Islam_Atayew
14.03.2024 13:29
Gadym döwirlerde täze bir ýaş gelin düşen öýiniñ duluna girip oña göz aýlanynda ýokarda asylgy duran palta gözi düşýär. Gelin şol paltany görenden derrew ses edip aglamana başlaýar. Özem ala-goh edip hemmäniň ýüregini ýaryp barýarmyş. Gelini näçe köşeşdirjegem bolsalar ol köşeşenokdy. Şeýlelikde, birnäçe günden soñ geliniñ ýagdaýyny ejesine ýetirýärler. Geliniñ ejesi "Balama näme bolýarka, özim bir baryp göreýin" diýip gyzynyň ýanyna
barýar. Gyzyndan näme üçin aglaýanyny
soraýar. Gyzy oña "Dulumyzda palta asylgy dur. Men entek ýaş gelin. Meniñ çagam bolsa, olam şu ýerlerde oýnap ulalar. Eger çagam şol ýere, palta asylgy duran ýere barsa palta hem onuñ kellesine gaçsa men nãderin'" diýip oñkidenem beter gygyryp aglaýarmyşyn. Gyzynyñ sözlerini diñländen soñ onuñ ejesi hem gyzyndan beter gygyryp
"Wah wah-eý, balajygymyñ çagajygy...
diýip aglap başlaýar. Şeýlelikde, il arasynda "Palta, gaçar etmesene" diýen jümleler döreýär. Munuň taryhy hem şeýle bolan eken!

Hazynam.app
44
157
1307
16 Mart 2024
Oninden alada ede
bega93
16 Mart 2024
@gulshat0 belki🤔🤔🤔
gulshat0
16 Mart 2024
@bega93, hakyky so derje adam bamykaray
yurek
16 Mart 2024
Hem gulkunc
yurek
16 Mart 2024
Towaa
gulshatayewa97
14 Mart 2024
1nji gzk eşidýän samsyklyk ýaly bir zat bolupdyr
bega93
14 Mart 2024
😂😂😂Paltany ayyrayaly diyseler bolmayamyka ...
gulia_maksatmyradowna
14 Mart 2024
Işigaýdan🤦‍♀️"Palta gaçar edipdirler" çyndanam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.