Islam_Atayew
10.02.2024 17:17
"Ýadadym".

Ýalan ýylgyrşyma saklap gaýgymy.
Bagtly ýaly görünmekden ýadadym,
Ses edip gülýäkäm asyl kalbymda,
Sessiz sessíz aglamakdan ýadadym.

Ýadadym hemme zat gelýär üstüme,
Çykan ýaly bary meniñ kastyma,
Doýmadyñmy durmuş gynap aýtsana,
Güýçli ýaly görünmekden ýadadym.

Söyülýändirin öýtdim söýüşim ýaly
Beýle däl ekeni görüşim ýaly.
Maña agyr gelýär bularyñ bary.
Indi menä ýaşamakdan ýadadym.

Awtor: ?
49
82
Islam_Atayew
10.02.2024 00:00
Meşhurlaryñ durmuşyndan.
42
112
Islam_Atayew
09.02.2024 13:48
"Gowy Gelin"

Bile ýaşap, ýakyn boljak hemmeden,
Gowy bolsa çekjek ýüküñ ýeñleder.
Artyk peýdasy ýok aşa gelşikliñ,
Iñ esasy bolsa bolýar oñşukly.

Arassa jaýyň hem demlengi çaýyñ,
Işden geleniñde durandyr taýyn.
Senden özgä galdyrmaýar gabagny,
Gadryn bil tapmak kyn olar ýalagny.

Keýpiñi bozmaýar saçak başynda,
Byzbyldap ýörendir seniñ daşyñda.
Ýaman gelin zäher eder naharñy,
Gelniñ gowsy ýatyşdyrar gaharñy.

Geçirimli bolar, gitmez kejiñe,
Minnetsiz sereder - Kakañ, Ejeñe.
Syrdaşyñ bor, ile içiñi aýtmaz,
Zol- zoldan atasy öýüne gaýtmaz.

Uruş- sögüş sizden alysda bolar,
Kaka bolsañ çagañ arassa bolar.
Gelin şeýdip gaýgyrmasa yhlasyn,
Güllär mydam ojagyň hem ykbalyñ!

Şanazar Hydyrow.
57
153
Islam_Atayew
09.02.2024 00:05
Dostoýewskiýden dürdäneler.

"Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy
artar".

"Bir agajyň öňünden ony söýmän, onuň
barlygyndan lezzet alman geçip gidip
boljakdygyny akylyma sygdyryp bilemok"

“Her bir adam her bir kişiniň öňünde her bir zatdan jogapkärdir".
Dostoýewskiý

“Adam bir zada ýetjek bolup jan eder. Oňa eýe bolandan soňam ony bir gyra oklap goýberer. Onuň hakyky gymmatyny bolsa, şol zat elinden gidenden soň bilip galar".

"Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir
ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny
aýtsam..." diýip başlaýan sözlem bar".
44
96
Islam_Atayew
08.02.2024 07:30
Käteler şeýlebir gyýylýar göwnüm,
Özümden närazy görünýär ömrüm,
Pespäller betpäle edipdir öwrüm,
Bizem şo nogsana baş goşup barýas.

Tapyldy haýadan ara açjaklar,
Däp dessury basyp geçdi paşmaklar,
Birmahal syryldy syrly ýaşmaklar,
Ah aslymyz bilen hoşlaşyp barýas.

Hakykatdana biz juda uzakda,
Salamada ýer galmady gulakda,
Ynsap barmy nebis diýen duzakda,
Nirädir howlugyp hoşlaşyp barýas.

Gündizä Metjitde gije yoldalar,
Şu sowala jogap boldy mollalar,
Meseläñiz bir mahala gozgalar,
Diñe hyrçymyzy dişleşip barýas.

Etmişlerin aýdyp bilmän ýamanyñ,
Girdabyna düşdük ahyr ýalanyñ,
Geliñ ynsanlarça boýun alalyñ,
Biz birek birekden daşlaşyp barýas.

Awtor:?
46
51
Islam_Atayew
08.02.2024 00:10
Balkan welaýatynyñ Magtymguly etrabynyñ Gerkez obasyndaky dag.Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyñ keşbi. Aýtmyşlaryna görä "dagyñ ýanyndan synlanyñda has hem aýdyñ görinýär".Täsin gudrat.
43
113
Islam_Atayew
07.02.2024 14:57
"Söýgi näme?" diýip soradym Taldan.
Ol diýdi:"Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da, boýum bar uzyn".

"Söýgi näme?" diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem özüň bil, oglum!"

"Söýgi näme?" diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi:"Sataşyp yşk diýen ugra,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal

"Söýgi näme?" diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: "Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde iň uly guşdum":.

"Söýgi näme?" diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
"Men, men, men.. ynha, Söýgi men!."

"Söýgi näme?" diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi: "Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi guçardym eýýäm!"

"Söýgi näme?" diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: "Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr, Söýgi bir başgal"

Çeşme: islenen.ru awtor: ?
51
147
Islam_Atayew
07.02.2024 00:24
Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiñ institutyna okuwa girmek isleýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy.

1. Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar kabul edilýär.
2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär:
• içerki goşunlar fakulteti;
• hukuk fakulteti;
• ýörite edaralar fakulteti;
• ýangyn-tehniki fakulteti;
3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň okuw merkezinde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyna
çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2056-njy
(Ș.Batyrow) köçesiniň 9-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
36-45-17, 36-44-97.

Tmcars.
46
170
Islam_Atayew
06.02.2024 14:11
Özüñi ösdürjek ajaýyp maslahatlar!

Azyrak uklaň. Durmuşyňyzda has produktiwnyý bolmak üçin iň gowy
usullaryň biri. 6 sagat uky bilen özüni örän sagdyn duýýan adamlar köp. Ýöne size edil beýle etmek hökman däl. Siz diňe öz turýan wagtyňyzdan 1 sagat irräk tursaňyz boldy we 1 aýda siz 30 sagat ýene boş wagtyňyz peýda bolar. Her gün irden turan wagtyňyz biraz öz- özüňizi ösdürmek üçin pikirleri ediň. Öňüňizdäki güni göz öňüne getiriň, nähili işler etmeli, nädip dogry etmeli. Gyzykly motivasionnyy zapisleri, podkastlary
diňläň. Wajyp işleriň, gerekmejek işleriň
arkasynda galmagyna ýol bermäň. Her gün azyndan 10 minut tapyňda "Şu edýän işlerim maňa peýda getirýärmi?" diýip özüňizden sorap görüň.Hemişe el telefonyňyza jaň geleninde jaň eden adam nähili adam bolsada hormat bilen jogap beriň. Bu diňe size däl, size jaň
edýän adamada ýeňillik döreder. Esasy kanunlaryň biri, bu siziň durmuşyňyz nähili bolsa, siziň daşky gurşaw bilen aragatnaşygyňyz hem şeýle bolar. Eger-de siz položitelnyý zatlary isleseňiz şony hem alarsyňyz. Bu - tebigatyň fundamentalnyý kanuny. Maksadyňyz hakda pikir ediň, onuň netijesi hakda däl. Başgaça aýdanymyzda siz edýän işiňize köp üns bermeli, belki siziň eden işiňiz kimdir birine peýdaly ukyp berer. Hiç
haçan pul üçin ýa-da at gazanmak üçin
etjek bolmaň. Iň soňunda eden işiňiz
birden pese düşer. Pul we at size öz-özi
geler, eger siz edýän işiňizi dowam etseňiz Her gün azyndan 5 minut aýna seredip ýylgyryň. Stiww Martin edil şeýle hem edýän eken. Haçanda siz güleniňizde siziň organizmiňiz örän köp himiki reaksiýalaryň başlangyjyny berýär we ol reaksiýalar bizi bagtly duýmaga kömek edýär. Gülki adamy deñagramlyk ýagdaýynda saklaýar.
42
66
Islam_Atayew
06.02.2024 00:50
Şahyrlara sowallar.

Sowal:

Adam bina etdi haýsy kanaly?
Ol ýerden başlanýar okean ýoly.
Ýatan bir çägelik sag bilen soly,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Kimdir ilki bolup kosmosa uçan?
Ol haýsy milletden, nirede, haçan?
Häzir ýaşap ýörmi ýa mundan geçen?
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Girkan haýsy deňziň ozalky ady?
Suwy tagamlymy, ajymy dady?
Egnine göterýär kän parahody,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Orta Aziýada döwletleň sany
Näçe diýip hasap edýäň, bil hany,
( Dymma, şahyr, iýýän ýaly talhany),
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Çarwa bilen çomryň parhy nämedir?
Haýsy önüm öndürmäge jan eder?
Biri iýmit, biri egne don eder,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?


Ýusupahmet.


Hany, zahinli şahyr agzalar jogap bermek sizden!
44
258