Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat.
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi,
Gidýänler gelýänden has köpelýärdi,
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada.
Emma Söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyň,
Heniz gyz wagtyň.
Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan!
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...»
Sen diýerdiň: «Garrap
barýarmyň, oglan?
Äwmäň öz wagty bar,
Sabryň öz wagty!»
Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy,
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy,
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim,
Çabyrap başlanda demiňe demim,
Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty?..»
Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap,
Leb gadagan wagty – olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyň.