Islam_Atayew
17.03.2024 18:40
Käte gymmatly adamyň ýekeje sözi hem biziň gün-uzyn ýylgyryp gezmegimize sebäp bolup bilýär.
45
78
Islam_Atayew
17.03.2024 01:14
Örän agyr eken ulalsañ durmuş.
Gül diýip elläniñ bolup dur tiken.
Gam gussa bilmeýän gözel wagtymyz,
Çagalyk iñ bagtly döwrümiz eken.
44
184
Islam_Atayew
16.03.2024 23:50
Gulluga giden oglana söýgilsi hat ýazýar:
-Başga bir oglana aşyk boldum, suratymy
yzyna ugradaýda, diýip.
Ol oglanam gullukdaşlaryndan
söýgilileriniñ suratyny ýygnaşdyryp,
hemmesini konwerte salyp yzyna
ugradýar.
-Ýüzuñ ýadyma düşenok. Özüñi tapyp
alda, galan suratlary yzyna ugradaýda!


Bir gyz bilen tanyşdym. 3 aý yranymdan
soñ ahyry öýünde bir gijämi geçirdim. Ir
bilen tursam, tumbasynda bir oglanyň
surady dur eken.
Bu doganyñmy?- diýip soradym.
-Ýok!- diýip gulagymdan ogşap jogap
berdi.
Onda dostuñmy? - diýip gabanyp
soradym.
- Ýok ezizim!- diýip gyz suraty eline aldy.
- Kim onda ol?
-Bu men, ýöne operasiyadan öñki purasadym.
46
326
Islam_Atayew
16.03.2024 21:11
Sabr et! Arynyñ garnyndaky bal bilen
guýrugyndaky zäheri biri-birine garyşdyrmaýan ALLAH, seniñ hakyñy hem başgasy bilen garyşdyrmaz.
43
86
Islam_Atayew
15.03.2024 17:23
Iki zat seni häsiýetlendirer: hiç zadyñ ýok wagty görkezen Sabryñ, hemme zadyñ bar wagty görkezen Adamçylygyñ.
37
49
Islam_Atayew
14.03.2024 13:29
Gadym döwirlerde täze bir ýaş gelin düşen öýiniñ duluna girip oña göz aýlanynda ýokarda asylgy duran palta gözi düşýär. Gelin şol paltany görenden derrew ses edip aglamana başlaýar. Özem ala-goh edip hemmäniň ýüregini ýaryp barýarmyş. Gelini näçe köşeşdirjegem bolsalar ol köşeşenokdy. Şeýlelikde, birnäçe günden soñ geliniñ ýagdaýyny ejesine ýetirýärler. Geliniñ ejesi "Balama näme bolýarka, özim bir baryp göreýin" diýip gyzynyň ýanyna
barýar. Gyzyndan näme üçin aglaýanyny
soraýar. Gyzy oña "Dulumyzda palta asylgy dur. Men entek ýaş gelin. Meniñ çagam bolsa, olam şu ýerlerde oýnap ulalar. Eger çagam şol ýere, palta asylgy duran ýere barsa palta hem onuñ kellesine gaçsa men nãderin'" diýip oñkidenem beter gygyryp aglaýarmyşyn. Gyzynyñ sözlerini diñländen soñ onuñ ejesi hem gyzyndan beter gygyryp
"Wah wah-eý, balajygymyñ çagajygy...
diýip aglap başlaýar. Şeýlelikde, il arasynda "Palta, gaçar etmesene" diýen jümleler döreýär. Munuň taryhy hem şeýle bolan eken!

Hazynam.app
44
157
Islam_Atayew
14.03.2024 00:39
• Her güliñ öz ysy bar, Her gyzyñ bir näzi.
(Atalar sözi)

• Bir gülden bahar bolmaz, emma her bahar bir gül bilen başlar.
(Atalar sözi)

• Güller ýok ýerinde adamlar yaşap bilmez. (Napoleon Bonapart)

• Yslar gülleriñ duýgusydyr. Gül açylan ýerde umyt güýçlener. (Lady Bird Johnson)

• Ýapraklaryny goparanyñ bilen gülüñ
gözelligini gizläp bilmersifi. (Rabindranat Tagor)

• Güller tebigatyň iñ dogruçyl dilidir.
(Benjamin Franklin)

• Jahyl adam gülüñ gözelligini görmez,
tikenine ýapyşar.
-Aýagyñyza çümen tikenler gözleýän gülüñiziñ habarçysydyr.
-Güller söýgüñize garşylyk berer, emma sizi düşünmezler.
-Gül uzadan elde gül ysy galar. -Söýýänleriñize gül beriñ, gülüñiz bolmasa ýylgyryñ! (Jelaleddin Rumy)

• Reñbe-reñ gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniñ.
(Magtymguly Pyragy)

• Gülleriñ ysyndan- Serhoş bu asman.
(Gurbannazar Ezizow)

• Güller gözelligi senden öwrener,
Göz degmesin, gülüm, gül çagyñ seniñ
(Gara Seýitliyew)

• Goý, güller açylsyn sährañ ýüzünde,
Asmanam, goý, rähnet nuruny saçsyn.
(Atamyrat Atabaýew)

Hazynam.app
42
136
Islam_Atayew
13.03.2024 18:47
Unutma! Afrikada her gün irden bir keýik oýanar, iň çalasyn gaplaňdan has çalasyn bolmalydygyny, bolmasa öljegini bilýär. Afrikada her gün irden bir gaplaň oýanar, iň haýal keýikden has çalasyn bolmalydygyny, bolmasa aç galjakdygyny bilýär. Gaplañ ýa-da Keýik bolmagyňyzyň tapawudy ýok. Esasy zat gün doganyndan YLGAMALYDYGYŇYZY
ÝADYŇYZDAN ÇYKARMAŃ!

täsin_dünýäm
42
128
Islam_Atayew
13.03.2024 00:11
• Adamlaryň iň gowy göryän temasy: özi barada gürriňdir. Şonuň üçin birine gowy
görünmek isleseñiz olaryň özi barada gürrüň ediň!

• Erkekleriñ zenanlara görä huşy pesdir. Häzire çenli näme üçin beýledigi doly
anyklanmasada birnäçe barlaglar
netijesinde alymlar erkek adamlaryñ
zenanlara görä unudagandygyny bellediler.

• Giç ýatýan adamlaryň ir ýatýan adamlara garanyňda ýokary düşünjeli
bolýandyklaryny barlaglar görkezdi.

• Aýakgabyňyzyň ýagdaýy tanyşlykda siz barada galdyrýan täsire, täsir edýän ilkinji zatdyr.

• Dünýäde 160 mln-dan köp ýetim bar.

• Çaý öndürijileri ony sowuklygyna içmegi maslahat berenok. Sowuk çaý iç geçmä sebäp döredýär. Ýaponlarda şeýle nakyl hem bar: "Düýnki çaý ýylandan beter çakýar". Hytaýlylar bolsa düýnki çaýy awy hasaplaýarlar.

• Bokurdak agyrýan wagty doňdurma iýmek bolmaýanlygy diňe bir mif.

• Hoz gadymy Wawilionda bilim iýmiti hökmünde görülipdir we ýönekeý adamlar bilimli bolaýmasyn diýip hozy olara iýmegi gadagan edipdirler.

• Ortaça bir buludyň agramy 500 tonna
we bu 80 sany piliň agramyna deň diýmekdir.

• "Bentley" ulagyny dolulygyna deri salon etmek üçin 18 sygyryň derisi ulanylýar.

• Dünýâniň 70% adamsy telefonyň jaň sesini eşidip görmedikdir. Afrikada her 40 adamdan 1 adamda, Hindistanda bolsa 20 adamdan 1 adamda telefon bar.

• Hytaýda gark bolýan adamy halas etmek gadagandyr. Halas etmek bilen
siz başga biriniň durmuşyna goşulýaňyz we bu jenaýat hasaplanýar.

• Pyşbagalar haýal ösýärler we uzak ýaşaýarlar. Iň uzak ýaşan pyşbaga 189 ýyl ýaşap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir.

• Bharat Djayn 49 ýaşly bu adam Hindistandaky iň baý dilegçi bolup, onuň umumy girdeýjisi 1 million dollar, bir aýda 75 000 dollar tapýar. Mumbaida
160 000 dollarlyk öýi we 2 sany dükany bar.

Täsin_dünýäm.
45
195
Islam_Atayew
12.03.2024 13:34
Oraza tutmagyñ görnişleri.
45
83