Islam_Atayew
26.01.2024 18:27
Mundan 5-6 ýyl öň internetde maýyp bir gyz aýaklary bilen Ronaldanyñ suratyny çekýän wideosy ýaýrapdy, belki görensiñiz, özimä birnäçe gezek gabat geldim. Şol maýyp gyz Eýranly ady Patma eken, K.Ronaldo Eýrana baranda ýörite wagt aýryp Patmanyñ ýanyna duýdansyz myhmançylyga bardy. Patma bilen gürrüñdeş boldy. "Bir ýamanlyk undulmaz birem ýagşylyk" diýilşi ýaly Ronaldo şol suratlary we suraty çeken gyzy unutmandyr. Ronaldo bu adamçylygy bilen tutuş Eýran halkynvñ ýüreginde tagt gurdy.




📌Bellik:(täzelik) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersiteti «Student Recruitment Campaign of the Year> ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegi başardy. Oguzhanyñ talyplary gutlaýan.😊
59
111
Islam_Atayew
25.01.2024 10:52
Öýlenmedik bir ýigidiñ hyýaly...

Uzyn bolsa saçlary, iki örüp göýberende inçe bilinden geçse, ýylgyranda ýañajygy oý bolsa, ýakymlyja söz diýenimde al yañaklary gyzarypjyk utansa, alçajyk bolsa, aýtjak diýjek sözümiñ ýarsyndan düšünse, gelnim edip alsam, Ene -Atama hormat goýsa, agšam nahara gijä galaýsam birden, iýmän maña garašsa, men bilgešleýin " maña garašdyñmy,
iýmeli ekenin maña garašman " diýsem,
öýkeläpjik" indi garašmaýaryn " diýse,
guwanyp gujaklapjyk mañlaýyndan öpsem öýkesinden köšešdirsem. Men haýsy išde išläýin getirenime kaýyl bolup šükür etse, išden gelenimde öñümden çykyp" Allah kuwwat bersin " diýip gúler ýüzli garšylasa, gaharly wagtym šamar saçlary bilen sypap ýüzümi köšešdirse, nähili ýagdaý bolsa-da geçmese menden. Onuñ bilen kiçijek külbe
bolsa - da öýüñ içine nur çaýsa, öýiñ törini bezese. Çagalarmyza uly söÝgi bilen seretse, gelnimiñ 3 çagasy bolsa, mende dördüsi bolar, ýagny onuñ özi-de çaga yaljak näzik, kiçi göwünlije bolsa, oñada çaga sereden ýaly seretsem.Seýle mašgalany arzuw edýän.

intersnoe.tm
54
280
Islam_Atayew
24.01.2024 00:17

🔷Tebigy gyzyl saçly adamlar, umumy ilatyň 1-2 göteriminde görülýär;


🔷Uçar heläkçiliginiň köpüsi uçuşdan üç minut soň ýa-da gonmazdan sekiz minut öň bolup geçýär;


🔷Jeki Çan we Brýus Li biri-biri bilen meýletin tutluşyk geçirdiler. Brýus Li yeňiş gazandy;


🔷Pingwinler fiziki taýdan yza ýöräp bilmeýärler;


🔷 Oksford uniwersiteti şeýle bir köne welin, haçan gurlandygyny hiç kim bilenok;


🔷«Lamborghini» şereketi başda diñe traktor öndürýärdi.Soňlugy bilen awtoulag önümçiligine başlady:


🔷4 yaşly çaga günde ortaça 400 sorag berýär;


🔷Gyzyl gan öyjüklerinden başga bedenimizdäki her bir öýjükde DNK bar;


🔷Alakalar öňünden çykan ähli zady iýip bilýärler. Hat-da beýleki alakalaryň jesedini hem iýýärler;


🔷Begamotlaryň süýdi aslynda gülgüne;


🔷Dünýädäki iň çalt haýwanlar: gury ýerde geçigaplaň sagatda 80-130 km, suwda istiforalar 110 km, howada

laçynlar 380 km tizlige ýetip bilýärler;


🔷Geçirilen gözleglere görä, Awstraliýa her ýyl takmynan 7 santimetr demirgazyga hereket edýär Awstraliýa Ýerdäki yklymlaryň arasynda iň çalt hereket edýän materik bolup durýar;


🔷Ýylan dersini çalşyp otyrka göreji kör

bolýar;


🔷Dünýäde iň uzyn at 1478 harpdan

durýar;


🔷Akwariumdaky balyklaryň huşy bary-

ýogy 10 sekunt ýatlap bilýär;


🔷Asminoklaryň 3 sany ýüregi bardyr;


🔷Haýwanlaryň içinde diňe doňuzlar güne ýanyp bilýärler;


🔷Bir ýylda 31636000 sekunt bar;


🔷Leonardo da Winçi Mono Lizaň

dodagyny 12 ýylyň dowamynda

çekipdir;


🔷Russiýa öz meýdanynda 12 sany deňiz

bolan ýeke-täk ýurt;


🔷Adamyň saçy we dyrnagy ölenden soň

hem belli bir wagta çenli ösýär;


🔷Erbet gorkynyñ netijesinde adamyñ saçy 13 güniñ içinde agaryp biler;


🔷 Muhammed Ali, olimpiadada gazanan ilkinji altyn medalyny, "Sen adam bolmarsyñ!" diýen mugallymyna sowgat edendir.


📌Bellik (täzelik diýsegem bolýa): Türkmenistanda "Ependi" hakda çeper film surata düşiriler. Film şu ýylyñ maý aýynda ýaýlyma çykar. Häzirki wagtda Oguz han adyndaky "Türkmenfilm" birleşigi tarapyndan bu babatda degişli işler alnyp barylýar.

64
323
Islam_Atayew
23.01.2024 02:20

Bütin dünýä meşhur bolan 12 adam barada gyzykly faktlar!


Wolter. Fransuz ýazyjysy we filosofy, meşhur - Wolter kofe içmegi gaty gowy görüpdir. Ol günde 50 stakan kofeany içip bilipdir. Dogry, bu biz üçin adaty kofe däl, şokolad we kofeli garyşma bolupdyr. Beýle rahatlandyryjy içgilige özüni beren bu akyldara töwerekdäkiler onuň tiz arada öljekdigini aýdypdyrlar. Emma Wolter 83 ýyl ömür görüp olary haýran galdyrypdyr.


Hristofor Kolumb. Bolan wakalara esaslanan rowaýatlaryň arasynda, Kolumba görüplik eden ynsanlar we deňizçilere Kolumbyň mynasyp jogaby baradaky hekaýalar hem bar. Şol gybatçy adamlar Kolumba hemişe Amerikany açmak kyn bolmadygyny gaýta-gaýta aýdýardylar. Ispan deňizçisi kolumb bolsa muňa gazaplanýardy. Kolumb olara şeýle çäre görmeklige karar etdi: deňizçi Kolumb bäsdeşlik edýänleriň ählisiniň her birine bir ýumurtgadan berip, ony dik ýagdaýda goýmalydygyny aýdýar. Olar näçe hereket etseler-de başarmandyrlar. Şondan soň bir sany ýumurtgany eline alan Kolumb ýumurtgany örän çaltlyk bilen pyrlaýar we şol ýagdaýda ony stolyň üstünde goýýar, ýumurtga dik ýagdaýda bolýar. Soňra Kolumb olara seredip ,,Amerikany açmak şeýle aňsat boldy" diýip aýdýar. Ýagny Kolumbyň açyşyna pisentsizlik bilen seredip aňsat açyş diýýänlere şol ýumurtganyň dik goýulyşy ýaly aňsat işi edip bilmeýişleri ýaly aňsat açyşam açyp bilmediklerini jogap hökmünde gaýtarýar.


Genri Ford. Meşhur telekeçi Genri Fordyň kompaniýasyna işçiler olaryň saglyk ýagdaýyna seredilmezden kabul edilipdir. Mysal üçin 1917-nji ýylda onuň kompaniýasynda 6000 sany maýyp zähmet çekipdir. Şeýlelikde bu ýagdaý kompaniýanyň däp-dessuryna öwrülipdir. Mundan başga-da bu telekeçi hemme işçilerine deň aýlyk hakyny bermekligi möhüm hasaplypdyr. Genri Fordyň bellemegine görä mayplar sag adamlara seredende käbir işler üçin has ukyply bolupdyrlar.


Karol Alfonso XIII. Karol Alfonso XIII köşgünde başgalardan tapawutly mahsus wezipe - gimnçi bolupdyr. Karol Alfonso XIII aýdym-sazdan ukyby bolmandyr. Şonuň üçin ol gimni (döwlet senasyny) başga aýdymlardan tapawutlandyryp bilmändir. Gimnçiniň wezipesi bolsa milli gimniň başlanýandygyny aýdyp duýdurmakdy.


Ýuliý Sezar. Ýuliý Sezar hemişe we ähli ýerde lawr ýapraklaryndan gülçemberi kellesine dakyp gezen. Hökümdar bu ýol bilen saçlarynyň dökülýändigini gizlejek bolupdyr.


Çarlz Darwin. Bize meşhur nazaryýetleriň biriniň üsti bilen tanyş bolan bu alym aslynda biologiýa ugrundan mahsus maglumata (diploma) eýe bolmadyk. Mekdebi gutarandan soň Darwin maşgala däp-dessurlaryny dowam etdirmek üçin lukmançylyk ugruna, Edinburg uniwersitetine okuwa girýär. Emma tiz wagtdan ol lukmançylyk ugruny taşlap gidýär. Çünki alym gandan çendenaşa gorkýardy. Belki Darwin barada indiki aýtjak maglumatym siz üçin täzelik bolup biler, ýöne köp ýerde onuň muny tassyklanlygy barada maglumatlar görkezilse-de Çarlz Darwin hiç haçan adamyň maýmyndan gelip çykandygyny tassyklamaýar. Ol diňe adam we adama meňzeş maýmynlaryň umumy gelip çykyşlygy bir bolmagy mümkindigi barada çaklama edýär. Bu iki düşünje, ýagny tassyklamak we çaklamak bolsa biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.


Karl VII. Köpçülik üçin tanyş bolan, täç geýdirilende aýdylýan: ,,Karol öldi, ýaşasyn karol" diýlen jümle ilkinji gezek Karl VII täç geýdiriliş dabarasynda aýdylýar. Bu hadysa 1422-nji ýylda bolup geçipdi. Bu meşhur jümläni ilki öňki karolyň jaýlanyş dabarasynda aýdýarlar. Onuň manysy bolsa şalygyň bir şanyň elinden başga şanyň eline geçendigini aňladýar.


Merilin Monro. Taryhyň iň gözel we üstünlikli aktrisalarynyň biri Merilin Monronyň durmuşy juda agyr we bagtsyzdy. Onuň ejesi uzak wagtyň dowamynda ruhy keseller keselhanasynda bejerilýär. Şol sebäpden gyz ýetimhanada ösmeli bolýar. Ony 11 sany dürli maşgala alyp saklamakçy bolýar (perzentlige). Ýöne her sapar, dürli sebäplere gör yzyna getiriberýärler.


Albert Eýnşteýn. Beýik fizik 1955-nji ýylda ýagty älemi terk edýär. Onuň ölüminiň sebäbi aorta damarynyň ýarylmagy bolup, muny patologoanotom Tomas Harwi tarapyndan mälim edilipdir. Ýöne Tomas Harwi fizigiň ölüm sebäbini anyklamak bilen çäklenmändir. Ol bu alymyň beýni bölümini öwrenip, onuň beýnisini kelle süňkinden bölüp alypdyr we boş galan ýeri balzam bilen doldurypdyr. Iň gzykyly ýeri Ýönekeý adamyň beýnisiniň agramy hem 1400 grama deň bolýar, Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bolsa 1230 gram bolupdyr.


Jannad Ark. Jannad Ark ýaşan döwürlerde saçlary kesilen gyzlara duşmak diýerli eläçsizdi. Ýöne käbir dürtgileriň netijesinde Jannad ilkinjilerden bolup bu usuly gollap görýär. Aradan 500 ýyl geçip fransuz aýal gahrymany baradaky bu fakty eşiden polşaly bir dellegi ylhamlandyrýar we munuň netijesinde dellek ,,Bob" saç bezegini oýlap tapýar.


Awraam Linkolin. Awraam Linkolin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meşhur prezidentlerinden biridir. Ol ýaşlyk döwründen oňat göreşçi bolan. Ol köp hallarda köpçülik adamlara garap göreşe çagyran we islendigi bilen güýç synanşyp biljekdigini aýdan. Aýnan şu hereketleri sebäpli oňa ,,Göreşijileriň şöhraty" milli zalyndan ýer beripdirler. Onuň göreşiji sypatyndaky lakamy ,,Hakkany Eýb" bolup, hemişe öz karzlaryny wagtynda gaýtarýanlygy üçin şu lakama eýe bolupdyr.


Napoleon Bonopart. Napoleon Korsika adasynyň Aýaçço çäginde dünýä inip, onuň ähli eždatlary (ata-babalary) florensiýalylar bolupdyr. Şu sebäpli ony fransiýaly däl italiýaly, has anygragy Korsikaly diýip atlandyrmak mümkin. Napaleon italiýan dilini mekdep döwürlerinde öwrenär, fransuz dilini bolsa 10 ýaşda öwrenip başlaýar. Napaleon Fransiýa we Italiýa imperatory hasaaplanan. Şol sebäpli Italiýanyň baýdagy işläp çykarylýan wagtda işe özi gözegçilik edip işiň başynda durýar. Esas edilip bolsa Fransiýa baýdagy peýdalanylan. Bu orunda üýtgedilen ýeke zat mawy reňki ýaşyl reňke çalşylmagy bolupdyr.


📌Bellik: agzalýan şahsyýetler suratdaka gabat gelmän biler.


bilim.mylayymzada

73
591
Islam_Atayew
22.01.2024 00:45

Adam durmuşda bir işiñ başyny tutmaka gorky, ynamsyzlyk, çekinjeñlik (başgada ruhy taýdan pese düşirýän pikirler we duýgular bolup biler ) duýgular gurşap alýar. Her bir işe başlamazyñdan ozal \" meñ etjek işim däl\" ýa-da \"öñ meniñ ol ugurdan tejribäm ýok\" we ş.m ýaly negatiw pikirler bilen maksadyna, arzuwlarna gitýän ýoluny özi ýapýar. Öziñize ynanyñ we üstinlige ýetiñ!Ýadyñdan çykarma Dünýäde iki görnüşli adam bardyr. "Öñe gidýänler" we "Bahana tapýanlar".DURMUŞ,tupanyň geçmesine garaşmak dälde,ol, ýagyşda tans etmäni öwrenmekdir.



Suratly soraga jogap ýazmagy unutmañ!

50
198
Islam_Atayew
21.01.2024 18:32
Bir gün magazine Ependi gelip maňa 99 sany çörek beriň diýýär. Satyjy gel şuny tegelekläp 100edeli diýýär. Ependi bolsa \"Kelläň bir işleýämi 100 çöregi haçan iýip gutarars\" diýýär.


Bir ayal joralaryna jan etya.alo jorajan men bugun aylanmana gidip bilemok diyya joralary hen haa name boldy diyya welin adamym 100 manat yitirdi şony öýi eýlesine çöwürip gözläp ýör .joralary;saňa näme boldy ,sol 100 manadyň üstünde atyrn.
52
677
Islam_Atayew
20.01.2024 01:19
- Oglanlar söýen gyzynyñ başga oglana gülenini gören wagty, içinde döreýän duýgyny hiç bir gyz duýup bilmeýär.

- Söýgi bu iki adamynyñ bakylyga çenli bile gitmäge ymtylşydyr.

- Seni söýmeýäni söýmek, aeroportda gämä garaşmak ýalydyr.

- Durmuşdaky iñ ajaýyp zat, ähli kemçilikleriñizi bilip hem ýenede sizi söýip bilýän biriniñ bolmagydyr.




Köpler kimin, duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşindim şo duýgy bilen,
Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş.
Gurbannazar Ezizow.
51
97
Islam_Atayew
19.01.2024 00:06
Täsinlikler, gyzykly faktlar we peýdaly maslahatlar.

🔷 Gara gözli adamlar çydamly we işeññir bolýarlar.

🔷 Gün şöhlesi okeanyñ 75 metr çuñlugyndan añyryk geçip bilmeýär.

🔷 Gargalar öz dostlaryna wepalydyr, eger olaryñ biri keselläp galsa, onda dosty ony tä sagalýança iýmitlenmäge kömek eder.

🔷 Portugaliýada ýagyşy bahana edip işden galmak mümkindir.

🔷 Adamyñ barmak yzlary ýaly, pişikleriñ burunlarynyñ yzy hem birmeñzeş däldir.

🔷 Eger ýylanyñ göreçleri dik çyzyk bolsa, onuñ zäherlidigni añladýar.

🔷 Dogabitdi kör adamlar düýş görip bilmeýärler. Olar düýşi: elläp, ysgap, eşidip bilýärler.

🔷 Peýnir we gara şokalad dişiñ çüýremegniñ öñini alýar.

🔷 You tube-däki her bir wideony görmek üçin 1000- ýyl gerek bolar.

🔷 Ukudan oýanañyzda kofe dälde alma iýseñiz has çalt açylarsyñyz.

🔷 Mikrowalnowkada tarelka salyp iymit gyzdyrañyzda, tarelkanyñ orta arasynda boşluk goýsañyz, iýmitiñiziñ ähli ýeri deñ gyzar.

🔷 Suwy bir gezekden köp gaýnatmaly däl, sebäbi suw täzeden gaýnadylanda dioksin atly zäherli madda peýda bolýar. Ol saglyk üçin zyýanlydyr.

🔷 Sagdyn bolmak isleseñiz: patyşa ýaly ertirlik, şazada ýaly günertanlyk we dilegçi yaly agşamlyk ediniñ.

Göwniñize ýarandyr diýip umyt etýän! Üns bereniñiz üçin sagboluñ!
49
204
Islam_Atayew
18.01.2024 08:53
"Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden"

Bir däl, hemme kişiñ urýan ýüregi,
Käsiniñki etden, käsi demirden.
Isle bal iý, isle et iý, aç otyr,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Töññä derek, pul ýaksañam pejiñde,
Peýdasy ýok, derdiñ bolsa içiñde,
Çal döretmek üçin gara saçyñda,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Ajal janyñ almak üçin howlukýar,
Adamlar baý bolmak üçin howlukýar,
Bagtdan başga aýt nämede gowluk bar,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Ömrüm mugt bolsa-da, hiç kime bermen,
Ömür hemme kişä bir gezek berlen
Näme üçin ýaşaýañ? Gowja pikirlen,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Durmuş synar, tikenlerden ätledip,
Bolmaz eken ýazgydyñy üýtgedip,
Soñky jaýyñ mazardygny ýatladyp,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Kuwwat Ýazmuhammedow.
46
343
Islam_Atayew
17.01.2024 02:19
Bir gün ependiñ öýine myhman gelipdir, Ependi agtygna:
"Diplom, oglum bar çaý goý!" diýipdir.
Myhman geñ galyp Ependä seredip:
"Näme üçin adyna Diplom goýduñyz?!" diýip soraýa.
Ependi:
"Gyzym şäherde okap "diplom getirjek" diýip şuny getirdidä!"...
54
412