Islam_Atayew
07.02.2024 14:57
"Söýgi näme?" diýip soradym Taldan.
Ol diýdi:"Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da, boýum bar uzyn".

"Söýgi näme?" diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem özüň bil, oglum!"

"Söýgi näme?" diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi:"Sataşyp yşk diýen ugra,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal

"Söýgi näme?" diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: "Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde iň uly guşdum":.

"Söýgi näme?" diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
"Men, men, men.. ynha, Söýgi men!."

"Söýgi näme?" diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi: "Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi guçardym eýýäm!"

"Söýgi näme?" diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: "Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr, Söýgi bir başgal"

Çeşme: islenen.ru awtor: ?
51
147
clara_💎
10 Fewral 2024
♥️♥️♥️♥️♥️♥️ muña söz ýok
Madmazella
7 Fewral 2024
@Islam_Atayew, 🙂🙃
Madmazella
7 Fewral 2024
Bir wagtlar söýdüm menem, arkasyndan gözýaş döküp, aýralykdan köýdüm menem, illerde ýok aklym bardy, bir dogumly anwardym men. Aklym başdan alsyn diýip Allajana ýalwardym men, belki unudaryn diýdim, ýogsam derdim hiç bitmedi. Emma yene bu başymdan aklym gitdi ol gitmedi...
lavinya_
7 Fewral 2024
Awtor: Kerim Gurbannepesow "Söýgi näme"
nabat_
7 Fewral 2024
👍❤🌟🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.