Islam_Atayew
06.02.2024 00:50
Şahyrlara sowallar.

Sowal:

Adam bina etdi haýsy kanaly?
Ol ýerden başlanýar okean ýoly.
Ýatan bir çägelik sag bilen soly,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Kimdir ilki bolup kosmosa uçan?
Ol haýsy milletden, nirede, haçan?
Häzir ýaşap ýörmi ýa mundan geçen?
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Girkan haýsy deňziň ozalky ady?
Suwy tagamlymy, ajymy dady?
Egnine göterýär kän parahody,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Orta Aziýada döwletleň sany
Näçe diýip hasap edýäň, bil hany,
( Dymma, şahyr, iýýän ýaly talhany),
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Çarwa bilen çomryň parhy nämedir?
Haýsy önüm öndürmäge jan eder?
Biri iýmit, biri egne don eder,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?


Ýusupahmet.


Hany, zahinli şahyr agzalar jogap bermek sizden!
44
258
sofii
12 Mart 2024
@Islam_Atayew, hawa 😊
sofii
12 Mart 2024
Gazagystan, Gyrgysyztan, Türkmenistan, Goňşular Özbegistan, Täjigistan, Dymmaryn hiç, ökde şahyr jogaplan, Ine, men şahyryň jogaby şeýle
sofii
12 Mart 2024
Hazar deňziniň öňki ady Girkan, Ajymy, süýjümi biler tagamny dadan, Dogry, egni doludyr parahoddan, Ine, men şahyryň jogaby şeýle
manolya
8 Fewral 2024
@Islam_Atayew, sag bol 😜
manolya
8 Fewral 2024
manolya
8 Fewral 2024
Adam edenmişin gyzyl kanaly,
Şol ýerdenem başlanýar okean ýoly,
İki gapdalynda çägedir çôli,
Şu sowalňa ,ine jogabym !
manolya
8 Fewral 2024
@Islam_Atayew, şu gyzyl mendirin 😅 teswir ýazyp bilmän ,şu nikde giripdim )) 😜
gulia_maksatmyradowna
7 Fewral 2024
@Islam_Atayew, minnetdar)
gulia_maksatmyradowna
7 Fewral 2024
Galany barada bilemok maglumat🤷‍♀️
gulia_maksatmyradowna
7 Fewral 2024
Ýuriý Gagarindir kosmosa uçan, asly rusiýaly ol ýaşap geçen , kosmosa uçanda çyragy öçen , bilişimçe jogap berdim sowalňa😁🙈🙈🙈🙈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.