Islam_Atayew
13.03.2024 00:11
• Adamlaryň iň gowy göryän temasy: özi barada gürriňdir. Şonuň üçin birine gowy
görünmek isleseñiz olaryň özi barada gürrüň ediň!

• Erkekleriñ zenanlara görä huşy pesdir. Häzire çenli näme üçin beýledigi doly
anyklanmasada birnäçe barlaglar
netijesinde alymlar erkek adamlaryñ
zenanlara görä unudagandygyny bellediler.

• Giç ýatýan adamlaryň ir ýatýan adamlara garanyňda ýokary düşünjeli
bolýandyklaryny barlaglar görkezdi.

• Aýakgabyňyzyň ýagdaýy tanyşlykda siz barada galdyrýan täsire, täsir edýän ilkinji zatdyr.

• Dünýäde 160 mln-dan köp ýetim bar.

• Çaý öndürijileri ony sowuklygyna içmegi maslahat berenok. Sowuk çaý iç geçmä sebäp döredýär. Ýaponlarda şeýle nakyl hem bar: "Düýnki çaý ýylandan beter çakýar". Hytaýlylar bolsa düýnki çaýy awy hasaplaýarlar.

• Bokurdak agyrýan wagty doňdurma iýmek bolmaýanlygy diňe bir mif.

• Hoz gadymy Wawilionda bilim iýmiti hökmünde görülipdir we ýönekeý adamlar bilimli bolaýmasyn diýip hozy olara iýmegi gadagan edipdirler.

• Ortaça bir buludyň agramy 500 tonna
we bu 80 sany piliň agramyna deň diýmekdir.

• "Bentley" ulagyny dolulygyna deri salon etmek üçin 18 sygyryň derisi ulanylýar.

• Dünýâniň 70% adamsy telefonyň jaň sesini eşidip görmedikdir. Afrikada her 40 adamdan 1 adamda, Hindistanda bolsa 20 adamdan 1 adamda telefon bar.

• Hytaýda gark bolýan adamy halas etmek gadagandyr. Halas etmek bilen
siz başga biriniň durmuşyna goşulýaňyz we bu jenaýat hasaplanýar.

• Pyşbagalar haýal ösýärler we uzak ýaşaýarlar. Iň uzak ýaşan pyşbaga 189 ýyl ýaşap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir.

• Bharat Djayn 49 ýaşly bu adam Hindistandaky iň baý dilegçi bolup, onuň umumy girdeýjisi 1 million dollar, bir aýda 75 000 dollar tapýar. Mumbaida
160 000 dollarlyk öýi we 2 sany dükany bar.

Täsin_dünýäm.
45
195
gulia_maksatmyradowna
13 Mart 2024
@Islam_Atayew, düşündim )
gulia_maksatmyradowna
13 Mart 2024
Mif näme?
1414
13 Mart 2024
@Islam_Atayew, govy siz nahilli govmysyňyz
ilhano_va
13 Mart 2024
Dünyade 160 mln-dan köp ýetim bar diyilýäni gaty gynandyryjy😔
awgust
13 Mart 2024
👍
flowers_
13 Mart 2024
Aýakgap hakyndakylar👍, indi hoz iýýän köpelipdir😁 zyýanmy peýdamy belli däl))
flowers_
13 Mart 2024
Giç ýatýanymyñ gowy tarapam bar ekenä))
flowers_
13 Mart 2024
Menä özüm barada gürrüñ edilmesini halamok))
Alone_Boy_06
13 Mart 2024
11. Näçenji ýyla degişli bu maglumat🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.