Imissyou
07.05.2024 19:49
Kä bir sözlermiziň göni manysy🤣 PART 3

Gözüm suw içdi


Gulak asýan


Goç oglum


Düýe guş


Gapa çyk


Gök çaý


Ýuwulmadyk Çemçe ýaly


Ýaman gowy
56
545
Imissyou
07.05.2024 00:23

Kä bir sözlermiziň göni manysy🤣


PART 2


Kör köpük

Göni manysy 2


Gözüm ýolda galdy


Taýak iýersiň


Göz boýagçy


Saman astyndan suw goýberme


Boýy derek ýaly...


Item gitdi ýüpem


Bereket gaçdy


Ot bilen oýnamak


Kör içege


Eşek ary


Dil Hat

59
630
Imissyou
06.05.2024 16:47
ДЛЯ СТРЕССА

Bu görýän dermanyňyz söýgiden ýananlar üçin, haçanda söýgüliň ikilik edende bir nahardan bir gahardan soň, günüň dowamynda 3 gezek içmeli, netijede Stresden açýar.🤣
22
218
Imissyou
05.05.2024 20:37
Kä bir sözlermiziň göni manysy🤣

Dogma talant


Itogly


Kir sabyn


Iliň gyzy


Mal doktor


Ýigidiň güli


Gulaga depdi


It burun


Çörek ursun


Dili bir gulaç


Jyn ursun


Taxsa mündim


Çüýremez baý
59
509
Imissyou
02.05.2024 20:34
Salam dostlar!
Size şeýleräk bir sowal bar, bu sowaldan soň siz hökman telefonyňyzda kalendara seretjegiňizi bilýän😁
Ýaltanman teswirde jogaplalyň dostalar!
Sen hepdäniň haýsy güni doguldyň?
25
232
Imissyou
01.05.2024 22:03
🌕🌕🌕🌕🌕🌕🌕🌕🌕
🌕🌘🌑🌒🌕🌘🌑🌒🌕
🌖🌑🌑🌑🌑🌑🌑🌑🌔
🌘🌑🌑🌑🌑🌑🌑🌑🌒
🌖🌑🌑🌑❤️🌑🌑🌑🌔
🌕🌘🌑🌑🌑🌑🌑🌒🌕
🌕🌕🌘🌑🌑🌑🌒🌕🌕
🌕🌕🌕🌘🌑🌒🌕🌕🌕
🌕🌕🌕🌕🌑🌕🌕🌕🌕
🌕🌕🌕🌕🌕🌕🌕🌕🌕

Gijäňiz rahat bolsun dostar!
Sag-aman ýatyp turuň!
20
73
Imissyou
01.05.2024 14:57
Elon Musk – Dünýäni Marsa göçürmek isleýär!

XXI asyryň iň täsin adamlaryndan biri Elon Musk, akyla gelmejek taslamalary bilen dünýäni yzygiderli haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Telekeçi ýakynda “SpaceX” tarapyndan geçirilen kiçi çärede Mars baradaky meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Marsyň Ýer ýaly ýaşap boljak planetadygyny pikir edýän Musk, bu işde ähli zerur maglumatlary paýlaşdy. Musk ýaşaýyş üçin iň gowy planeta diýip hasap edýän Marsa iň azyndan 1 million adamy ibermek isleýär.

Muskyň pikiriçe, bu derrew bolmaz we bu iş çynlakaý sabyr we zähmet talap edýär. Sebäbi Mars planetasyny ýaşaýyş üçin ýaramly ýagdaýa getirmek üçin 20 ýyldan gowrak wagt gerek. Şeýle-de bolsa, Musk adamlaryň Marsda ýaşaýyşy üçin zerur materiallaryň “Starship 3” kosmiki gämisi bilen daşaljakdygyny belledi.

“SpaceX”-iň habaryna görä, “Starship 3” ulagy öňki modeller bilen deňeşdirilende has gymmat we şol bir wagtyň özünde käbir böleklerini Marsda gaýtadan ulanyp bolýar. Şeýle-de bolsa, Elon Musk Marsa gidýänleriň köpüsiniň Ýere dolanmak islemejekdigi ýaly aşa ynamly sözleri aýtdy.

Marsa syýahat wagtyň geçmegi bilen has tygşytly bolmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, kompaniýanyň meýilnamalaryna laýyklykda bu syýahatlar iki ýyldan bir gezek geçiriler.
22
144
Imissyou
21.04.2024 18:22
Ýanymda bolsaň derdim bolarmy,
Kalbymda dursaň ömrüm solarmy,
Senden özgäni sulhym alarmy,
Aşyk-Magşugyny derde salarmy?

Sözlesem waspyň, ýetmez söwer ýar,
Synlasam görküň doýmaz gözüm ýar,
Sen bolsaň Leýli Mežnun özüm ýar,
Bagtym hem söýgim özüňsiň Läläm.

Aýdan gözel sen, aýa deňesem,
Saýlap söýenim Läläm diňe sen,
Ajaýyp duýgy berdiň maňa sen,
Bagladym Läläm ömrüm saňa men.

Aldyň akyl huşymy,
Yşga saldyň başymy,
Gurşaýyn söýgi bilen,
Läläm seniň daşyňy.
21
45
Imissyou
21.04.2024 14:23
Dostuň syryn ýaýma ile,
Başarsaň gizläp sakla sen.
Gara güýjüňe daýanma,
Daýan paýhasa, akla sen.

Oň syryn ýaýmak aşyna
Gum, awy gatan ýalydyr.
Dostuňy satmagam edil,
Watanňy satan ýalydyr.

© Atajan Annaberdiýew
28
25
Imissyou
21.04.2024 10:50
Ojaklar ýykyldy ýalan söz bilen,
Göwünler ýykyldy ýaman söz bilen.
Bir söz üçin dostlar gitdi oňuşman,
Bir söz üçin ýarlar ýitdi gowuşman.

Hawa, bir söz ýürekleri bulady,
Ýene bir söz gidenleri dolady,
Çyn söze ynanman ogly azdyrdyk,
Ýalana ynanyp gyzy ýazgardyk.

Dogan ara açdy sözüň üstünde,
Ýogsa, orny bardy gözüň üstinde,
Süýji sözläp müň beladan gutuldyk,
Ajy sözläp ähli ýerde utuldyk.

Sözdür biziň dünýämizi kül etýän,
Sözdür biziň dünýämizi gül etýän,
Süýji söze endik etsin agyzlar,
Gulaklarda orun tapsyn wagyzlar.

Dil belaly, diş galaly nakyl bar,
Ähliňizde düşünje bar akyl bar,
Geliň onda söze üns bereliň,
Bir iki üç kim başarýar göreliň.
28
52