Imissyou
01.05.2024 14:57
Elon Musk – Dünýäni Marsa göçürmek isleýär!

XXI asyryň iň täsin adamlaryndan biri Elon Musk, akyla gelmejek taslamalary bilen dünýäni yzygiderli haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Telekeçi ýakynda “SpaceX” tarapyndan geçirilen kiçi çärede Mars baradaky meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Marsyň Ýer ýaly ýaşap boljak planetadygyny pikir edýän Musk, bu işde ähli zerur maglumatlary paýlaşdy. Musk ýaşaýyş üçin iň gowy planeta diýip hasap edýän Marsa iň azyndan 1 million adamy ibermek isleýär.

Muskyň pikiriçe, bu derrew bolmaz we bu iş çynlakaý sabyr we zähmet talap edýär. Sebäbi Mars planetasyny ýaşaýyş üçin ýaramly ýagdaýa getirmek üçin 20 ýyldan gowrak wagt gerek. Şeýle-de bolsa, Musk adamlaryň Marsda ýaşaýyşy üçin zerur materiallaryň “Starship 3” kosmiki gämisi bilen daşaljakdygyny belledi.

“SpaceX”-iň habaryna görä, “Starship 3” ulagy öňki modeller bilen deňeşdirilende has gymmat we şol bir wagtyň özünde käbir böleklerini Marsda gaýtadan ulanyp bolýar. Şeýle-de bolsa, Elon Musk Marsa gidýänleriň köpüsiniň Ýere dolanmak islemejekdigi ýaly aşa ynamly sözleri aýtdy.

Marsa syýahat wagtyň geçmegi bilen has tygşytly bolmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, kompaniýanyň meýilnamalaryna laýyklykda bu syýahatlar iki ýyldan bir gezek geçiriler.
22
144
allanur_tyllayew
3 May 2024
Kiçi wagtlarym fantastiki kosmos kinolary gorup hayran galyardym indi wagtyn gecmegi bilen ahli zat hakykat bolup barya bir tarapdan begendiriji habar bir tarapdan gynancly
tttttgxsjvxshxshcs
2 May 2024
Marsda yasayys mumkindal hic hili basys uly o yerde mynjyraya adam barsa
olia
1 May 2024
@awgust, biraz bashgaca. Kop goshgylary gynansakda hakyky Magtymgulynynky dal
awgust
1 May 2024
@olia, O nähili?! Pyragy bar döwri samolýot bardymy ýa?! Biziň habarmyz ýok-la...
PILOT👮‍♂️✈🛩
1 May 2024
wagt geler dogan dogandan gecer demirler asmanda ganatlap ucar ayllar dine meý şerap içer yakyna gelende ahyr zamana.
olia
1 May 2024
@awgust, o goshgy demirler hakykatdanam asmanda ucup yoren dowri yazylan. Uytgeshik zat yokmyka diyyan.
awgust
1 May 2024
Ir döwürde adamlar Magtymguly atamyzyň "demirler ganatlap asmanda uçar" diyen setirlerini okap haýran gylyjylyk bilen oýa batan bolsalar, häzirki döwürde adamlar " kosmosda adamlar Marsa uçar" diyen sözleri okap oýa batyalar.Geljegimiz nirä barýar(
XL-19
1 May 2024
🤔
Akram_Beshimov
1 May 2024
2027-de Marsa adam uçurmalymy§
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.