Islam_Atayew
18.01.2024 08:53
"Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden"

Bir däl, hemme kişiñ urýan ýüregi,
Käsiniñki etden, käsi demirden.
Isle bal iý, isle et iý, aç otyr,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Töññä derek, pul ýaksañam pejiñde,
Peýdasy ýok, derdiñ bolsa içiñde,
Çal döretmek üçin gara saçyñda,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Ajal janyñ almak üçin howlukýar,
Adamlar baý bolmak üçin howlukýar,
Bagtdan başga aýt nämede gowluk bar,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Ömrüm mugt bolsa-da, hiç kime bermen,
Ömür hemme kişä bir gezek berlen
Näme üçin ýaşaýañ? Gowja pikirlen,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Durmuş synar, tikenlerden ätledip,
Bolmaz eken ýazgydyñy üýtgedip,
Soñky jaýyñ mazardygny ýatladyp,
Bu gün ýene bir gün geçdi ömürden.

Kuwwat Ýazmuhammedow.
46
343
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
@flowers_, 😂😂😂 pikirimiz deñ gelya🤣🤣🤣
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
@lawyer, màhribansyraýalara atam òlýà.
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
@lawyer, gaty ynama gorup yorenlemmizede yok mennà🙄
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
@flowers_, wah menem edil sen ýaly pikirde🤣🤣🤣
amanmyradowna_
19 Yanwar 2024
@lawyer, gorkunçlaý çynnan kim otyr belli dal🤔
nabat_
18 Yanwar 2024
Bolya sagbolun gijaniz rahat🙃🙃🙃
nabat_
18 Yanwar 2024
@tim_, aha👍😁
nabat_
18 Yanwar 2024
@tim_, yeke baranokla tutuş topar bolp urup gaydaymasak ony🤦‍♀️😂😂😂
nabat_
18 Yanwar 2024
@alone_girl_05, baa soýgi tapmak gerek hakykysyny😊
nabat_
18 Yanwar 2024
@lawyer, oglan gorseli diya dun kursdaslam sana ozin dal.diydi welin akel şol ynanmayanlary yuzlerne goy şo suratyñ mendigimi diya🤦‍♀️😕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.