildik. Sen haýsy kärde bolsaň hem puluň nädip gazanylýandygyny hökman bilmelisiň. Men islesem şol peji hakyny berip, başga birine-de artdyryp bilerdim. Şol işi saña buýurmagymyň, onda-da ýokary okuw mekdebini tamamlan günüñ etdirmegimiň ýeke-täk manysy bar. Dogrusy, ýokary bilime eýe bolan oglumyň, hondanbärsi bolup gedemlik etmeýändigini hut öz gözlerim bilen göresim geldi. Şu gün seniň pes-päldigiñi görmek, meni seniň alan tapawutly diplomyndan hem beter begendirdi. Kakam bu sözleri aýdandan soň, meniň egnime kakdy. Soňra gözleriniň ýaşyny gizlemäge çalyşýan kakam maña bir bukja uzatdy. Bukjada ep-esli pul bar ekeni. Ol meniň diplomymyň gutlagydy.

Taýýarlan: Myrat Rejepow.
23
107
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.