Islam_Atayew
19.01.2024 00:06
Täsinlikler, gyzykly faktlar we peýdaly maslahatlar.

🔷 Gara gözli adamlar çydamly we işeññir bolýarlar.

🔷 Gün şöhlesi okeanyñ 75 metr çuñlugyndan añyryk geçip bilmeýär.

🔷 Gargalar öz dostlaryna wepalydyr, eger olaryñ biri keselläp galsa, onda dosty ony tä sagalýança iýmitlenmäge kömek eder.

🔷 Portugaliýada ýagyşy bahana edip işden galmak mümkindir.

🔷 Adamyñ barmak yzlary ýaly, pişikleriñ burunlarynyñ yzy hem birmeñzeş däldir.

🔷 Eger ýylanyñ göreçleri dik çyzyk bolsa, onuñ zäherlidigni añladýar.

🔷 Dogabitdi kör adamlar düýş görip bilmeýärler. Olar düýşi: elläp, ysgap, eşidip bilýärler.

🔷 Peýnir we gara şokalad dişiñ çüýremegniñ öñini alýar.

🔷 You tube-däki her bir wideony görmek üçin 1000- ýyl gerek bolar.

🔷 Ukudan oýanañyzda kofe dälde alma iýseñiz has çalt açylarsyñyz.

🔷 Mikrowalnowkada tarelka salyp iymit gyzdyrañyzda, tarelkanyñ orta arasynda boşluk goýsañyz, iýmitiñiziñ ähli ýeri deñ gyzar.

🔷 Suwy bir gezekden köp gaýnatmaly däl, sebäbi suw täzeden gaýnadylanda dioksin atly zäherli madda peýda bolýar. Ol saglyk üçin zyýanlydyr.

🔷 Sagdyn bolmak isleseñiz: patyşa ýaly ertirlik, şazada ýaly günertanlyk we dilegçi yaly agşamlyk ediniñ.

Göwniñize ýarandyr diýip umyt etýän! Üns bereniñiz üçin sagboluñ!
49
204
3101
22 Yanwar 2024
Dasda admin
gokgi
19 Yanwar 2024
👍🏼❤ örrrrän gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.